Tekiz ýer aýatlary

Gurhanda tekiz ýer aýatlary
Neml süresi 24-nji aýat: ,,Ol zenan we kowumy Alla däl-de, Güne sežde (ybadat) edýär ekenler we şeýtan olara edýän işlerini gözel edip görkezip, olary dogry ýoldan çykarypdyr. Şol sebäpli, hem olar dogry ýoly tapmaýarlar."
Ýeriň älemiň merkezi däldigni aýdan Nikolaý kopernik hem güne çokunýardy. Ol öz kitabynyň girişinde üç gezek "Gün görünýän Hudaýdyr" diýip ýazan. Onuň getiren taglymaty bolsa Heliosentrizm, ýagny Günmerkezçilikdir.

Naziat süresi 30-njy aýat: ,,(arapçasy: Vel-arda ba'de zalike dehaha) Soňra ýeri ýaýyp düşedik (Ondan soň ýeri düşäp (ýaşamaga taýýar görnüşde) goýdy)" dehaha kelimesi ,,Düýeguş ýumurtgasyny taşlaýan ýer” diýen manysy bar. Egerde siz düýeguşyň ýumurtgasyny taşlan ýerini görseňiz ol ýeriň tekizdiginini hiç hili ot-çöp ýokdugyny görersiňiz. Düýeguş ýumurtga taşlamazdan ozal, ýumurtga taşlajak ýerini tegelek edip tekizläp ýaýýar. Bu aýadyň manysyny käbir togolak modelçiler üýtgedip ,,ýer ,,düýeguş ýumurtgasy”-na meňzeýär” diýen zatlary çykardylar. Buýerde bellemeli esasy zatlaryň biri Düýeguş ýumurtgasy ne geoidlige ne-de togalaklyga meňzeýär.

Zariat süresi 48-nji aýat:
,,Ýeri bolsa ýaýyp düşek etdik. Biz görnähili ýagşy ýaýyjydyrys".
ýa-da
,,Ýer (ýüzüni hem) Biz düşedik. (Serediň), Biz nähili ajaýyp edip düşeýäris”
Ýeri togalak bolsa ony ýaýyp, düşäp bolarmy? Ýer togolak bolsa näme üçin Allah beýle diýýär. Ol gös göni ýer togolak diýenok. Allah ony aýtmakdan ejizmi ýa?

Rad süresi 41-nji aýat.
,,Olar biziň ýeriň töwereginden gysgaltýanymyzy görmeýärlermi?"
Ýer togalak bolsa onyň haýsy töwereginden gysgaldyp bolar?

Nebe süresi 6-njy aýat:
,,Biz, ýer ýüzüni düşek edip ýazmadykmy?"
togolak zady nädip düşek edip ýazyp bolar?

Bakara süresi 22: ,,Ol siziň üçin ýeri düşek asmany gümmez edip ýaratmadymy? Hem Asmandan suwlary düşürip, size rysk bermedimi? Bes, bilip durup Allahy özgelere deňeme"
Bu aýat bizlere öwredilen älem modeliniň ýalňyşdygyny bildirýär. Bu modele görä asman giňişlik birzat çäksiz bir zat. Tekiz ýer modelinde ýer tekizdir, asman bolsa bir gümmezdir.

Rad süresi 3: ,,Ol ýeri ýaýyp, daglary peýda edendir..."

Hijr 19: ,,Ýeri bolsa ýaýyp giňeltdik we onda daglary peýda etdik hem-de dürli-dümen zatlary ösdürdik"

Enbiýa 30: ,,Kapyr bolanlar asman we ýer bir bolanyny, Bes, Biz olary bölenimizi we ähli diri jandarlary suwdan ýaradanymyzy bilenoklarmy? Henizem iman getirmeýärlermi?"

Furkan 59: ,,Ol asmanlar we ýeri we olaryň arasyndakylary alty günde ýaradandyr..."
Resmi ylym bize älem 17 milliard ýyl mundan ozal ,,Uly Partlama”-dan emele gelenini aýdýar. Bu Kuranyň aýatlaryna dogry gelmeýär.

Zümer 5: ,,Ol asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradandyr. Ol gijäni gündiziň üstünden orar gündizi hem gijäniň üstünden orar. Ol güni we aýy öz emrine tabyn edendir. Olar mälim edilen güne çenli şu hereketde bolarlar"
Ýagny ýer aýlananok. Hereket edenok. Hereket edýän gün we aý. Eger ýeriň hereketi sebäpli gije-gündiz bolýan bolsa Allah muny açyk aýdyň beýan ederdi.

