Ilki näme gördüň? / Psihologik test-2

6-njy surat
A. Şapak – Optimistler we romantikler görýär. Siz ýiti çeper eser saýgarjylygyna ukyply we ownuk jikme-jiklikleri üns berýän adamsyňyz. Ünslülik, bilesigelijilik we pozitiw – bular siziň şahsyýetiňizi belgileýän esasy häsiýetlerdir.
B. Ýumurtga – Ýumurtgany köplenç özlerine ynamly maksada okgunly adamlar görýär. Şeýle adamlara köplenç pragmatik we realist diýýäler. Olar gowy ýatkeşlige, ýiti ünslülige we analitiki pikirlenmä ukyply adamlardyr.

7-nji surat
A. Kelleçanak – Bu saýlaw kelläňizde gynançly (ýaramaz) pikirleriň agdyklyk edýänini, hat-da depresiýanyň bar bolaýmagy ahmaldygyny görkezýär. Mümkingadar siz häzirki wagtda bir zatdan lapykeç halda ýa-da baş çykarmasy kyn bolan ýagdaýdasyňyz. Kyn günlerden soň süýji günleriň gelýändigi ýadyňyzdan çykarmaň. A köp problemalaryňyz bolsa, olara bolan garaýşyňyzy üýtgetseňiz, ýitip ýok bolup gider.
B. Gyz – Ony täsir galdyryjy we çuňňur şahsyýete eýe adamlar görüp biler. Şeýle adamlar ýürekleriniň jümmüşinde gaty näzikdir, ýöne muny olaryň özleride güman etmeýän bolup biler. Olary serapsyz aýdylan bir söz ýa-da edilen bellik hem gaty gynandyryp biler.

8-nji surat
A. Flamingo – Bu jogap adamyň romantikdigini we hyýalbentdigini görkezýär. Şeýle şahslar döredijilik potensialyna eýedir, haçanda olaryň ugruny tapyp kämilleşdirmäne itergi berip bolanda olaryň potensiýaly hakyky, ägirt talanta öwrüler.
B. Zenan – Muňa ünsli we dykgatly adamlar üns berýär. Bu saýlaw özüne ynamly, maksada okgunly, optimist adamlaryň saýlawydyr.

9-njy surat
A. Kebelek – Ýüreginiň töründe täsinliklere ynanýan, çaga göwünli, hyýalbent adamdygyňyzy görkezýär. Siz baý fantaziýa we gowy wkusa eýesiňiz.
B. Skripka – Paýhasly we ygtybarly adamdygyňyzy görkezýär. Şeýle adamlar iş ýerinde gowy işgärlerdigini we şahsy durmuşlarynda oňat ýanýoldaşdygy tapawutlanýar.

10-njy surat
A. Erkek – Bu netije güýçli häsiýetli, tutanýerli we özüne ynamy görkezýär. Şeýle adamlar özüne we hereketlerine şübhelenmegi endik etmedik, hemme zady seljerýän we diňe “ýedi ölçäp bir kesilen”, rasional kararlary kabul edýär.
B. Aýal – Bu netije häsiýetiniň ýumşaklygyny, döredijilikliligini (kreatiw) we standart däl pikirlere eýedigini görkezýär. Şeýle adamlar baý fantaziýalary, abstrak pikirlenmeleri we sungaty inçe düşünip bilmäge mahsusdyrlar.
3 лайков 199 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
27 апр 2023, 13:29
Yetirenize sagbolun
murat yousef
27 апр 2023, 14:56
Hakyky eken!! Sag bol!
Öwreniji
27 апр 2023, 15:34
Ilki bilen reklama gördüm,
Ýazgyñy okamazdan öñ 1 suratda gün batyp barýar, 2 sudur görnüşde kelle çanak gören ýaly boldum, gyz ekeni, soñkyda gyzyñ ýüzi , kebelek, sakally baba,
Öwreniji
27 апр 2023, 15:35
Pikiri üýtgetsem bolmazmy☺️☺️☺️
murat yousef
27 апр 2023, 17:36
Yumurtga
Skelet(cherep)
Ayal
Kebelek
Garry adam
Jeksparro
28 апр 2023, 21:34
1. Ýumurtga.
2. Kelle (skelet)
3. Gyz.
4. Kebelek.
5. Aýal. Aslynda onuň ilki görünjegi erkek adam. Ýöne men telefony aýlap görmeli bolanym üçin aýaly gördüm. Sebäbi erkegiň maňlaý gasyny bildirip dur aýal dodagydygy... Şonuň üçinem aýaly gördüm...