GOŞUNDYLY TAÝYN NAHARLAR WE IÇILÝÄN ZATLAR
Dükanlardaky ähli uzak ömürli önümler, saglygy, aýratyn hem çagalaryň
saglygyny howp astyna alýar. («GMO» bölümine serediň!) Şu azyklar
metabolizmä, immunitet ulgamyna we genetika çynlakaý görnüşde täsir eder.
Aşgazan iýmiti siňdirip bilmänligi üçin ýygnanma we damar dykylmalaryna
sebäp bolar. Witamin we belok önümçiligini, suw gurluşyny, bedeniň suw
normasyny we suw düzümini bozup, garramagy çaltlandyrar, allergiýalara we
dürli kesellere sebäp bolar.
Şu faktorlary göz öňünde tutup, şeýle netijä gelip bolar: ýagny, 1012
ýaşlaryndaky çagalaryň köpüsi indi, şu azyklaryň immunitet ulgamynda,
beýnide we jynsy organlarynda döreden zyýanlary netijesinde, eýýämden kiçi
ýaşly garry ýalydyr.
Dünýäniň azyk senagatynda, müňlerçe hili we milýonlarça tonna goşundy
maddasy ulanylýandyr. Taýyn azyk ulanmakda päsgelçilik görmeýän biri her
gün takmynan 2000 dürli emeli goşundy maddasyny tükedýändir: Süýjidiji,
tagam beriji, goýulyk goraýjy, goýulyk artdyryjy, reňklendiriji, reňk goraýjy,
agardyjy, bozulmanyň öňüni alyjy, çyg saklaýjy, boýag, aromat (ys) we ş.m...
Iýmit senagaty, ulanylýan goşundy maddalaryny gaplamanyň (gaplarynyň)
üstünde ýazyp görkezmäge mejburdyr. Ýöne şu mejburlyk, öndürijiniň diňe öz
goşan maddalaryna degişlidir. Meselem, bir çörek bişirýän öndürýän bir
önüminde suw, maýa, duz, ýag, ýumurtga we şeker ýaly ulanýan zatlaryny
görkezmäge mejburdyr, ýöne bularyň düzümindäki goşundy maddalaryny
görkezmäge mejbur däldir. Şeýle hem, goşundy maddalarynyň öndüriliş
metodyny hem görkezmäge mejbur däldir. Dolulygyna goşundy
maddalarynden dörän şeker, sakgyç ýaly 10 cm2
dan kiçi, gaplamaly önümleri
öndürýänler hem goşundy maddalaryny görkezmäge mejbur däldir. Zeýtun, et,
peýnir, çörek, priprawa, kösükliler, galla, gury iýmiş, täze miwe we gök önüm
ýaly açyk satylýan iýmitlerde, naharhana ýada kafelerdäki önümlerde hem
goşundy maddalaryny görkezmek mejburlygy ýokdur.
Mysal hökmünde iň giňişleýin ulanylýan ýönekeý bir sakgyjyň
içindäkilere seredeliň:
1. Sakgyç maýasy: Sakgyjyň esasy maddasydyr. Daşyndaky gaplamada
görkezilmedik, sakgyç maýasynyň içindäkiler şulardyr: Kawçik (plasmas),
mum, antioksidant, elastomer, smola, wenil polimer, parafin we goşundy
maddalary (goşundy maddalarynyň sany we görnüşi görkezilen däldir).
2. Süýjidijiler (7 sany): Tebigy däldigi üçin bularyň hemmesi iýmit siňdirişi
bozýar, allergiýalara ýol açýar, bedeni süýji kesele taýynlaýar. Şeýlede her
biriniň aýratyn zyýanlary hem bardyr. («Iň giňişleýin ulanylýan goşundy
maddalary» bölüminde Aspartama serediň!)
3. Tebiga meňzeş aromatlar (3 sany): RekombinantDNK we nanotehnologiýa usuly bilen öndürilenler bedenruh deňligine we gormonal
deňlige täsir edýärler. («Aromatlar» we «Akyl Barlagy» bölümine serediň!)
