OBA HOJALYK DERMANLARY

Oba hojalyk dermanlary peýdaly mikroplary, soguljan, siňek we mör-
möjekleri öldürip, topragyň hasyllylygyny peselder. Ekologiki
deňagramlylygy, adamyň, haýwanyň we ösümligiň saglygyny bozar.
DDT: Bu madda uzak wagt mundan ozal gadagan edilendir, ýöne entegem
dünýäniň her ýerinde iýmitlerde, janly­jandarlaryň gan we dokumalarynda
DDT­ä duş gelmek mümkindir. DDT organizmlere her dürli ýol bilen, aýratyn
hem et, süýt we balyk önümleri arkaly girer we dokumalarda ammarlanar.
DDT­ä iň köp 3 zolakda duş gelinýär. Demirgazyk polýusynda duş
gelinmeginiň sebäbi eskimolaryň, ýag dokumalarynda DDT ammarlanan
týulen we kitler bilen iýmitlenmekleri, Afrikalylarda duş gelinmeginiň sebäbi
gyzzyrma ýol açan bir görnüş siňege garşy entegem DDT ulanylmagy,
Türkiýede, Orta Aziýa we Hindistanda duş gelinmeginiň sebäbi bolsa, pagta
önümçiliginde DDT ulanylmagydyr. Ylmy barlaglar DDT­niň ähli janly
organizmlerde şol bir täsiri görkezýänligini ýüze çykardy: genetik
özgerişlikler, rak, embriýon, immunitet ulgamy we nerwler üstünde zäherli
täsir. DDT gormonal deňagramlylygy bozýar, ene süýdini azaldýar, anemiýa
we agyr bagyr kesellerine sebäp bolýar.
Diňe DDT bilen başlaýan meselelere seredilende, şeýle bir sebäp we netije
zynjyry ýüze çykýar: DDT­niň ulanylmagy ene süýdini azaltdy. Netijede ene
süýdiniň azalmagy bilen taýyn çaga iýmiti ulanylmaga başlandy. Çaga
iýmitleri iýmit däl­de, allergen bolandygy üçin, immunitet ulgamyny peseltdi.
Çaga iýmitleriniň metabolik zyňyndylaryny zyňmakda kösenen böwrekleriň
hereketi haýallady we iş kuwwaty peseldi. Çagalygynda çaga iýmiti ulananlar
ýetginjeklikde böwrek ýetmezligi bilen ýüzbe­ýüz boldy. DDT seçiji görnüşde
beýnide we bagyrda ýygnanandygy üçin newrologiki keseller we bagyr
keselleri artdy.
Şu ýagdaýda sintetiki gormonlar, antidepresiýalar we stimulýatorlar
ulanylmaga başlandy. Şu dermanlar gysyrlyga (önelgesizlige) we ruhy
meselelere (şahsyýet üýtgemegi, ahlagyň bozulmagy), gysyrlygyň we kişiligiň
bozulmagy emeli usulda göwrelilik önümçiligine sebäp boldy. Nano önümleriň
ýol açýan heläkçiliginiň ululygyny bolsa, çaklamalar bilen ölçärden has
ýokardadyr.
1 лайков 85 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.