Fussilet 10: ,,Alla ýerde berk, äpet daglary ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi hasyl etdi we (ýene-de) Ol, takyk, dört günüň içinde (iki gün ýeri ýaratdy, iki gün hem ýeriň berk durmagy üçin gazyklar bolan daglary ýaratdy) ýerde isleýänler üçin deň hatarda nygmatlar taýýar etdi.”

Fussilet 12: ,,Bes iki günde ýedi asmany ýaratdy we her haýsyna öz buýurylan işlerini düşündirdi. Biz ýakyn asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik we dürli apatlardan sakladyk. Bu gudratly we bilimli zadyň takdyrydyr"
Ýedi asmany nädip düşündirjeksiňiz? Bu süräniň 10-njy aýadynda görşümiz ýaly ýer asmandan (12-nji aýatda) ozal ýaradylany beýan edilen ýagny ilkinji dört gün ýer ýaradylan, soň iki gün bolsa asman. Bu bolsa bize öwredilýän resmi ylyma ters gelýär.

Ahkaf 3: ,,Biz asmanlar we ýeri hemde olaryň ortasyndakylary hak bilen bellenen kyýamata çenli möhlet bilen ýaratdyk. Kapyr bolan kimseler bolsa özlerinden äge ediji zatdan ýüz öwürijilerdir."

Talak 12: ,,Allah asmany we ýeri ýedi gat edip ýaratdy. Allanyň emri we permany olaryň ortasynda amala aşar durar. Sebäbi Alla ähli zada Kadyrdygy üçin şeýle etdi."

Lukman 10: ,,10. Ol (Alla) asmanlary, siziň görşüňiz ýaly, diregsiz ýaratdy we ýere siziň sarsmazlygyňyz üçin gazyklar (daglar) dikdi. Ol ýerde dürli-dürli jandarlary ýaýratdy. Biz asmandan suw inderip, şol ýerde (zeminde) dürli peýdaly ösümlikleri jübüt-jübüt edip ösdürdik.”

Şems 1-6: ,,Kasam edýän Gün we onuň şöhlesine we onyň yzyndan gelýän Aýa. Güni äşgär eden gündize we ony oraýan gijä. Ýeri we ony ýaýyp goýana..."

Ýunus 5: ,,Ol güni şöhle ýaýradyjy we aýy nur saçyjy etdi we ýyllaryň hasabyny bilmekleriňiz üçin hersini öz menzillerine ölçäp goýdy..."
Eger ýer aýlanýan bolsa onuň menzili ölçendi diýlen ýazga gabat gelmedimle?

Ybraýym 19: ,,Eý ynsan! Allah asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradanyny görmediňmi? Eger-de ol islese sizi ýok edip ornuna täze halk döredip biler."

Araf 54: ,,Elbetde Perwerdigäriňiz Allah asmanlar we ýeri alty günde ýaradyp, öz arşyna ornaşdy. Ol gijäni gündize orar we gije gündizi howlugyp kowup barar. Ol gün we aý hemde ýyldyzlary öz emrine boýun synan halda ýaratdy. Ýaratmak we buýurmak diňe oňadyr. Ähli älemler Perwerdigäri Alla beýikdir."
Gün aý ýyldyzlar diýýär. Ýer diýen ýeri ýok sebäbi ýer hereket edenok.

Bakara 258: ,,...Meniň Rebbim direldýär we öldürýär...Meniň Rebbim güni gündogardan çykarýar. Sen bolsa günbatardan çykaryp berdä?..."
Ýagny bu ýer-dede ýeriň dälde güniň hereket edýäni ýazylan. Ybraýym Nemruda ,,Güni günbatardan çykaryp berdä?" diýýär.

Ybraýym 33: ,,Ol hemişe aýlanyp duran güni we aýy siziň üçin boýun egdirdi. Gije-gündizide siziň üçin boýun egdirdi."
Aýlanýan gün we aý ýer aýlananok diýýär bu aýat hem. Ýagny aý bilen gün ýeriň daşyndan aýlanýar.

