GUM PERDE

GUM PERDE
Eje, diňe aramyzda zemin bar,
Yogsa, bir-birekden daş däl biz beýle.
Şol perzendiň Eziz diri — men heniz,
Bir özüm asmana gaýdamda seýle
Öz seçen yyldyzmyň üstüne çykyp,
Synladym dünýäniň suratyn çekip.
Çarşak bilen deşlip, pyssaran pökgä
Çalym edýän şara agyrdy nebsim,
Oňa kömek berip bilmeýänime,
Gazaply agladym — ýüzme köz degsin.
Şonda maňa uly göwünlik berdi
Bu zemini goran asmanyň yşgy,
Hem yza barýarkam myhman aldy ol,

Bir gelen myhmany goýbermez köşgi
Bu zeminiň. Seň Eziziň bar entäk,
Ol diňe azaşdy asmanda entäp.
Onsoň geler wagty gelip bilmedim.
Bilmedim haýsy ýol eltjekdi öýme.
A sen suratymy sypaplar aglaň,
Göz ýaşlarňy gujakladyp gara öýmä.
Sen meni eşdeňok, göreňok asla,
A men bolsa görýän, eşdýän sesiňi.
Nämüçinkä? Ýa-da ýer bilen asman
Üzdülermi alysdaky sepini?
Bilmen.Ýöne derdiň asmany ezýär,
Her säher şol köşkde gygyrsa Azan.


Men diri — diýýan sesimi saklaýar,
Jan eje, bir perde — çyg gumly mazar.
Men ölmedim eje, ýaşaýan ýerde,
Diňe maňa böwet bolýar gum perde.
Başa barmadyk wesýet
Öz ilimden gum getiriň,
suw getiriň,
gül getiriň!
Gumdan tumar ýasap boýnumdan
asjak,
Suwy şu ýat ýurduň uly howzuna,
Bir damja damdyrjak, aby-zemzem deý
Goý öwrülsin suwlar meň öz suwuma.


Ruhum öwrülýänçä arzuw guwuna,
Gandyrmaz suwumdan ganmaýyn içip.
Her owurtda ruhum ýurduma uçup,
Küren obalarmyň süýji tüssesin,
Sähramyň owadan ajy gussasyn,
Sorap enelermi, sorap hassasyn
Öz ilimiň, öz güllermiň dessesin
Ýygyp, synlap, gam çekip gelsin
göwnüm,
Derdime dert bersin, ol mertlik bilen,
Şol owurdy aňsat geçiren düwnüm.
Ruhum öwrülen soň arzuw guwuna,
Jesedimi ýuwuň meň öz suwuma,
Boýnumdaky tumaryň bagyny söküp,
Gumum sepiň mazarymyň gumuna.


Baş daşyma adymy däl, ýurdumy
Ýazyň,
Gum içinde dyzlam epmesin.
Hem goýuň başyma özge gülden däl,
Öz ilimden gelen güller dessesin.
Taňrym, meni jennetde ýa dowzahda
Goýma, parhy näme nirde ýatanym.
Halas et ýurdumy mensiz goýmakdan,
Jennetimdir meniň eziz Watanym.
Öz ilimden gum getiriň,
Suw getiriň,
Gül getiriň,
Meni jennetden öňürti,
Beýik Watanma ýetiriň!


Eziz Amannazarow.
8 лайков 221 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
16 фев 2023, 08:07
Aýyplaşmaň, hakykaty gözledim,
Ýalan, ýalan ,
Ýadadym ýalanlardan,
Ol ýalan, bu ýanan,
Dowzaha zat galmady,
Durmuşdan ýananlardan.

Sen çilim däl, gussa çekýäň,
Şemal çekýär tüssäni.
Jennet gözläp sorap barmaz,
Agyr ýatan hassany.
Ol ygyp ýören çaga kim,
Kimkä onuň hossary.
Ýer horlandy halys dertden,
Derde goýup asmany.
Ýalan däl, doruçul ýazjak,
Diýseň eger dessany,
Otdan lagymlardan ýaňa,
Ne çykar galamlardan.

Ýalanlary dogrulajak,
Ýananlara ýanjak bolsaň,
Ýa-da hakykaty tapman,
Ýalan bilen oňjak bolsaň,
Aýak bilen gyzylda-da,
Durman gabra eňjek bolsaň,
Ýagşylyga "sag bol" diýip
Baryn ýere gömjek bolsa,
Goý, munda çyna ýanaly,
Aldanmaly ýalanlara,
Belki, onda dowzah ýokdur
Hakykata ýananlara.

Eziz AMANNAZAROW
Milana
16 фев 2023, 15:05
Karkara, Menzil nikdäkiler öňki Linedäki zenanlarmyka, bilesim geldi?
Karkara
Автор 16 фев 2023, 15:12
Milana
Karkara, Menzil nikdäkiler öňki Linedäki zenanlarmyka, bilesim geldi?

Ýok, olar däldir:)
picasso
26 фев 2023, 11:08
{password}