Gurhanda tekiz ýer aýatlary

Neml süresi 24-nji aýat: ,,Ol zenan we kowumy Alla däl-de, Güne sežde (ybadat) edýär ekenler we şeýtan olara edýän işlerini gözel edip görkezip, olary dogry ýoldan çykarypdyr. Şol sebäpli, hem olar dogry ýoly tapmaýarlar." 
Bu aýat Kurany Kerimde Saba kowumy barada ýazylsada Kuran ähli zamanlaryň mukaddes kitaby bolany üçin häzirki zamandaky gün merkezli planetar modele ynanýanlaryň ýüzüne basýandygyny görmek bolar. Şeýtan bulary gözel görkezýär. Gün merkezli model güne çokunmakdan gaýdýar. Bu barada indiki bloglarymda düşündirerin.
Naziat süresi 30-njy aýat: ,,(arapçasy: Vel-arda ba'de zalike dehaha) Soňra ýeri ýaýyp düşedik (Ondan soň ýeri düşäp (ýaşamaga taýýar görnüşde) goýdy)" dehaha kelimesi ,,Düýeguş ýumurtgasyny taşlaýan ýer” diýen manysy bar. Egerde siz düýeguşyň ýumurtgasyny taşlan ýerini görseňiz ol ýeriň tekizdiginini hiç hili ot-çöp ýokdugyny görersiňiz. Düýeguş ýumurtga taşlamazdan ozal, ýumurtga taşlajak ýerini tegelek edip tekizläp ýaýýar. Bu aýadyň manysyny käbir togolak modelçiler üýtgedip ,,ýer ,,düýeguş ýumurtgasy”-na meňzeýär” diýen zatlary çykardylar. Buýerde bellemeli esasy zatlaryň biri Düýeguş ýumurtgasy ne geoidlige ne-de togalaklyga meňzeýär. Aşakdaky aýatlara näme diýjeksiňiz?
Zariat süresi 48-nji aýat:
,,Ýeri bolsa ýaýyp düşek etdik. Biz görnähili ýagşy ýaýyjydyrys".
ýa-da
,,Ýer (ýüzüni hem) Biz düşedik. (Serediň), Biz nähili ajaýyp edip düşeýäris”
Ýeri togalak bolsa ony ýaýyp, düşäp bolarmy? Ýer togolak bolsa näme üçin Allah beýle diýýär. Ol gös göni ýer togolak diýenok. Allah ony aýtmakdan ejizmi ýa?
Rad süresi 41-nji aýat.
,,Olar biziň ýeriň töwereginden gysgaltýanymyzy görmeýärlermi?"
Ýer togalak bolsa onyň haýsy töwereginden gysgaldyp bolar?
Nebe süresi 6-njy aýat:
,,Biz, ýer ýüzüni düşek edip ýazmadykmy?" 
togolak zady nädip düşek edip ýazyp bolar?
Bakara süresi 22: ,,Ol siziň üçin ýeri düşek asmany gümmez edip ýaratmadymy? Hem Asmandan suwlary düşürip, size rysk bermedimi? Bes, bilip durup Allahy özgelere deňeme"
Bu aýat bizlere öwredilen älem modeliniň ýalňyşdygyny bildirýär. Bu modele görä asman giňişlik birzat çäksiz bir zat. Tekiz ýer modelinde ýer tekizdir, asman bolsa bir gümmezdir.
Rad süresi 3: ,,Ol ýeri ýaýyp, daglary peýda edendir..."
Hijr 19: ,,Ýeri bolsa ýaýyp giňeltdik we onda daglary peýda etdik hem-de dürli-dümen zatlary ösdürdik"
Enbiýa 30: ,,Kapyr bolanlar asman we ýer bir bolanyny, Bes, Biz olary bölenimizi we ähli diri jandarlary suwdan ýaradanymyzy bilenoklarmy? Henizem iman getirmeýärlermi?"
Alymlar näme diýýä 15 milliard ýyl ozal nähilir Bing Bang bolupdyr soň ýyldyzlar galaktikalar bolupdyr diýýä. Galaktika barada Kuranda näme ýazylan?
Furkan 59: ,,Ol asmanlar we ýeri we olaryň arasyndakylary alty günde ýaradandyr..."
Resmi ylym bize älem 17 milliard ýyl mundan ozal ,,Uly Partlama”-dan emele gelenini aýdýar. Bu Kuranyň aýatlaryna dogry gelmeýär.
Zümer 5: ,,Ol asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradandyr. Ol gijäni gündiziň üstünden orar gündizi hem gijäniň üstünden orar. Ol güni we aýy öz emrine tabyn edendir. Olar mälim edilen güne çenli şu hereketde bolarlar"
