Biwepa köp eken (1-nji bölüm)

-Men näme edeýin ? Ejem "Ölsemem meni saňa berjek däl "diýýär
Güljan bu sözleri aýdanynda göz ýaşlaryny saklap bilmän aglaýardy. Amangeldi gaharyna bäs gelmän Güljanyň üstüne azgyryldy:
-Seniň etmeli zadyň , ejeňe aýtmaly .Men şol oglany çagalygymdan bäri gowy görýän diýmeli , söýýän diýmeli.Ýa ejeň söýgä düşünenokmy?
-Aýdýana aýdýan menem . "Aman ýaly ýeňiýolyga berer ýaly gyzym ýok" diýýär. Meni daýzamyň ogly Muhammede berjek bolýar.
-Muhammede berjek bolar. Muhammet baýda , menem garyp. Men ýaly garyba kim gyzyny beresi geler ?
-Mesele baýlyk garyplykda däl
-Hä onda nämede?
Güljan hiç zat gürläp bilmän içini çekip aglady. Amangeldi oňa dözmän elinden tutup köşeşdirmek isledi.
-Ýeri bolýar . Aglama . Ertir öýdäkileri ugratjak. Kakaň bilen gürleşip gördüňmi?
-Kakama hiç zady bilenogam
-O nähili bilenok ? Näme kakaňa hiç zat aýtmaly dälmi ?  Ol seň kakaň ahyry. Nä kakalara gyzynyň gelejegi gyzykly dälmi? Aý howwada , kakalara bular ýaly zatlar iň soňunda aýdylýar
-Men-ä aýtmana utanýan
-Utanýan bolsaň bir az sabyr et. Göni häzir öýe bardygym , öýdäkilere duýdurýan. Nesip bolsa ertir öýňe gudaçylyga bararlar
-Neme, ejem dagy göwnemeseler näme?
-Göwnemeseler başgaça hereket etmeli bolar
Gyz henizem hamsygym özüne erk edip bilmeýärdi. Gözlerinden bolsa ajy göz ýaşlar şool damyp dur, damyp durdy. Oglan oňa halys dözmeýärdi. Oňa ýuwaşlyk bilen golaýlap , gujagyna gysdy. Olar şeýdip esli wagt gürleşmän dertleşip durdylar...

*  *  *

Amangeldi agşamky duşuşykdan soň giç ýatyp , ir bilen turasy gelmedi . Onda-da ejesiniň zol zol gaýtalanýan :
-Tur oglum okuwdan gijä galaýma -diýen sözlerine zordan kellesini ýassykdan göterdi. Sagada seredip gaýtadan kellesini ýassyga goýdy. Ýene-de eýwandan ejesiniň sesi geldi .
-Tur oglum okuwdan gijä galýaň
-Okuwa entäk wagt bar-a eje
-Onda-da irräk baraý
-Günde şeýdip ir turuzýaňda
-Ýatma, tur perişdeleriň bereket paýlaýan wagty. Bu wagt ýatmak rysgalyňy kemelder oglum
Amangeldi gözlerini açalak-ýumalak edip birsellem otyrdy. Soňra zol bilen ýerinden turup, agyr ädimler bilen hajathana ýöneldi. Öýden çykan badyna säheriň salkyn şemalyna ýüzüni ýelpäp birneme ukysyndan oýandy. Soňra elini-ýüzüni ýuwup daňdandan bäri öý işlerine elewräp ýören ejesine gygyrdy:
-Eje saçagy ýazmadyňmaý?
Oglunyň eşiklerini ýuwup oturan ejesi, oturan ýerinden gygyrdy :
-Ýazdym oglum . Telewizorly jaýa baraý
Amangeldi adatdakylary ýaly saçak başynda ýekedyz oturyp ilki bilen käselere çaý guýuşdyrdy. Ýumşajyk türkmen çöregini döwümläp üstüne mesge , onuň üstüne bal çalyp işdämenlik bilen garbandy. Ertirligini edineninden soň öý eşiklerini çykaryp ýuwup, ütüklenip goýulan akja köýnek bilen garaja balagyny geýdi. Boýunbagyny boýnuna ildirip aýnaň öňüne bardy. Aýnaň öňüne geçip boýunbagyny gowlady, saçyny darap, atyr sepindi. Tahýasyny emaý bilen kellesine goýup, üsti başyna serenjam berdi. Päkmesini açyp , gündeligini alyp bu günki geçiriljek sapaklar boýunça kitaplaryny , depderlerini alyşdyryp päkmesine saldy . Garaja köwşüni hasam garalap geýip, mekdebe ugrady. Ýola çykyp ilersine seredeninde agyr ädimler bilen ýöräp gelýän klasdaşy Myrady görüp garaşdy. Soňra klasdaşlar özara gürrüňe başladylar.
-Aman gowymy dost?!
-Gowylaý, özüň gowumy ?!
-Aý bizdä gowluk ýokdyr
-Hä näme boldy ?
-Ogulnur bilen sögüşdimä
-O näme üçin ?
-Aý doňdyrma alyp bermediň , telefonymyň puly gutardy , bold alyp beräýdä , halys ýürege düşdiläý. Düýn agşam gowy sögüşdimä .Agzymdan gelenini gargadym.
-Aý ýene-de ýaraşarsyňyzlaý . Öňelem näçe gezek öýkeleşip ýaraşdyňyz?
-Ýo ýaraşjak däl indi. Entek ojagaz gyzy edişime seret . Klasda masgara edeýinmi ?
- Ýoklaý gerek däl . Uruş barka sögüş nämä gerek ?
-Düýn Bahargülem jaňyny almadyk bolýa-da
-Bäh, indi näme etmeli ?
-Häzir okuwa baraýyn . Egri otyryp , dogry gürleşerin onuň bilenem . Wi ýogsada nemeläý dost
-Näme ?
-Sende Keýigiň nomeri barmaý?
Dogrysy Amangeldi daşyndan bildirmezlige çalyşsada Myradyň gyzçyl, ulumsy häsiýetini halamaýardy. Şonda-da söhbeti söhbetdeşiň özüne görä dowam etdirdi.
-Ýok. Gyzlaň nomeri sende bolmala
-Wepada bar welin aýrmadyk bolýar...
Klasdaşlar şeýle gürrüňler bilen mekdebe ýetdiler.

