Tanalmaýan döwletler

Bu zatlary geografiýa sapagynda öwrenmediňiz: Ykrar edilmedik döwletler.

Dünýäde BMG we beýleki halkara guramalary tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedik, ýöne öz hökümetleri, serhetleri we ilaty bolan birnäçe 'döwletler' bar. Bu "tanalmaýan döwletler" köplenç öz taryhyny, medeniýetini, adamlaryny gorap saklamak üçin göreşseler-de, köplenç syýasy we ykdysady taýdan çetde durýarlar. Bu makalada bu ykrar edilmedik döwletleriň birnäçesine jikme-jik durup geçeris.

1. Transnistriýa (Pridnestrovskaia Moldavskaia Respublica)

Moldowanyň gündogarynda ýerleşýän Transnistriýa Respublikasy 1990-njy ýylda Moldowadan garaşsyzlygyny yglan etse-de, häzire çenli halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmeýär. Rus, moldowan we ukrain dilleriniň resmi dil hasaplanýan Transnistriýada sowet nyşanlary häzire çenli giňden görülýär. Ýurduň ykdysadyýeti esasan senagat önümçiligine esaslanýar.

2. Abhaziýa we Günorta Osetiýa

Gruziýa döwletiniň çäginde ýerleşýän bu iki sebit 1990-njy ýyllaryň başynda garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, 2008-nji ýyldaky Gruziýa-Russiýa urşundan soň Russiýa tarapyndan bu iki döwletiň garaşsyzlygy ykrar edildi. Ýagny bu döwletleri diňe Russiýa we käbir döwletler (Nikaragua, Wenesuela, Nauru we Siriýa) tanaýar. Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň öz hökümetleri we harby güýçleri bar, emma ykdysady we syýasy taýdan Russiýa baglydyr.

3. Dagly-Garabag Respublikasy (Artsak döwleti)

Dagly-Garabag döwleti Azerbaýjanyň günbatarynda ýerleşýän sebit. 1992-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda garaşsyzlygyny yglan etdi. Birnäçe döwletler we halkara guramalar Dagly-Garabagyň garaşsyzlygyny goldamaýar we Azerbaýjanyň bir bölegi hasaplamaklaryny dowam etdirýär.

4. Somaliland

Somaliland 1991-nji ýylda Somali döwletiniň çäginde garaşsyzlygyny yglan eden bir territoriýa. Emma bu garaşsyzlygy BMG-niň hiç bir agzasy ykrar etmeýär. Somaliland konstitusion demokratiýa bolup, onuň öz pul, pasport we hökümeti bar.

5. Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy

Kipr adasynyň demirgazygynda ýerleşýän Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy 1983-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etdi. Emma bu döwleti diňe Türkiýe ykrar edýär. 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda bu döwlet "Türki döwletleriň guramasy"na gözegçi döwlet hökmünde agza boldy. Türkiýeden başga hiçbir döwlet Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň garaşsyzlygny goldamaýar.

6. Taýwan (Hytaý Taýpeýi)

Taýwanyň milli olimpiýa komitetiniň baýdagy (Bu baýdak bilen Hytaý Taýpeýi adynda Olimpiýa oýunlaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşýar)
Bu ada döwleti Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan Hytaýyň bir bölegi hasaplanylsa-da, onuň öz hökümeti we ykdysadyýeti bar we birnäçe otuza golaý döwlet Taýwany garaşsyz diýip ykrar etse, galan döwletler ony Hytaý Halk Respublikasynyň bir bölegi hökmünde garaýar. Taýwan döwleti olimpiýa oýunlaryna we käbir sport ýaryşlarynda öz resmi ady we milli baýdagynda çykyp bilenok, ornuna özleriniň milli olimpiýa komitetiniň baýdagynda we Hytaý Taýpeýi (Chinese Taipei) adynda çykyş edýär.

Dünýäde bulardan başgada birnäçe tanalmaýan döwletler bar olaryň hersine aýratyn maglumat berip çyksak, makalamhz uzar gider şol sebäpden şu ýerde bes etmegi makul bildim.

Çeşmeler:

https://en.m.wikipedia.org/wiki/Transnistria
Coene, F. (2010). The Caucasus - An Introduction. Routledge.
Cornell, S. E. (2011). Azerbaijan Since Independence. M.E. Sharpe.
Hoehne, M. V. (2009). Mimesis and mimicry in dynamics of state and identity formation in northern Somalia. Africa, 79(2), 252-281.
Dodd, C. H. (1993). The Cyprus Imbroglio. The Eothen Press.
Bush, R., & O'Hanlon, M. (2007). A War Like No Other: The Truth About China's Challenge to America. Wiley Publishing.