Ýagny ýer aýlananok. Hereket edenok. Hereket edýän gün we aý. Eger ýeriň hereketi sebäpli gije-gündiz bolýan bolsa Allah muny açyk aýdyň beýan ederdi.
Fussilet 10: ,,Alla ýerde berk, äpet daglary ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi hasyl etdi we (ýene-de) Ol, takyk, dört günüň içinde (iki gün ýeri ýaratdy, iki gün hem ýeriň berk durmagy üçin gazyklar bolan daglary ýaratdy) ýerde isleýänler üçin deň hatarda nygmatlar taýýar etdi.”
Fussilet 12: ,,Bes iki günde ýedi asmany ýaratdy we her haýsyna öz buýurylan işlerini düşündirdi. Biz ýakyn asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik we dürli apatlardan sakladyk. Bu gudratly we bilimli zadyň takdyrydyr"
Ýedi asmany nädip düşündirjeksiňiz? Harun Ýahýa atly biriniň ,,Kurany Kerimiň ylmy täsinlikleri” atly kitabynda ýedi gat asmany atmsferanyň ýedi gatydygyny beýan edýär. Eger bu dogry bolsa ýokardaky aýatda ,,ýakyn asmanda” ýyldyzlar bardygy ýazlypdyr, diýmek atmosferanyň birinji gatynda ýyldyzlar barda? Näme olar milliardlap ýagtylyk ýyly uzakda dälmidi?
Onsoňam bu süräniň 10-njy aýadynda görşümiz ýaly ýer asmandan (12-nji aýatda) ozal ýaradylany beýan edilen ýagny ilkinji dört gün ýer ýaradylan, soň iki gün bolsa asman.
Ahkaf 3: ,,Biz asmanlar we ýeri hemde olaryň ortasyndakylary hak bilen bellenen kyýamata çenli möhlet bilen ýaratdyk. Kapyr bolan kimseler bolsa özlerinden äge ediji zatdan ýüz öwürijilerdir."
Talak 12: ,,Allah asmany we ýeri ýedi gat edip ýaratdy. Allanyň emri we permany olaryň ortasynda amala aşar durar. Sebäbi Alla ähli zada Kadyrdygy üçin şeýle etdi."
Lukman 10: ,,10. Ol (Alla) asmanlary, siziň görşüňiz ýaly, diregsiz ýaratdy we ýere siziň sarsmazlygyňyz üçin gazyklar (daglar) dikdi. Ol ýerde dürli-dürli jandarlary ýaýratdy. Biz asmandan suw inderip, şol ýerde (zeminde) dürli peýdaly ösümlikleri jübüt-jübüt edip ösdürdik.”
Şems 1-6: ,,Kasam edýän Gün we onuň şöhlesine we onyň yzyndan gelýän Aýa. Güni äşgär eden gündize we ony oraýan gijä. Ýeri we ony ýaýyp goýana..."
Ýunus 5: ,,Ol güni şöhle ýaýradyjy we aýy nur saçyjy etdi we ýyllaryň hasabyny bilmekleriňiz üçin hersini öz menzillerine ölçäp goýdy..."
Eger ýer aýlanýan bolsa onuň menzili ölçendi diýlen ýazga gabat gelmedimle?
Ybraýym 19: ,,Eý ynsan! Allah asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradanyny görmediňmi? Eger-de ol islese sizi ýok edip ornuna täze halk döredip biler."
Araf 54: ,,Elbetde Perwerdigäriňiz Allah asmanlar we ýeri alty günde ýaradyp, öz arşyna ornaşdy. Ol gijäni gündize orar we gije gündizi howlugyp kowup barar. Ol gün we aý hemde ýyldyzlary öz emrine boýun synan halda ýaratdy. Ýaratmak we buýurmak diňe oňadyr. Ähli älemler Perwerdigäri Alla beýikdir."
Gün aý ýyldyzlar diýýär. Ýer diýen ýeri ýok sebäbi ýer hereket edenok.
Bakara 258: ,,...Meniň Rebbim direldýär we öldürýär...Meniň Rebbim güni gündogardan çykarýar. Sen bolsa günbatardan çykaryp berdä?..."
Ýagny bu ýer-dede ýeriň dälde güniň hereket edýäni ýazylan. Ybraýym Nemruda ,,Güni günbatardan çykaryp berdä?" diýýär.
