ÝUWUJY SERIŞDELER. HIMIKI MADDALAR. KOSMETIKALAR WE BEDENE IDEG ETME ÖNÜMLERI

Ýer ýüzündäki ähli janlylar ýagny adamlar, haýwanlar we ösümlikler howa,
suwa we topraga zyňyndy galdyrýarlar. Şu zyňyndylary peýdaly halata
getirmek üçin ajaýyp bir Ekologiki ulgam ýaradylandyr. Ekologiki ulgam bir
deňagramlylyk ulgamydyr we wezipesi, öz içinde dürli­dürlüligi dowam
etdirmek we her bir görnüşiň neslini goramakdyr. Dünýä tutuşlygyna bir eko
ulgamdyr. Munuň bilen bilelikde bir materik, şu materikdäki bir zolak, şu
zolakdaky bir oba, bir atyz, bir öý ýa­da bir janly organizm hem bir ekologiki
ulgamdyr.
Eko ulgamyň içinde ösümlik görnüşleri öndüriji, haýwanlar we adamlar
bolsa, umumy görnüşde tükedijidir. Mikroorganizmler bolsa, ekoulgamdaky ösümlik, adam we haýwanlaryň zyňyndylaryny bölekläp, öndüriji ösümlikleriň
bulary gaýtadan ulanmagyny üpjün eder. Mikroorganizmler Ýer ýüzüne, howa
we suwa taşlanan zyňyndylary tämizlär, topragyň hasyllylygyny üpjün eder.
Elýuwar we tuwaletlerde duz we organiki kirleriň döremeginiň öňüni alar.
Içegelerimizde witamin, ferment we belok öndürer. Deri, saç, gyl, dyrnak we
agyz ýaly dokumalaryň saglygyny gorar.
Ekologiki deňagramlylygy üpjün edýän her bir mikroorganizmiň wezipesi
şeýle bir tapawutly, anyk we inçedir welin, adamlar bulary hijem başaryp
bilmez. Mikroorganizmler birden ýok bolsa, ähli Ýer ýüzi galyň zir­zibil
gatlagy bilen örtüler. Dünýädäki janlylyk käbir bilim adamlaryna görä 1,5
sagat, käbirlerine görä bolsa, has gysga wagtda tamamlanardy.
Biýologlar: «Perişdeler belki­de mikroplardyr»­diýýändirler.
Ýöne antimikrobiýal dermanlar, dizinfeksiýalar, beden ideg etme önümleri,
tämizlik maddalary we oba hojalyk dermanlary bilen mikroorganizmler
akylsyzlyk we rehimsizlik bilen ýok edilýär. Çünki, şu himikatlar diňe
mikroplara däl, adamlara hem zyýan berýär. Duz kislotasy, kir suwy, agardyjy,
gap­gaç ýuwujy serişde, ýag aýyryjy, elýuwar (tuwalet) agardyjy, kir ýuwujy
serişde, tegmil aýyrýan we şoňa meňzeş organiki galyndy we mikroplary nähili
derrew eredip ýok edýän bolsa, öýken we beýni öýjüklerine hem täsir edýär.
Dem alyş arkaly alnan ýuwujy serişdeler beýni damarlaryny, öýkenlerdäki
bronhlary we alweollary eredýär, tozdyrýar we çişirýär. Gan dolanyşygyna
garyşyp damarlarda deformasiýa, gan önümçiliginde we gan aýlanşygynda
bozulmalara, MS we alzaýmer ýaly newrologiki kesellere, öýken, bagyr we
böwrek kesellerine ýol açýar.
Ýuwujy serişde, kosmetika we beden ideg etme önümlerini ulanýanlar
gowşak, gowuşgynsyz (ysgynsyz), depresiýaly we bagtsyzdyr. Gormon
deňagramlylygy bozulan, ýatkeşligi peselen, huşy çaşandyr, sagdyn pikirlenip
bilmezler, ýüzleri toprak reňkidir, dyrnaklary çal ýa­da melewşedir, saç
düşmegi we tüýlenme meseleleri bardyr. Şularyň hemmesi, Allanyň
hyzmatymyza beren, diňe wezipesini ýerine ýetirmäge synanyşýan mikroplary,
wezipesiniň başynda öldürmegiň garşylygydyr.