©Baýramgylyç Sapargylyjow
2 лайков 222 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sapar aga
09 июн 2023, 19:50
Masonlar, illuminat diýer öýdüp gorkdum. :)
Sapar aga
09 июн 2023, 19:56
Khanture,
Has öte geçýäň welin, nädeýin bu seniň häsiýetiň. Menem diýerdim welin eşek bilen deň bolmanyň gowy, sözde "intellektual" agam.
Sapar aga
09 июн 2023, 20:01
Seniň bu häsiýetiňden dostlaryň habary barmy? Hany sen näme diýseň kabul edýän dostlaryň? Habary bar bolsa şular ýaly eşek häsiýetiňe garamazdan nädip çydap bilýärler.
#B.S
Автор 09 июн 2023, 20:03
Ahtopot,
Meniň bu häsiýetim diňe saňa gönelen. Meniň bu häsiýetimiň açyga çykmasyna seniň akmaklygyň sebäp
Sapar aga
09 июн 2023, 20:06
Khanture,
Meniň akmaklygym detektiw sözüne düşünmezligimmi? Hemmesini geçdim, men türkmençäni hem bilemok diýeli, seniň şu sözleriňi diýmegiň dogrumy onsaň? Hany onda sözde diýen zatlaryň?
Sapar aga
09 июн 2023, 20:06
Sen ýaly agzalary bloklamaly, diňe ýalňyş görelde bolýaň, "intellektual" agam.
#B.S
Автор 09 июн 2023, 20:12
Ahtopot,
Diňe detektiw däl. Başgada köp zatda ýalňyşýaň, ýalňyşdygny görkezdimem. Ýöne kejirlik bilen ýene öz ýalňyş maglumatlarňy ýazýaň. Bu hem seniň akmaklygyň...
Sapar aga
09 июн 2023, 20:15
Khanture,
Ahaw ýaşuly bir sägin. Haýsy bir ýalňyşan adama (ýalňyşam dälle kelläň aňlamaga ýetenok) ol zadyňy agzap ýörjek? Onda saňa tekiz ýere ynanýanyň üçin agzymyzdan gelenini diýmelimi? Bulam biz üçin ýalňyş netijede?
Sapar aga
09 июн 2023, 20:16
Khanture,
Indi diňle, taryh barada şu saýtdakylaryň agalabasy kän bilýän däldir, bu adaty zat. Ýöne men şolara bilmeýäni üçin "s...." diýmelimi? Bu nähili bolgusyz düşünje?
Sapar aga
09 июн 2023, 20:20
"Meniň bu häsiýetimiň açyga çykmasyna seniň akmaklygyň sebäp"

Ýagny şeýle häsiýetiň bardygyny inkär edeňokmy? Ýöne bu ýazan zatlaryň bilen ters gelýär?
#B.S
Автор 09 июн 2023, 20:20
Ahtopot
Khanture,
Ahaw ýaşuly bir sägin. Haýsy bir ýalňyşan adama (ýalňyşam dälle kelläň aňlamaga ýetenok) ol zadyňy agzap ýörjek? Onda saňa tekiz ýere ynanýanyň üçin agzymyzdan gelenini diýmelimi? Bulam biz üçin ýalňyş netijede?


Wlad nikinde wagtyňa baý sögýädiň... Bu gezek biraz akyllanypsyň güweleme...
#B.S
Автор 09 июн 2023, 20:23
Ahtopot,
Hemmede erbet häsiýalet bar. Hiçkim akja jüýje däl.
Sapar aga
09 июн 2023, 20:24
Khanture,
Soragyma jogap ber. Wlady gürleşmäge wagt tapylar.
Sapar aga
09 июн 2023, 20:25
Khanture,
Sakawlama. Ýagny erbet häsiýetiň bardygyny kabul edip bilen bolsaň bu gowy zat.
#B.S
Автор 09 июн 2023, 20:28
Ahtopot,
Sakawlamak çalt ýazamdan klawiatura doňup harplar ýalňyş ýazylýar.... Sende ýokmy osoň, erbet häsiýet. Näme diýseňem meň bu erbet häsiýetim gowy. Akmak adamlara sögmek...
Sapar aga
09 июн 2023, 20:30
Khanture,
Eýsem akyllylar, akmak adama sögmezlikden tapawutlanyp akylly bolanoklarmy?
#B.S
Автор 09 июн 2023, 20:32
Ahtopot,
Saňa sögmän düşündiremde düşineňoga ?
Sapar aga
09 июн 2023, 20:34
Khanture,
Haý borda dosdum. Şunça zatlar diýeniňe garamazdan saňa sögmän düşündireme biraz namys edip düzelersiň diýip umyt edýän. Menä birine sögemde olam hoşniýetliligini saklaýan bolsa utanybam goýardym.
#B.S
Автор 09 июн 2023, 20:37
Ahtopot,
Hoşniyetlimiň sen? Haý goýsanaý indi. Indi hoşniýetsizdigňi subut edip başlamanksm besedäý akmaklygyňy...