Ybraýym 33: ,,Ol hemişe aýlanyp duran güni we aýy siziň üçin boýun egdirdi. Gije-gündizide siziň üçin boýun egdirdi."
Aýlanýan gün we aý ýer aýlananok diýýär bu aýat hem.
Enbiýa 33: ,,Ol gije we gündizi hemde gün we aýy ýaratdy. Olaryň hersi öz peleginde ýüzip ýörendir"
Hereket edýän ýene gün we aý.
Käbir togalak ýerçi musulmalar Neml süresiniň 88-nji aýady: ,,Sen daglary (görüp) hereketsizdir öýdersiň. Aslynda bolsa, olar bulutlar ýaly hereket edýändir. Bu ähli zady mäkäm eden Allanyň sungatydyr. Takyk, Ol siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.” ýagny şu aýady ýeriň aýlanýandygna delil hökmünde görkezýärler. ,,Ýagny daglaryň hereket etmesi ýeriň hereketi netijesinde bolýar” diýip düşündiriş berýärler. Emma olar ondan ozlky 87-nji aýady ,,Sura üflenip, Allanyň islän kişilerinden başga asmanlardaky we ýerdäki kişileriň hemmesi (ölüme eltýän) uly gorka düşjek we hemmeleriň oňa boýun egip geljek gününi (ýatlaň).” unudýarlar. Ýagny daglaryň bulutlar ýaly hereket etmesi kyýamat gününde boljakdyr. Meslem Tekwir süresi 3-nji aýat ,,Daglar ýöredilen wagty!” daglar kyýamatda herekete getiriler.
Tekwir 1-3: ,,Gün orap goýulanda. Ýyldyzlar öz peleginden dökülende. Daglar hem ornundan göterilende"
Bu aýatlarda Allah kyýamat alamatlaryny beýan edýär. Eger Alymlaryň aýdýan ýyldyzlary uzakdaky günler bolsa olar nädip ýere döküler? Özlerem million ýagtylyk ýyly uzaklyklarynda bolsa?!
İnfitar 1-2: ,,Asman ýarylanda, ýyldyzlar saçylanda..." bu aýatlarda hem Kyýamat aňladylýar. Eger bize öwredilen älem modeli dogry bolsa ol nädip ýarylar.
Rahman 33: ,,Eý, jynlar we ynsanlar jemagaty! Eger asmanlaryň we ýeriň çäginden geçmäge güýjüňiz ýetýän bolsa, hany, geçiň bakaly! (Emma) geçip bilmersiňiz, meger (Alladan gelen) perman (güýç) bilen (geçip bolar).”
Bu aýat kosmosa hiç wagt (Alladan perman gelýänçä) uçup serhetlerden çykyp bolmajagny aýdýar.
2 лайков 744 просмотров
68комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
13 июл 2021, 19:46
Onna malades menä goşulamok we ýere top diýän tarelka dälde
#B.S
Автор 13 июл 2021, 19:49
geçip barýaka sowlan,
Diýiber seni mejburlaýan ýok, garaýşyňa hormat goýýan!
#B.S
Автор 13 июл 2021, 19:50
geçip barýaka sowlan,
Geçip barýarkaň ters ýola sowlupsyň!
Ýury
13 июл 2021, 20:04
Aý menä ugrym astranom däl esasy okaýan ugrym artist.şoñ üçin tarelka bolsun topjagaz bolsun men topjagaza ynan ýan sebäbi dünýädäki kino senaristleri tanaýan diýen ýaly şoñ üçin men topjagaz diýän
#B.S
Автор 13 июл 2021, 20:08
geçip barýaka sowlan,
Menem tanaýan köpsüni... Kino zäherdir. Beýnimizi ýuwýan zäher...
#B.S
Автор 13 июл 2021, 20:29
geçip barýaka sowlan,
Dine ynanaňzokmy?
Ýury
13 июл 2021, 20:34
Men yslamada ylymy tiýorýada ynynýan ýöne señ diýäniñ barada
zumerchi
13 июл 2021, 20:35
Tekwir 1-3: ,,Gün orap goýulanda. Ýyldyzlar öz peleginden dökülende. Daglar hem ornundan göterilende"
Bu aýatlarda Allah kyýamat alamatlaryny beýan edýär. Eger Alymlaryň aýdýan ýyldyzlary uzakdaky günler bolsa olar nädip ýere döküler? Özlerem million ýagtylyk ýyly uzaklyklarynda bolsa?!