Enbiýa 33: ,,Ol gije we gündizi hemde gün we aýy ýaratdy. Olaryň hersi öz peleginde ýüzip ýörendir"
Hereket edýän ýene gün we aý.
Käbir togalak ýerçi musulmalar Neml süresiniň 88-nji aýady: ,,Sen daglary (görüp) hereketsizdir öýdersiň. Aslynda bolsa, olar bulutlar ýaly hereket edýändir. Bu ähli zady mäkäm eden Allanyň sungatydyr. Takyk, Ol siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.” ýagny şu aýady ýeriň aýlanýandygna delil hökmünde görkezýärler. ,,Ýagny daglaryň hereket etmesi ýeriň hereketi netijesinde bolýar” diýip düşündiriş berýärler. Emma olar ondan ozlky 87-nji aýady ,,Sura üflenip, Allanyň islän kişilerinden başga asmanlardaky we ýerdäki kişileriň hemmesi (ölüme eltýän) uly gorka düşjek we hemmeleriň oňa boýun egip geljek gününi (ýatlaň).” unudýarlar. Ýagny daglaryň bulutlar ýaly hereket etmesi kyýamat gününde boljakdyr. Meslem Tekwir süresi 3-nji aýat ,,Daglar ýöredilen wagty!” daglar kyýamatda herekete getiriler.
Tekwir 1-3: ,,Gün orap goýulanda. Ýyldyzlar öz peleginden dökülende. Daglar hem ornundan göterilende"
Bu aýatlarda Allah kyýamat alamatlaryny beýan edýär. Eger Alymlaryň aýdýan ýyldyzlary uzakdaky günler bolsa olar nädip ýere döküler? Özlerem million ýagtylyk ýyly uzaklyklarynda bolsa?!

İnfitar 1-2: ,,Asman ýarylanda, ýyldyzlar saçylanda..." bu aýatlarda hem Kyýamat aňladylýar. Eger bize öwredilen älem modeli dogry bolsa ol nädip ýarylar? Sebäbi asman mata ýaly eplenýän çäksiz boşluk.

