Ilki näme gördüň? / Psihologik test-1
1-nji surat
A. Şäher – Ilki gözüňize binalar ilen bolsa, onda siz alçak we maksada okgunly adam. Şeýle adamlar köplenç başlan işlerinde üstünlik gazanýarlar hem-de durmuşda üstünlikli bolýarlar.
B. Tokaý – Tokaýy hyýalbentler we romantikler görýär. Şeýle adamlar içki dünýälerine berilen we köplenç hyýalaryndaky täsirleriň astynda ýaşaýarlar. Henizem ýüregiňiziň jümmüşinde jadyllaýjy täsinleklere ynanýarsyňyz we iru-giç şeýle täsinlikleriň janly şaýady boljakdygyňyzy bilýäňiz.
2-nji surat
A. Şaglawuk – Şaglawuklary ýadaw we ahlak taýdan ezilen adamlar görýärler. Size saklanmaga we oňatja dynç almana bir eýýamdan bäri wagt boldy. Belki-de, siz köp işleýärsiňiz we işiňizden birkemsiz ýadadyňyz. Bular ýaly durmuş ýörelgesi güýçli stresslere we emosialnyý ýanyp-köýmeklige eltip biler.
B. Gyzlar – bir ýere ünsüni jemläp bilýän dykgatly adamlar görýärler. Şeýle şahslar ajaýyp ýatkeşligi we döredijilik aňlary bilen tapawutlanýarlar. Sizde hyýaly fantaziýaňyz we gowy çeper eser duýujylygyňyz ösen.
3-nji surat
A. Şaglawuk – Bu tehniki aňyň ösenligini görkezýär. Mümkin, siz gowy ýatkeşlige we ýiti ünslilige eýesiňiz. Eger-de beýle däl bolsa, gyssagly aň maşklary bilen meşgullanyň. Sizde uly mümkinçilige eýe bolan ajaýyp potensial bar.
B. Gyz – Uzyn saçly gyzy gumanitar aňy ösen adamlar görýär. Belki-de, size gumanitar ylymlar we döredijilik bilen bagly işler ýüregiňize ýakyn gelýär. Şeýle şahslar näzik, täsin we stresse çalt ýan beregen bolýar.
4-nji surat
A. Garga – Gargany keýpsiz, göwnüçökgün halda bolan adamlar görýär. Nämäniň sizi biynjalyk edýänini we muny nädip düzedip boljaklygy hakynda gowuja oýlanyň. Mümkingadar siz gowy ýadansyňyz we uzak wagtlyk dynç almana mätäçlik çekýänsiňiz. Size rahatlanmak we gaýtadan taplanmak gerek. Bu size durmuşdaky goýan maksatlaryňyza täzeden göz aýlamana we geljekki amala aşyrjak işleriňize energiýa toplamaga kömek eder.
B. Kelle – Beýle saýlaw siziň şahsyýetiňiziň stresslere çydamly we psihiki taýdan durnuklydygyny görkezýär. Siz durnukly neýro-psihiki ýagdaýdasyňyz we gahar krizisinden hem özüni kontrol edip bilmezlikden daşdasyňyz. Gaty bir degnaňyza degmeseler sizi özüňizden gidirmek we gaharlandyrmak mümkin däl.
5-nji surat
A. Kelleçanak – Bu netije siziň ýaramaz, garaňky, depresiw pikirleriňiziň barlygyny görkezýär. Sizi nämedir bir zat örän biynjalyk edýär ýa-da durmuşa ynamsyzlyk bilen garaýaňyz. Erbetlige garaşmaklyk hakykatdanam ony siziň durmuşyňyza getirip biler. Gynançly, erbet pikirleriň sizi ele almagyna ýol bermäň.
B. Çagalar – Bu jogaby durmuşa optimist göz bilen garaýan, hyýalbent adamlar berip biler. Eger-de eli şarly çagalary görýän bolsaňyz, onda siz geljekden tamasy uly, ertirki günüňize uly ynam bilen seredýän adamsyňyz. Bu netije öz problemalaryna ýiti üns bermeýän, alçak, şähdiaçyk adamlaryňkydyr.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.