Senin kellan ishleyane menzanak vapshe, elbetde yyldyzlar uzakdaky gunler, name sen hokman "goni" manysynda dushunmeli diyen yeri yoga hov. O tayda asteroid hakynda aydylan ankov, .....ay bolya barbilen dushunmeyen sen
Ýury
13 июл 2021, 20:36
Men başgada maglumatlara duş geldim
Ýury
13 июл 2021, 20:38
Müñ bir gijesi ýaly bi näçe ertekilerdede ýet tekiz suratlandyrylýar
#B.S
Автор 13 июл 2021, 20:39
murat yousef,
:)))
Ýury
13 июл 2021, 20:40
Allama kino zäher bolýan bolsa onda men haram çörek iýýändä şeýle bolýamy bratok
#B.S
Автор 13 июл 2021, 20:40
murat yousef,
Başga aýatlaram teswirle onda
#B.S
Автор 13 июл 2021, 20:41
geçip barýaka sowlan,
Ýo men Golliwud kinolarny nazara tutdym. Biziň kinolar zor!!!
#B.S
Автор 13 июл 2021, 20:43
murat yousef,
Eger ol asteroidler bolanda ,,otly daşlar" diýerdi. Ýyldyzlar başga zat.
Şamuhammet
13 июл 2021, 20:51
Neml süresi 24-nji aýat: ,,Ol zenan we kowumy Alla däl-de, Güne sežde (ybadat) edýär ekenler we şeýtan olara edýän işlerini gözel edip görkezip, olary dogry ýoldan çykarypdyr. Şol sebäpli, hem olar dogry ýoly tapmaýarlar."
Bu aýat Kurany Kerimde Saba kowumy barada ýazylsada Kuran ähli zamanlaryň mukaddes kitaby bolany üçin häzirki zamandaky gün merkezli planetar modele ynanýanlaryň ýüzüne basýandygyny görmek bolar. Şeýtan bulary gözel görkezýär. Gün merkezli model güne çokunmakdan gaýdýar. Bu barada indiki bloglarymda düşündirerin.