4. Gliserol (Nem saklaýjy): Uly ähtimallyk bilen doňuz önümidir. Gassaphana
zyňyndylaryndan hem alnyp bilner.
5. Lesitin (Emulgator): Uly ähtimallyk bilen doňuz önümidir. Eger ösümlik
bolanda «soýa lesitin» diýip ýazardylar. Ýöne şu hem genetikasy üýtgedilen
soýadan alynýar.
6. Ýalpyldadyjylar (2 sany): Biri, «şellakdyr», genetikasy üýtgedilen bir
görnüş bitden alynýandyr. Allergiýalara we garaşylmadyk goşmaça täsirlere
ýol açyp biler. Beýlekisi «karnauba mumydyr». Aslynda kagyzçylyk we
mebelçilik ýaly senagatlarda ulanylýan sintetiki bir mumdyr. Bularyň ikiside
birnäçe ülkede gadagan edilendir .
7. Titanyň ikili okisi, E 171: Reňklendiriji we çyg saklaýjydyr. Iň howply
maddalardan biri bolan titanyň ikili okisi üçin «Iň giňişleýin ulanylýan
goşundy maddalary» we «Akyl barlagy» bölümine serediň!
Görşüňiz ýaly 2,5 gramlyk kiçijik sakgyçda iň az 34 sany goşundy maddasy
bar. Iň az diýýäris, çünki her bir goşundy maddasynyň 27 sany özüni goraýjy,
reňklendiriji, çyg saklaýjy goşundylary bardyr. Sakgyjyň üstünde «laksatiw
täsir (iç geçme) edip biler» we «Sakgyçdyr, ýuwutmaň» duýduryşlary bardyr.
Çagalaryň şu duýduryşa düşünmegine garaşyp bolmaz we kiçi çagalaryň
hemmesi sakgyjy ýuwdar!
Goşundy maddalaryň tarapdarlary: «Goşundy maddalarynyň içinde
zyýansyz, hatda peýdaly bolanlary bardyr»diýip bilerler. Mundan birnäçe ýyl
ozal bolsa, bu dogry bolup bilerdi. Ýöne bu gün goşundy maddalary tapawutly
serişdelerden, tapawutly tehnologiýa we usullar bilen alynýar. Öndüriş
metodlarynyň, düzüminiň we çeşmeleriniň, ynamdar, howply ýada şübheli
bolup bolmadygynyň kesgitlenmegi düýbünden mümkin däldir.
Mysal üçin, Karoten (E 160) Tebigy A witaminiň çeşmesidir we tebigy
ösümlik pigmentlerinden, betanin (E 162) bolsa, gyzyl şugundyrdan alnyp
bilner. 40 ýyl ozal tebigy ösümliklerden alnan şu goşundy maddalarynyň
öndüriliş şekili üýtgändigine garamazdan, henizem «ynamdar» synpynda
ýerleşmegini dowam etdirýändir.
Şu goşundy maddalary, indi rekombinanatDNK usuly bilen alynýandyr we
«howply» hala gelendir.
Önüm gaplamaly ýada gaplamasyz bolsun, gaplamanyň üstünde içindäkiler
görkezilsin ýada görkezilmesin, önümde ulanylýan goşundy maddalarynyň
hakyky sanlaryny we çeşmelerini kesgitlemek mümkin däldir.
Her önümde ulanylýan onlarça dürli goşundy maddasynyň käbirleri ýeke özi
zyýanly bolmasade, bilelikde zyýanly bolup biler ýada birbiriniň zyýanyny artdyryp biler (sinergizm täsirleşmesi), ýada bedendäki her dürli madda, alnan
dermanlar, iýmitler we ammarlarda ýygnananlar bilen howply düzümler
döredip bilerler. Ýöne iň ýygy ulanylýan goşundy maddalarynyň bir özide
örän zyýanlydyr.