Bu gün ýuwujy serişde ýaly himikatlaryň ýerini nano önümler almaga
başlady. Şu önümler, ähli janly­jandarlar üçin ozalkylardan has beter
howpludyr. Nanotehnologiýa arkaly öndürilen nano tämizlik önümleri
(tämizlik matalary, aýna süpürijiler, hammam süýümleri, awtoulag
ýalpyldatma ellikleri, nanomatiki toplar, mikrofibra matalar, makiýaj pedleri,
kagyz salfetkalar we paketler, hajathana kagyzy ýaly) köp giňişleýin
ulanylmaga başlady. Aýratyn hem mesjitler, myhmanhanalar, mekdepler,
çagalar baglary, jemgyýetçilik gatnaw ulaglary, keselhanalar, öýler, haýwan ýataklary ýaly ýerlerde ulanylýar. Nano tämizlik önümleri, çalnan ähli ýüzlere
ýapyşyp, nano ölçegde, reňksiz bir gatlak döredýär, ähli mikroorganizmleri
(bakteriýa, wirus, kömelek, heňler we ş.m.) 99,9% gatnaşygynda öldürýär,
bakteriýa döreýşine uzak möhletli görnüşde böwet bolýar, organiki yslary ýok
edýär. Gigiýena önümlerinden iň möhüm tapawudy, edil bir mikroorganizm
magnidi täsiri döretmegidir. Şu görnüşde daş­töwerekdäki we howadaky
mikroorganizmleri özüne çekýär, siňdiriş ulgamyndaky ferment önümçiligini
ýok edip öldürýär. Adam we haýwanlarda ferment öndüriş ulgamy
mikroorganizmleriň ferment öndüriş ulgamyna meňzeýändigi üçin şol bir täsiri
görkezip biler. Şeýlelikde, şu maddalaryň ulanylmagy çaklamalar bilen däl­de,
hakykatda global heläkçiliklere sebäp bolup biler.
Allahu Tagala jelle jeläluhu «Mäide» süresiniň 6­njy aýatynda her dürli
kirden arassalanmak üçin suw we toprak ulanmagy buýurmak bilen, tämizlik
üçin bularyň ýeterlik boljakdygyny habar berdi. Çünki bizi we ýaşaýan daş-
töweregimizi hapalaýan islendik bir madda ýa­da mikroplar däl­de,
negatiw energiýadyr. Negatiw energiýany döwýän tämiz suw we
toprakdyr. Bedeni we elleri ýuwanda sabynlamak hem şert däldir. Deriniň
üstünde ýaşaýan we deri saglygyny goramak bilen borçly mikroplar, şu işi
bizden has gowy ýerine ýetirerler. Biz sabyn ulanyp, mikroplaryň wezipesini
gijä galdyrarys. Kirde we tämizlikde diňe yssyz sabyn, yssyz arak sabyny, kir
ýuwujy poroşok, palçyk we goşundy maddasy düzüminde bolmadyk sabyn
tozlaryny ulanmak zerurdyr. Ýöne gidrogenerirlenen ýaglary ulanýanlaryň
beden tüýleri we nejasat bilen zyňylan ýag metabolikleri ýapyşyjy bolandygy
üçin eşikler, hajathana we suwa düşülende ýapyşyjy, kyn tämizlenýän galyndy
galdyrýar. Şu galyndylary diňe ýuwujy serişdeler tämizläp bilýär.
Adam, emeli ýaglar bilen, iýmit, içgi we beden ideg etme önümlerindäki
goşundy maddalary bilen, lukmançylyk dermanlary bilen we soňunda­da nano
önümler bilen bedenini mumyýalaýandyr. Şu sebäpli soňky ýyllarda mör-
möjek, siňek we bakteriýalar indi mazarlardaky jesetleri çüýredip, topraga
garyşdyryp bilmeýän halata gelendir. Tebigy meýdanlary hem kirledýän şu
maddalar sebäpli birnäçe wagtdan soňra haýwanlaryň jesetleri hem çüýremez
hala geler. Beýleki tarapdan, öli adam, haýwan we ösümlikleri çüýredip
ekologiki öwrülişigi üpjün edýän mör­möjek, siňek we mikroorganizmlere
garşy ulanylýan oba hojalyk we mör­möjek dermanlary, şu borçly jandarlaryň
neslini tükedýändir.
Şu ýagdaý dowam edip dursa, biýologiki öwrülişik haýallar, käbir mör-
möjek, siňek we bakteriýalaryň nesli ýok bolar. Dünýä öli batgalygyna öwrüler
we ekologiki kyýamat gutulgysyz bolar. Ýuwujy serişde, oba hojalyk dermany,
antibiýotik, beden ideg etme önümi, goşundy maddalary we nano önümleri ulanýan adam «ekologiki kyýamaty» öz elleri bilen taýynlaýar.
1 лайков 112 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.