Türkiýede bir myhmanhana ýerleşdirilen rus we ukrain futbolçylary uruşdy.

Türkiýäniň "Royal Seginus" myhmanhanasynda Rossiýanyň "Şinnik" futbol toparynyň oýunçylary bilen Ukrainanyň "Minaý" futbol toparynyň oýunçylary uruşdy.

Rus telegram kanallarynyň aýtmagyna görä, ukrain futbolçylary rus futbolçylary bilen bir myhmanhanada ýaşajaklaryny bilip, özlerini agresiw alyp barmak arkaly urşuň ýüze çykmagyna bilkastlaýyn sebäpkär boldylar.
"Baza" telegram kanalynyň ilkibaşda ýazmagyna görä, 13-nji fewralda ukrainalylar Ýeroslawyň "Şinnik" toparynyň baştutanyndan Ukrain senasyny aýtmaklygy talap etdiler. Muňa bolsa ol, daşaryk çykyp özi bilen birme-bir ýüzleşmeklige çagyrdy. Myhmanhananyň işgärleriniň goşulmagy esasynda dawanyň öňi alyndy.
Az soňra "Baza" ýazdy, ukrainalylar ruslardan näme üçin režime garşy köçe çykmaýandyklaryny soranlarynda dawa täzeden möwç aldy. "Bazanyň" habaryndan soň "Ýurdyň syýasaty" telegram kanalyda, ukrainaly oýunçylar rus oýunçylar bilen liftde ýakalaşyp başladylar, haçanda lift Ýeroslaw oýunçylarynyň bolýan 1-nji gatyna gelende yzy köpçülikleýin urşa ýazdy. Dawa myhmanhana we polisýa işgärleriniň gatnaşmagy arkaly ýatyryldy.
Ukrain çeşmeleri wakanyň çöwri ýüzüni habar berýär. "Hepdäniň aýnasynyň" habaryna görä, uruş ukrain türgenleri serhoş halda myhmanhananyň işgärine azgyran rus oýunçysyna duýduryş bermekleri esasynda başlandy.
"Mash" telegram kanalynyň ýazmagyna görä, dawada dört rus futbolçysy şikes aldy. "Komersant" oýunçylary lukmanyň gözden geçirenini tassyklaýar. Gözden geçirmede, dodak çapylma, aýak barmagynyň döwülmegi we gapyrga döwüginiň bolmagynyň ahmaldygy hasaba alyndy. Ukrain oýunçylarynyň şikes alandyklary barada habar ýok.
Hukuk goraýjy edaraň işgärleri myhmanhanada täze urşuň bolmazlygy üçin nobatçylyk etdiler. TASS-yň habaryna görä oýunçylar polisiýa arza ýazmakdan ýüz öwürdiler. Ýakyn wagtyň içinde oýunçylar başga-başga myhmanhanalara göçerler.
"RIA Nowostiniň" habaryna görä, Ýeroslaw topary myhmanhanadan Ukrain toparlary bilen bile ýerleşdirmezligi haýyş edipdir, emma 6-njy fewralda bolup geçen ýer titremesi sebäpli türk myhmanhanalarynda ýeriň ýeterlik däldigini "Ýurdyň syýasaty" aýdýar.
5 лайков 122 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
15 фев 2023, 12:53
Bilgeşleÿin orslary urmak üçin türkler bilen ukrainler dilleşendir, ÿer titremede bahana bolupdyr. Türkler ÿurtlaryna ugratmaly ekenlerdä futbol nämä gerek başagaÿlykda.
Kerbaba
15 фев 2023, 13:24
Bayker,Томаша этмане бир зат герекда.