Iň giňişleýin ulanylýan goşundy maddalary
Aspartam, E951
Aspartam iň giňişleýin ulanylýan, şekerden 180200 esse has süýji bir
sintetiki süýjidijidir. RekombinantDNK usuly bilen alynýar. Şokolad, sakgyç,
et önümleri, ketçup, soslar, gazly suwlar, şekerlemeler, dermanlar, berhiz üçin
iýlipiçilýän önümlerde we kafelerde (doňdurmahanalarda) şeker ýerine
ulanylýar. Azyk sektorynda üýtgeşik atlar bilen, ýöne iň köp Aspartam,
Fenilalanin ýada Surel diýip atlandyrylýar we etiketkelerde şu görnüşde ýer
alýar. Köplenç saharin ýada siklamat bilen hem garyşdyrylyp ulanylýar. Şu
garyşymlara Alfasfit, Aspamiks, Aspaswit, Switli, Aspartin, Ewroswit we şuňa
meňzeş atlar berilýär. Aspartamy içinde saklaýan süýjidijiler etiketkada diňe
«süýjidiji» hökmünde hem görkezilip bilner. Aspartamyň 60 %ni fenilalanin
döredýär.
Fenilalanin ähli biýohimiki döwürlerde we belok önümçiliginde ulanylýan iň
möhüm aminokislotalardan biridir. Adam bedeni her gün belok bilen alynan
fenilalanine mätäçlik duýar. Sintetiki fenilalanin gurluşy hökmünde tebiga görä
has köp aktiw bolandygy sebäpli tebigy fenilalanin ýerine geçýär, onuň ähli
funksiýalaryny öz üstüne alar. Şeýlelikde, taýyn önümler bilen sintetiki
fenilalanin meýdanlar ruhy we fiziki taýdan oňa garaşly hala gelýär.
Ruhy garaşlylyk: Fenilalanin bedende tirozin aminokislotasyna öwrülýär.
Tirozinden bolsa, ruh halyny we agyry duýgularyny dolandyrýan dopamin we
noradrenalin öndürilýär. Bu bolsa, sintetiki fenilananin ulanýan kişide ruhy
garaşlylyga sebäp bolýar. Şeýlede fenilalaninden jynsy gyjynmalary
dolandyrýan feniletilamin meýdana gelýär (ýüze çykýar) we aşyk bolma
duýgusyny öjükdirýär. Fenilalaninden öndürilen gormonlar pikirlenme
möhletinde täsirli rol oýnaýanlygy üçin ýatkeşlik, öwrenme we düşünme
kuwwaty hem gösgöni täsir alýar. Şu sebäpli aspartama garaşly adamlar
şokolad iýmezden ýada aspartamly bir içgi içmezden akyla degişli iş amala
aşyryp bilmezler.
Fiziki garaşlylyk: Aspartamda bar bolan sintetiki fenilalanin täsirli görnüşde
metabolizma (bedende madda alyşçalyşygyna) goşulýar. Öt haltasy, bagyr,
galkan görnüşli mäz we böwrek üsti mäziň gormon önümçiligine goşulýar. Iň
möhüm galkan şekilli mäz garmonlaryndan bolan tiroksin bilen öt haltasy
garmony bolan insulin fenilalanin arkaly öndürilýär we metabolizma
zyňyndylaryň böwrek we bagyr arkaly zyňylmagyny fenilalanin arkaly üpjün edilýär. Gysgaça aýdylanda fenilalanin bedeniň iň möhüm funksiýalarynyň
ählisine gözegçilik edýär we şeýlelikde sintetiki fenilalanin ulanýan kişi
oňa dolulygyna garaşly hala gelýär. Bedende sintetiki fenilalanin öwrülişik
aýlanyşygy bozulanda (immunitet ulgamy dolulygyna çökýänçä dowamly
görnüşde bozular) bedeniň ähli dokumalarynda, aýratyn hem beýni we jynsy
organlarynyň dokumalarynda şu maddanyň özi we zäherli zyňyndylary
ýygnanar. Ýygnanma ýerlerindäki dokumalaryň öýjükleri we sintetiki
fenilalaniniň gatnaşýan ähli döwürleri weýran bolar. Şol wagt, hroniki sintetiki
fenilalaniň zäherlenmeginiň alamatlary ýüze çykar: dowamly ýadawlyk,
tapdan düşmek, huşuňy ýitirmek, myşsa agyrylary, gabaklarda,
dodaklarda, ellerde we aýaklarda çişme, bogun agyrylary, ýürek bulanma,
galpyldy, ynjalyksyzlyk, semizlik, kelle agyrysy, baş aýlanmagy,
birahatlyk, depresiýa, galkan şekilli mäz we newrologiki birahatlyklar,
ýatkeşligiň azalmagy, spazm, epileptiki güýjemeler, beýnide kemçilikler,
jynsy organlarynda meseleler, eşitme ukybynyň peselmegi ýada
azalmagy, agyr bagyr we böwrek patalogiýalary. Aspartamyň beýnide çiş,
skleroz, epilepsiýa, parkinson, alsgeýmer, akyla degişli yza galma we
diabete sebäp bolandygy kesgitlenendir. Sintetiki fenilalanin sperm we
ýumurtgalary zäherlär we mutasiýa uçradar. Aspartam göwrelilikde gös-
göni düwünçegiň kemala gelişine täsir eder, ulanylýan mukdaryň has az
bolmagy ýada uzak wagt ozal ulanylýan bolmagynyň parhy ýokdur.