@khanture, aldanyňda ynanyljak şekilli aldaýda gaýrat edip.

Bu ýerde Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýandygyna dahylly aýat ýok!? Bir zat aýtmalymyş diýilse zorladyp barýaňaý!? Ýokardaky getirlen aýaty kerime Şeýtanyň Adamlary azdyryp Güne Taňry diýdirtmegi hakynda barýar. Munuň tekiz ýer bilen baglanyşykly ýeri ýok.

Seniň özüň Ýeriň Tekizdigine degişli Omar Haýýamyň aýdyşy ýaly :''Düňderilip goýulan tabakdyr asmany'' ýaryp tekiz ýeriň kartasyny özüň görüp, suratynam alyp internetde ýaýratmaýançaň bujagaz patarraky mowzuklaryň peýdasyz we subut edilmedik çüýrük temalar...

Naziat süresi 30-njy aýaty hakynda ''Vel-arda ba'de zalike dehaha'' sözüniň teswirinde Ýeriň Düýe guş şekillidigi hakynda gidýändigi öň aýdypdym.


Zümer 5: ,,Ol asmanlar we ýeri hikmet bilen ýaradandyr. Ol gijäni gündiziň üstünden orar gündizi hem gijäniň üstünden orar. Ol güni we aýy öz emrine tabyn edendir. Olar mälim edilen güne çenli şu hereketde bolarlar"

Onsoňam bir gepiňde Ýer hereket edenok, ýagny aýlananok diýipdiň. Bu ýokardaky getirlen aýaty kerimede bolsa seniň aýdýanlaryňy ýalanlaýar we aýatyň başynda ''Asmanlar we Ýeri'' galybersede aýatyň soňunda mälim edilen güne çenli şeýle hereketde bolarlar diýip Ýeriň hereket edýändigi aýdylan...
Şamuhammet
13 июл 2021, 20:52
Zariat süresi 48-nji aýat:
,,Ýeri bolsa ýaýyp düşek etdik. Biz görnähili ýagşy ýaýyjydyrys".
ýa-da
,,Ýer (ýüzüni hem) Biz düşedik. (Serediň), Biz nähili ajaýyp edip düşeýäris”
Ýeri togalak bolsa ony ýaýyp, düşäp bolarmy? Ýer togolak bolsa näme üçin Allah beýle diýýär. Ol gös göni ýer togolak diýenok. Allah ony aýtmakdan ejizmi ýa?


Hamyry hem ýaýylmaka ilki togalaklanylýandyny ýadyňdan çykaran bolsaň çörek bişirýänleriň ýanyna baryp seredip görmegi maslahat berýän... Ýaýmak sözi hamyr ýaýmak sözi bilen çalşyrmaly däl, ulaltdyk diýen manysy hem bar bu sözüň!

Düşek edip ýaýdyk diýýäniniň manysyny: bolmanda aýagyň aşagyndaky ýeri düşek edip goýduk diýip aýdarda, ýarganat ýaly al-asmanda başaşak bolmagyňyz üçin asyp goýduk diýmezä...



Rad süresi 41-nji aýat.
,,Olar biziň ýeriň töwereginden gysgaltýanymyzy görmeýärlermi?"
Ýer togalak bolsa onyň haýsy töwereginden gysgaldyp bolar?




Bu getiren aýatyňam Tekiz ýer bilen baglanyşykly ýeri ýok, asla bu getirlen aýaty kerimeleriň hiç haýsysy Tekiz ýeri subut edenok...
Şamuhammet
13 июл 2021, 20:53
Khanture,
geçip barýaka sowlan,
Menem tanaýan köpsüni... Kino zäherdir. Beýnimizi ýuwýan zäher...