Rahman 33: ,,Eý, jynlar we ynsanlar jemagaty! Eger asmanlaryň we ýeriň çäginden geçmäge güýjüňiz ýetýän bolsa, hany, geçiň bakaly! (Emma) geçip bilmersiňiz, meger (Alladan gelen) perman (güýç) bilen (geçip bolar).”
Bu aýat kosmosa hiç wagt (Alladan perman gelýänçä) uçup serhetlerden çykyp bolmajagny aýdýar. Ýagny ýumurtgadan aňryk geçip bolanok.
1 лайков 355 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
05 май 2023, 13:15
Adam doglandan bäri jedelem bile döräpdir. Biri suwyñ damjasyna esaslanyp ýeri şeýle diýipdir, ýagny güniñ tegelek bolup görünmesinden mysal alsañ hakykatdanam togalakdyr. Eger Kuran indirilende tekiz ýerçiler bolmadyk bolsady onda bu sürelerem gelmezdi...
Öwreniji
05 май 2023, 13:15
Adam doglandan bäri jedelem bile döräpdir. Biri suwyñ damjasyna esaslanyp ýeri şeýle diýipdir, ýagny güniñ tegelek bolup görünmesinden mysal alsañ hakykatdanam togalakdyr. Eger Kuran indirilende tekiz ýerçiler bolmadyk bolsady onda bu sürelerem gelmezdi...
#B.S
Автор 05 май 2023, 13:22
Remezan akga,
Aŧeistmi siz?
Yusup
05 май 2023, 13:23
Shol dowurlerem sen yaly tekiz yerchiler bolandyr Remezanyn aydyshy yaly. Pygamberimizede shu ayatlar gelendir Togolok yere ine sheydip yazdym diyip. Ol dowurler teswir edendirler. Hazir edip bilmezler. Ine Kuranda hic hili sunnet etmeklik barada hic hili ayat yok (chuk kesmek). Bardyr yone teswir edip bilenoklar. Senin yer tekiz diyyaninem teswirini ozunce edip otyrsyn. Mumkin bashga zady aytjak bolyandyr manysy. Togolok yere dushek edip yazdym Allanyn guyji islan zadyna guyji yetyandir diymek manynam berip bilya
#B.S
Автор 05 май 2023, 13:27
Anil Kapur,
Biz Kurany açyk aýdyň edip arap dilinde inderdik diýip aýat bar. Hemmesi açyk aýdyň ýazylan goşma many gözläp oturmak gerek däl.
#B.S
Автор 05 май 2023, 13:28
Anil Kapur,
Beýleki getirlen aýatlara hem seredip gör. Ählisinde tekiz ýer modeline laýyk gelyän şekilde ýazylan. NASAň otarýan ertekilerine meňzeş ýeri ýok
#B.S
Автор 05 май 2023, 13:30
Anil Kapur,
Onsoňam aşakda açan blogym Şeýtanyň hilelerini hem okap gör.
#B.S
Автор 05 май 2023, 13:34
Remezan,
Eger güne seredip:"Bäh gün togolak, diýmek ýerem togalak" diýip netije çykarmaly bolsak, bizem öz otagymyzda lamboçka seredip: "Bäh lampoçka togalak, diýmek meň otagymam togalak" diýmek ýaly bolýa ýa-da "billiard toplary togalak, diýmek billiard stolam togalak."
#B.S
Автор 05 май 2023, 13:39
Anil Kapur,
Sen batinimiň, sebäbi sen Kuran aýatlarnyň gizlin manysy bar diýip otyrsyň. Beýtmegiň özem eýýäm Kurana ters gelýä sebäbi Zuhruf süresiniň 3-nji aýadynda "Biz siz düşünsin diýip Kurany açyk aýdyň arapça indirdik" diyip ýazylan. Gurhan aýatlaryndan goşmoça ya syrly manylar gözleýänlerede Batiniler diýilýä
Yusup
05 май 2023, 14:15
seret ayatda biz arapca iberdik diyya. bu ayatlar araplara dushnukli bolar yaly arapca gelen. Men turkmen arapchany dushunmek un ilki arap sozunden turkmenca perewod edilmeli. Shol yerde bizinkiler yalnyshya. In yonekeyi araplar name un yer tekiz diyenoklar ya bolmasa arada yaponlaryn uchuryp yoren korablam asyl BAE degishli eken. Indi tazeden aya ucjak bolup yorler Rashid2 diyip. Kuran arap dilinde achyk gelen kitap. Yone araplar kop musulman dowletler yer togolok diyya. ya bularynam niyeti adamlary Hudaysyzlashdyrmakmy?
#B.S
Автор 05 май 2023, 14:25
Anil Kapur,
1. Hemme terjimeler ýalňyşdymyka onda?
2. Ähli döwletler bir merkezden dolandyrylýar we ähli habarlar bir merkezden ýapylýar.
3. Araplaryň hem ýer tekiz diýýänleri bar. Emma sen olar barada gyzyklanmansoň bilýän zadyň ýok.
4. Aýa diňe ABŞ, Hytaý we Russiýaň enjamlary gonup gördi. Başga döwletlere heniz başardanok. Türkiýe indi uçmakçy bolup ýör kosmosa. Döwletleriň kosmiki ösüş derejeleri deň däl....
Öwreniji
05 май 2023, 16:06
Menem öz ynanjymy aýtmakçy Maýa Indeýleriniñ aýtmagyna görä ýer piramida şekilindemiş (toslama) ýeri tekiz etdik diýip Kurana esaslanyp, Allanam aldap otyrsyñ. Lampoçka spiral şekilinde diýmek onda Jaýymyz şeýle bolmaly(Hakykatdanam men üns bermändirin şeýle ekeni)
Sapar aga
05 май 2023, 19:37
Dogry Kuran yer tekiz diyyar Kanture dogry aytyar. Kurana gora ylyma ters gelyan kop zat bar opsi hazirki ylyma. Araplar bir diyip oturman turkler duye siydigini icmegi mecaz hasaplayan bolsa araplar arkayyn icip yorler wideosyny internetden gozledip gorayin
#B.S
Автор 05 май 2023, 19:58
Ahtopot,
Düýäň siýdigni içmek barada Kuranda hiç zat ýok. Barsy toslama hadyslarda bar
kesirkelle
06 май 2023, 06:20
Bah, @Khanture, birine sen batynymy dpsiñ birine mi dpsiñ wln onda senem wahhabimi diyseler halajakmy?! Ýalñyşmasam, wahhabilermidi diñe ayadyñ yuzley manysyndan başga delil almayanlar. Birem Biruny ýaly musulman alymlaram tassyklaya dami ýeriñ togolokdygyny?!.
#B.S
Автор 06 май 2023, 07:20
kesirkelle,
Biruni tassyklanok, globus hem ýasamady. Onuň kitabyndan skrinşot goýup blog açypdym.
kesirkelle
06 май 2023, 12:12
Tassyklamasa tassyklady diymezler. Onnañam ýeke Biruny däl. Ozallaram yer tekiz diyenler bolupdyr. Ýalñyşmasam grekler ýa orta asyr yewropasynyñ katolikleri.. mümkin olaram Kurandan okap yer tekiz diyendirler ;)
#B.S
Автор 06 май 2023, 13:05
kesirkelle
Tassyklamasa tassyklady diymezler. Onnañam ýeke Biruny däl. Ozallaram yer tekiz diyenler bolupdyr. Ýalñyşmasam grekler ýa orta asyr yewropasynyñ katolikleri.. mümkin olaram Kurandan okap yer tekiz diyendirler ;)

Ýalan sözleýäler. Mende Biruniniň kitaby bar. Kitabul tahfim. Ýeriň tekizdigni aýdan.
Belki
07 май 2023, 20:35
Ilk-ä internet doñdy. Soñam agşamy okamak üçin çykdym. Gelemde garaşywotyran keniñ. Tañryýalkasyn!
#B.S
Автор 07 май 2023, 20:43
Belki,
Menem sen cykansoň çykaýdym. Soň gelemde. Bar ekeniň ýazjak bolup durkam ýene çykyp gitdiň.
Belki
07 май 2023, 20:45
Barýan şuwat.