Aspartamy gadagan eden ýada ulanylyşyna çäk goýan ülkelerde, gysyrlyk,
dogurma kemçilikleri, ösüp barýan çagalarda akyla degişli we ruhy meseleleriň
gatnaşygy tizlik bilen azalýandyr, Türkiýede bolsa, şol bir tizlik bilen
artýandyr.
Azyklarda, haýwan iýmlerinde ýada bejergi maksady bilen dünýäde her ýyl
2 milýon tonnadan köp öndürilen sintetiki aminokislotalarda iň uly orun
fenilalanin we glutamik kislotasyna degişlidir.
Natriý nitrit (E250): NitratNitritler içinde Türkiýede iň köp ulanylýan
goşundy maddasydyr. Ähli işlenen et önümlerinde (sosiska, salam, kakadylan
et, kolbasa) hem goraýjy, hem reňklendiriji, hemde lezzet artdyryjy görnüşde
ulanylýar. Et önümleri bilen alnan natriý nitrit, bedende kanserogen bir
madda bolan nitrosamine öwrüler. Nitrosaminler, myşsa zeperine, mutasiýa
we rak keseline sebäp bolar. (Içege rak keseli, bagyr rak keseli, öt haltasy rak
keseli, beýni rak keseli, leýkemiýa we ş.m.). Natriý nitritli önümler, baş
aýlanmagyna, kelle agyrysyna, dem alma kynlaşmasyna hem sebäp bolup
biler. Nitrit we nitratlar gemoglobine (ganyň düzümine) täsir edip,
dokumalaryň kislorod almagyna we iýmitlenmegine böwet bolar. Süňk
ýiligi ýetmezçiligine we güýçli anemiýalara sebäp bolup bilýändir. Natriý sülfat (E 221). Türkiýede iň köp ugurda we iň köp ulanylýan
sülfitleýjidir. Azyk maddalarynda we dermanlarda reňk we goýulyk goraýjy,
bozulmanyň öňüni alyjy we agardyjy hökmünde ulanylýar. Fermentasiýa
içgilerde, içdäaçar souslarynda, piwo we şerap ýaly içgilerde bardyr.
Şekerleme, peýnir, sakgyç, buz gaýmak, köke, çaý, warenýe, jele, konserwa,
tagam, miwe suwy, gury miwe, gury gök önüm, paketli deňiz önümi, taýyn
çorba, salam, sosiska, kolbasa, guradylan et, doňdurylan ýer alma we balyk
önümlerinde ulanylýar.
Pamukgala uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň geçiren ylmy
barlaglarynda, natriý sülfitiň iýmit we derman arkaly alynmagynyň, öwrenme
we ýatkeşlik ýaly beýni funksiýalarynyň bozulmagyna sebäp bolýandygy we
bozulmanyň wagtyň geçmegi bilen has ýokary derejelere ýetýänligi
kesgitlendi.