Şu saparam aldaýaň khanture, kino, sahna, gaýtam gözleriňi açýar...
zumerchi
13 июл 2021, 20:57
Khanture dostum, sana sozum gutardy))))))), ha arada bir video gordum youtube'de bir amerikanes raketa yasap (tochno bilemak nache km uchandygyny) yer tekizdigini dokazat etjek diyip, amanatyny tabshyran....habardar bol senem bir zat edip goyayma!!!)
#B.S
Автор 13 июл 2021, 21:04
Jeksparro,
:)))
Ýury
13 июл 2021, 21:06
Golliwud bolsun türkmen bolsun tapawdy ýok kino kino bolýar.
Señ
Aýdyşyña görä kini ýalan bolsa diñle

Men hem artist hem rejisýor hem senarist bolup çörek iýýän we girdeji alýan. Inni meñ alýan girdejim we iýýän çöregim haram bolýamy.
#B.S
Автор 13 июл 2021, 21:07
Naziat süresi 30-njy aýaty hakynda ''Vel-arda ba'de zalike dehaha'' sözüniň teswirinde Ýeriň Düýe guş şekillidigi hakynda gidýändigi öň aýdypdym.

Indi Ýer düýeguş ýumurtgasy şeklinden dûýeguş şekline geçipdir. :)))
#B.S
Автор 13 июл 2021, 21:08
Bu ýerde Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýandygyna dahylly aýat ýok!? Bir zat aýtmalymyş diýilse zorladyp barýaňaý!? Ýokardaky getirlen aýaty kerime Şeýtanyň Adamlary azdyryp Güne Taňry diýdirtmegi hakynda barýar. Munuň tekiz ýer bilen baglanyşykly ýeri ýok.

Seniň özüň Ýeriň Tekizdigine degişli Omar Haýýamyň aýdyşy ýaly :''Düňderilip goýulan tabakdyr asmany'' ýaryp tekiz ýeriň kartasyny özüň görüp, suratynam alyp internetde ýaýratmaýançaň bujagaz patarraky mowzuklaryň peýdasyz we subut edilmedik çüýrük temalar...




Men aşagyndaky düşündirişde güne çokunmaklukdan gaýdýar diýip aýtdym.
#B.S
Автор 13 июл 2021, 21:09
Onsoňam bir gepiňde Ýer hereket edenok, ýagny aýlananok diýipdiň. Bu ýokardaky getirlen aýaty kerimede bolsa seniň aýdýanlaryňy ýalanlaýar we aýatyň başynda ''Asmanlar we Ýeri'' galybersede aýatyň soňunda mälim edilen güne çenli şeýle hereketde bolarlar diýip Ýeriň hereket edýändigi aýdylan...


Olar diyen sozden ozal Ay we gunden mysal getirilen.
Şamuhammet
13 июл 2021, 21:11
Khanture,
Aý şo Düýe guşuň ýumurtgasy diýdigimdä...
#B.S
Автор 13 июл 2021, 21:11
Özem Kurany Kerimiň Fussilet sûresinde Ýer asmandan ozal ýaradylynadygy ýazlan. Resmi modelde asman ilki doran son yyldyzlar galaktika planeta bolup gidyar
#B.S
Автор 13 июл 2021, 21:13
geçip barýaka sowlan,
Sen öwût ündewli, didaktik kinolar alsang sozum yok. Golliwuddaky yaly bolmajak zatlara ynandyryan ahlaksyzlygy undeyan kinolar bolsa bashga gurrung
Şamuhammet
13 июл 2021, 21:13
geçip barýaka sowlan,

Arkaýyn işläber brat, seniňki halal...
#B.S
Автор 13 июл 2021, 21:17
Jeksparro,
Howwada menem shony aydyan chatrykda gyra sowlanynky halal
Şamuhammet
13 июл 2021, 21:18
Khanture,
Sen haýsy resmi ylmy okap öwrendiň ona bilemok bizä resmi ylmymda ilki galaktikanyň ýadrosy, soň beýleki ownuk-uşak ýyldyzlar, galaktikalar döreýär diýip öwredilen...

Öňküleriň aýdyşy ýaly Din bilen Ylym kän oňuşýan däldir...