Şu günleriň_HABARLARY

Şu günki okan täsirleri habarlarymyň 3-si hakynda

Sosoial ulgamda iň köp yzarlaýan saýtlarym esasy habarlar, täzelikleri goýýanlardan ybarat. Olaryňam içinde iň köp gyzygýan ugrym: syýasat, sport, edebiýat, ykdysadyýet we.ş.m

Şolardan iň täsirli hasap edýänlerimi öz dilim bilen (ýagny, resmi dil bilen däl-de), size ýetirmekçi...

1. "Lukaşenka Ukraina goşun ibermekçi bolupdyr, emma armiya muňa garşy çykypdyr"
2022-nji ýylyň dekabrynda Belarusiýanyň prezidenti Ukraina basdyryp girmäne buýruk bermekçi ekeni, emma Belarus armiýasi muňa kesgin garşy çykypdyr.
Ýokardan buýruk gelýän hem bolsa, armiya komandirleri munyň sebäbini sorapdyrlar, näme üçin Ukrain halkynyň duýdansyz duşmana öwrülendigini, näme üçin biz ol ýere basdyryp girmelidiginiň sebäbi sorapdyrlar we armiýanyň muňa taýýar däldigini duýdurypdyrlar.
Dogurdanam wezipe ygtyýarlygyňa girýänem bolsa, sen-men ýok beýle komanda beribermeli däldigini biz Russiýa mysalynda-da gördük. Ruslar 15 güniň içinde 100 müň soldat üýşürmäge buýruk berilende, milliona golaý halk aýagyny eline alyp gaçdylar.
Meni gyzykdyran ýeri, şeýle gönümel buýrukdan armiya boýun gaçyryp bilýän ekeni...


2. "Türkiýe taryhynda ilkinji gezek Merkeziň bankyň başlygyna aýal kişi bellenildi"
Ýakynda täzeden prezidentlige saýlanan Ardogan Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygyny aýal kişini, ýagny Hafiza Gae Erkany saýlady.
Mundan başgada Ardogan degerli 90% döwlet aparadynyň ýolbaşçylygyna täze kadrlary wezipä belledi.
Gae Erkan köp wagt Amerikada ýaşan, Goldman Sachs, Marsh McLennan вa First Republic Bank ýaly uly kompaniýalarda işlän.
Täsin ýeri, soňky 4 ýylda 4 gezek başlygy üýtgän Merkeziň bankyň täze ýolbaşçysynyň näderejede özbaşdak syýasat alyp barjagy ekspertleri gyzykdyrýar.
Ekspertleriň aýdyşyça "Ärdoganyň dolulygyna gözastyna alyp bilmeýän ýeketäk meselesi bu - ykdysadyýet". Diňe geçen ýylyň özünde Türkiýede infilýasiya 86% görkeziji berdi. Muňa garşy göreşmek üçin hökümet uzak wagtlap Merkezi bankyň stawkasyny galdyrmady. Bu bolsa köpläp ykdysadyýetçileri haýrana galdyrdy.
Umuman, Erkan hanymdan ýurdyň ykdysady ugruny üýtgedip, infilyasiya garşy göreşde ýokary derek berjegine ynanýarlar.


3. "Täjigistanda Katar emiriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň iň uly metjitlerinden biri açyldy"
Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 8-nji iýunda Merkezi Aziýada iň uly metjitleriň biri uly dabara bilen açyldy.
Açylyş dabarasyna Täjigistanyň Prezidenti we häzirki wagtda Respublikada döwlet iş sapary bilen bolýan Katar emiri Tamim ibn Hamad al-Soniy gatnaşdylar. Resmi açylyş dabarasyndan soň, metjide Ymamy Agzam - Ebu Hanifa ibn Sobit adyny bermek teklip edildi.
Täze metjidiň howlusy 12 gektar ýeri eýeleýär, esasy bina 3 gektar we 3 derwezeden girelgesi bar. Metjit bir wagtyň özünde 133 müň kişini sygdyryp bilýär. Şonuň 43 müňüsi binaň içinde, galany daş töwereginde ýerleşýär.
Gurluşyga 2011-nji ýylda başlanyp, 2019-njy ýylda tamamlanypdy. Açylyşy 2020 nji ýylyň mart aýynda göz öňüne tutulýardy, emma koronowirus pandemiýasy sebäpli soňa galdyrylypdy.
Metjidiň gurluşygyna jemi 100 million dollar harçlanýar. Şonuň 30 million dollary Täjigistan hökümeti tarapyndan, 70 million dollary Katar hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.


Çeşme: Daryo.uz
3 лайков 137 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
10 июн 2023, 00:52
Ärdogan Daşary işler ministri wezipesine hem 8 ýyldan bäri ýurdunyň razwedka gullugyna ýolbaşçylyk edip gelýän Hakan Fidany belledi.
Dowsypat
10 июн 2023, 13:56
Amerika üçin nähili geostrategik ýagdaýlaryň ýüze çykmagy açyk-aýdyň görünip durandyr.Amerikanyň gaty uzakda bolmagy onuň Ýewroaziýada üstün bolmagyna ýol bermeýär.Emma ol hetdan aşa gudratly,şonuň üçin bu sebitdäki hadysalara goşulmazdan tomaşaçy bolubam galmaz.

Sebitiň ähli döwletleri Amerikanyň gatnaşygyna özleriniň ýaşap galmagy üçin zerur hadysa hökmünde garaýarlar.Rossiýa hetden aşa ejiz-ol sebitde (Orta Aziýada) ozalky ýaly imperiýa hökmünde üstünligini dikeltmäge ejizlik edýär.

Ýa-da onuň içinde hereket edýän beýleki güýçleri sebitden çykaryp goýbermäge-de güýji ýetmeýär.Emma ol örän ýakynda ýerleşen we ejiz bolsada,heniz ýeterlik güýje eýe.Şonun üçin oňa üns bermezlikligiň alajy ýok.

Türkiýe we Eýran täsir geçirmek üçin ýeterlik güýje eýe,emma olaryň özleriniň ejizlikleri sebäpli,sebitde bir wagtyň özünde hem demirgazykdan bolýan howplary,hem sebitiň içki garşlyklaryny tertibe salmagyň hötdesinden gelip bilmeýärler.

Hytaý örän güýçli,şonuň üçin Rossiýa bilen Orta Aziýa döwletleri ondan gorkup durýar,ýöne muňa garamazdan,onuň bu ýerde barlygy we ykdysady işjeňligi Orta Aziýa döwletleriniň dünýä meýdanyna ýenede giňiräk göwrümde çykmaklaryna bolan ymtylyşlaryny amala aşyrmaga kömek edýär.

Mundan diňe bir netije gelip çykýar.Amerikanyň birinji derejeli bähbidi şuňa ündeýär,ol (Orta Aziýada) mälim bir ýagdaýy ýüze çykarmaga kömek etmeli.Bu ýagdaý şeýle bolmaly,onda hiç bir döwlet geoplatik çägi öz gözegçiligine doly alyp bilmesin,dünýä jemgyýetçiligi bolsa bu ýerde arkaýyn,hiç hili päsgelçiliklersiz maliýe we ykdysady iş alyp barmak mümkünçiligine eýe bolsun.

Z.Bžezinski"Beýik şahmat tagtasy" kitaby.
Kerbaba
10 июн 2023, 13:58
Гызыклы маглуматлар экен.. Етирип дур!