Sülfitler göwüsde dykylma, garyn agyrysy, iteşen, iç geçme, gan
basyşynyň düşmegi, beýnide gyzmak duýgusy, ysgynsyzlyk we ýürek çalt
urmasyna sebäp bolýar. Şeýlede sülfitler, demgysma hassalarynda astma
hüjümlerini öjükdirýär.
Natriý nitrit (E250) we natriý sülfitiň zyýany iň köp ýatgynyň
düwünçeginde, bäbek we çagalarda görülýändir.
Formaldegit: Her görnüşdäki önümiň zaýalanmagynyň öňüni alar. Suwag,
diwar kagyzy (oboý), tekstil, kowrolin, boýag, ýagly boýag, rezin, mebel, her
dürli ýuwujy serişde we bedeni ideg etme önümlerinde (adamyň ulanýan boýag
maddalarynda) ulanylyşy ýaly, et, balyk, kolbasa, ýag, galla, haýwan iými,
tohumlyk we ähli sanjymlarda ulanylýar.
Formaldegitiň iň giňişleýin ulanylýan pudaklary, preslenen tagtadan ýasalan
pollar, şkaflar, diwar örtgileri, mebeller, otag spreýleri, dokama matalar,
ýuwujy serişdeler, pola çalynýan laklar, diwar kagyzlary, halylar we
boýaglardyr. Öýüň gyzgynlygy we çygy nähili ýokary, öýüň zatlary nähili täze
bolsa, howa garyşýan Formaldegit mukdary şonçada köpdür.
Aromat we emulgator görnüşi ähli goşundy maddalaryna bozulmanyň öňüni
alyjy hökmünde goşulýar. Şeýlede kömelek kesellerinde (gijilewükde) we
lukmançylyk barlaghanalarda sterilizasiýa ediji we goraýjy suwuklyk
hökmünde ulanylýar.
50 ýyl bäri köp görnüşde ulanylýan Formaldegit, güýçli mutagen we
alergenleriň arasyndadyr we çiş, hroniki rinit, bronhiýal astma, allergiýaly
gastrit, kolit we öte duýgurlyga sebäp bolup biler. Öte duýgurlyk bolsa, bir
soňraky Formaldegit täsirleşmesinde has güýçli bir reaksiýa ýol açyp biler.
Azyk, kosmetika, öý goşlary, çilim tüssesi, maşyn tüssesi we gurluşyk
serişdesinden gösgöni bedene girýän ýada howa garyşan formaldegit aşgazan suwy bilen reaksiýa girende kanserogen madda döredip burunda, öýkende,
beýnide rak keseline we leýkemiýa ýol açyp biler.
Titanyň ikili okisi (TiO2) (E171). Dünýäde iň giňişleýin ulanylýan
mineraldyr we nanotehnologiýanyň 3 esasy maddasyndan biridir. Tebigy
mineral bolan titanyň ikili okisi, nanotehnologiki usul bilen atom gurluşy
üýtgedilip, örän aktiw bir nanobölejik formasyna getirildi (täzeden guruldy).
Yşygyň (foton) titanyň ikili okisi nanobölejikleriniň üstüne düşmegi bilen
organiki madda himiki reaksiýa netijesinde parçalanmaga başlaýar. Şu emeli
ýagdaý ösümliklerde bolup geçýän fotosinteze meňzeýär.
Fotosintez, ösümlikleriň Gün yşygynyň täsiri bilen kömürturşy gazy we
suwdan, organiki madda, ýagny iýmit öndürmegidir. Ýöne titanyň ikili okisi
fotosintezden tapawutly görnüşde doly tersini amala aşyrar, ýagny organiki
maddalary parçalap, kömürturşy gazyna we suwa bölüşdirýär. Munuň manysy
şudur: Titanyň ikili okisi nanobölejikler islendik organiki madda ýada janly
dokuma galtaşanda parçalanmagyna sebäp bolýan himiki reaksiýany başladyp
bilýän gorkunç bir ukypdyr.
Häzirki döwürde titanyň ikili okisi şekerleme, mürepbe, sakgyç, pudra şekeri,
şeker, gury süýt, peýnir, gant, duz, karbonat, süýtli içgiler, peýnir, peýnir suwy,
margarin, un, hamyr, towuk, balyk, deňiz önümleri, soýa önümleri ýaly azyk
maddalarynda, lukmançylyk dermanlarynda, bedene ideg etme önümleri,
sabyn, ýuwujy serişde we her dürli kosmetika, krem, diş pastasy, diş agardyjy
ýaly tämizlik önümlerinde, agardyjy, çyg saklaýjy ýada bozulmanyň öňüni
alyjy hökmünde ulanylýar.
Aýratyn hem kirli howany arassalama, bent, derýa we köllerden agyz suwy
öndürmek maksady bilen howa we suwa titanyň ikili okisi nanobölejikleri
serpilýär. Özözüni arassalaýan aýnalar, örtgi serişdeleri, diwar boýaglary,
şarf, mata we eşikler titanyň ikili okisi nanobölejikleri bilen öndürilýär.
Agyz, deri we dem alyş arkaly bedene giren nanobölejikleriň, organizmi hiç
hili terk etmeýändigi, myşsalarda çökündi görnüşinde ýygnanýandygy,
öýkenlere ullakan zeper ýetirýänligi kesgitlenildi. Şeýle hem nanobölejikler
ýerleşýän gurşawyndaky janly öýjügiň gurluşyna siňmek ukybyna eýedir we
munuň netijesinde ähli öýjüklerde, aýratyn hem beýni öýjüklerinde zeper
döredýär we genleri mutasiýa uçradar.
Kosmetikalar we gündelik kremlerde uly möçberde ulanylan we deri
tarapyndan çalt sorup alnan titanyň ikili okisi we sinkoksid nanobölejikler
yşyga garşy duýgurdyr, erkin radikallar öndürer we Gün yşygyna sezewar
bolanda, deri öýjüklerinde DNK zeperine ýol açýar, deride bir ýara bar bolsa,
deri arkaly gan dolanşygyna garyşýar. Bir gezek gan dolanşygyna giren
nanobölejikler ähli bedende aýlanyp biler. Beýni, ýürek, bagyr, böwrek, dalak, süňk ýiligi we nerw ulgamyda dahylly bolmak bilen organlara we dokumalara
siňip biler.
Nanobölejikler öýjük içine girip biler, mitohondriýa we öýjük ýadrosy
tarapyndan içeri alnyp bilner. Mitohondriýada ullakan gurluşlaýyn zepere,
şeýlelikde, energiýa we belok önümçiliginiň bozulmagyna, DNK mutasiýa
we öýjügiň ölmegine sebäp bolup biler.
Nanobölejikleriň iň köp ýaýrama meýdany bagyr hökmünde görülýär, dalak
ony yzarlaýar. Bagyr kesellerinde zyýansyz del madda ýygnanmagynyňda
bagyr funksiýalaryny peseldýändigi we bagyra zyýan berýändigi bilinýär.
Syçanlara berlen uglerod nanobalonlaryň böwrek öýjükleriniň ölmegine we
täze öýjükleriň döremegine päsgel berýändigi görüldi. Aslynda bu gün ähli
suw arassalama ulgamlarynda uglerod nanobalonlar ulanylýandyr we suw
bilen birlikde adam bedenine siňýändir.
Azyk senagatynda ulanylýan reňklendirijileriň goşmaça täsirleri hakynda
birnäçe ylmy barlag edilendir. Ylmy barlaglarda şu goşundy maddalarynyň
genozäherli täsirlere, gormonlaryň bozulmagyna, hereket bozuklyklaryna we
newrologiki birahatlyklara ýol açýanlygy subut edilendir.
TiO2, dünýä boýunça jemi reňklendiriji madda önümçiliginiň bir özi 70 %ini
düzýändir, şeýlede dürli sebäpler bilen ähli reňklendirijilerdede ulanylýandyr.
Umuman reňklendiriji madda ulanmaklyk has hem artýandyr. Bu gün her bir
adamyň diňe agyz suwy we azyklardan günde ortaça 300 gr titanyň ikili okisini
tükedýändigi pikir edilýär.
Nanomateriýallar senagat zyňyndylary we öý zyňyndylary arkaly daş-
töwerege garyşan wagty toprak we suw mikroflorasyny bozýar. Şu hem iýmit
zynjyrynda özgerişliklere sebäp bolýar.
Ylmy barlaglaryň netijelerine görä, TiO2 nanobölejikleri spermalarda
hereketlilik we köplügi azaldýar, ömri gysgaldýar, ýokary derejede
anomaliýalara we testesteron derejesiniň peselmegine sebäp bolýar.
Gistopatalogiki bulgurlarda TiO2niň sperm gabynda epltelium
galyňlaşmagy we erkeklik mäzlerindäki gan damarlarynda warikoza
(damarlaryň düwülip gögermegi) sebäp bolýandygy görüldi. Munuň ýany bilen
dokumalary tutýanlygy üçin semremäge päsgel berýändigi kesgitlenendir.
Ähli ylmy barlaglaryň netijelerine seretmezden, adam organizmine giren
nanobölejikleriň himiki we ruhy taýdan sebäp bolup biljek özgerişlikleriniň
ululygy we wehimlidigi (gorkulydygy) hakynda güman hem edilmeýär.
Iň köp ulanylýan nanomaterial häsiýetine eýe bolan TiO2 soňky
wagtlarda oba hojalygynda hem ulanylmaga başlandy. Ýokarda beýan
edilen önümlerden uzak durup, titanyň ikili okisiniň zyýanlaryndan
goranmak mümkin bolup biler. Ýöne titanyň ikili okisiniň oba hojalygynda ulanylmagy goranmagy mümkin däl ýagdaýa getirýändir.
E173 Alýuminiý gidroksit: Sanjymlarda goraýjy, derman we
şekerlemelerde reňklendiriji (kümüş reňki) we çyg saklaýjy hökmünde
ulanylýar. Karbonat, şeker, duz ýaly her hili toz görnüşli önüme goşulyp bilýän
alýuminiý gidroksit zäherli ýada alergen bolan her bir madda garşy (goşundy
maddalary bilen) öte duýgurlyga sebäp bolup biler.
Alýuminiý gidroksit beýni dokumalarynda ýygnanar, akyl
yzagalaklygyna, öwrenme kynçylygyna ýol açar. Çagada ysmaz keseli,
myşsa eremegi we allergiýany öjükdirýär. Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda
gadagan edilmegine seretmezden, Türkiýede diňe sanjym, derman we
şekerlenmelere däl, nahar duzuna hem goşulyp, bäbeklerde dahylly
hemmelere iýdirilýär.
Azyklarda goşundy maddanyň ulanylmagy ýykyjy keselleriň ýüze
çykmagyna sebäp bolandyr. Bularyň käbirleri şulardyr: Iýmit siňdiriş
ulgamynyň bozulmagy, hroniki zäherli gepatit, böwrek we böwrek üsti mäz
keselleri, jyns organlarynda bozulmalar, gysyrlyk (önelgesizlik),
endometriozis, waginismus, kistalar, rak, süýji kesel, galkan şekilli mäz
birahatlyklary, tutgaý, giperaktiwlik, özüňi alyp barma bozulmasy, otizm, baş
aýlanmagy, kelle agyrysy, depresiýa, alsgeýmer, parkinson, MS, pes gan
basyşy, ýokary gan basyşy, titreme, allergiýaly gijilewükler, egzema, astma we
öte duýgurlyk. («Waginismus» bölümine serediň!).
Goşundy maddalar hakynda köp ülkede geçirilen ylmybarlaglaryň netijeleri
elhençdir. Ýöne şu gorkuzyjy hakykata seretmezden, öndüriji firmalaryň we
puly elinde tutanlaryň garşysynda, sesini gataltjak, teswirlejek ýada şu işe
garşy seslenme başlatjak bir jemgyýet ýada birleşik döräp bilen däldir.
(«GMO» bölümine serediň!).

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.