(1-nji bölümiň soňy. Dowamy bar )

(05.07.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
0 лайков 206 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
05 июл 2023, 23:26
Obadashym guler yuzin solmasyn,
Dushman gelip bagdan gulin yolmasan

Biwepa kop eken
Biwepa kop een
Biwepa kop eken dunyada diyen aydym yadyma duship gitdi sozbashyny gorup
Elif
05 июл 2023, 23:28
Amangeldi aglap duran gyzyn ustine azgyrylmasady (
Elif
05 июл 2023, 23:29
Gurleshman dertleshmek ayybragam bolsa gowy bolupdyr
Elif
05 июл 2023, 23:32
Senñ eshikleriñi yuwyp otyran ejeñden ertirlik soramany ozi alyp iyyan oglan bolsa gowam bolardy'da, Guljanam bagtly bolardy
Elif
05 июл 2023, 23:34
Umuman aydanda dowamyna garasjak amanat menden gitmese
Gerceknazar
Автор 06 июл 2023, 01:57
Elif, amanat mendenem gitmese dowamyny ýazaryn Enşalla. Amangeldi gahrymanymyzam düzederis ýuwaş-ýuwaşdan. Menem şol Sabo-nyň "Biwepa köp eken " aýdymyna sazlap ýazjak bolýan. Şu gün başyny başladym. Ýaltanman okanyňyz we teswirleriňiz üçin sag boluň . Tankydy bellikleriňizem goýsaňyz hoşal bolaryn :)
Belki
06 июл 2023, 05:43
Ol Aman okuwçy bolup gudaçylyk gürrüñini edip ýörmi?!
Toba.
Onsoñam Amanyñ käbir ýaramaz gylyklaryny düzedip oturmak zerur däl. Hemme kişiñem erbet, gowy taraplary bar. Şol durşuna bize ýetiribermeli.
Gerceknazar
Автор 06 июл 2023, 06:22
Belki,siz hekaýa turuwbaşdan ýalňyş düşünipsiňiz . Ýöne meniň isleýänimem şold. Azajyk düşündiriş geçeýin.Ýokarky bölegine hekaýanyň kumnikasýasy , ýagny iň dartgynly ýerinden bir sahna ,aşakdaky bölegi hekaýanyň başy. Şeýtmek bilen başyndan okyjylary gyzyklandyrmak isledim. Aman iň esasy gahrymanym , entek "Toba" diýdirjek gahrymanlarym öňde. Adyna "Biwepa köp eken " diýip goýmagymyň sebäbi bütün biwepalyklary agzap geçmek isleýän. Liriki gahrymanyň häsiýeti barada pikirdeş ekenik , men-ä hiç bir gahrymanymyda 100% gowy edip görkezip biljek däl.
Kuwwat
06 июл 2023, 06:28
Gerceknazar agamjan sen oz saydyn yokmay gosgulany okajakdymlay senem bir zatlar yazayda soygi hakda
Kuwwat
06 июл 2023, 06:30
Mena haladym we kop kop sagbol
Gerceknazar
Автор 06 июл 2023, 12:41
HerKimDal,sizem hormatyňa sag bol inim. Şu ýerde-de goýduma söýgi hakynda goşgylarymy , bloglarymy yzarlap okabermeli.
Мердан
06 июл 2023, 15:32
Elif,
Merdan Kakageldiýew aýtýar, gowy aýdym.
Мердан
06 июл 2023, 15:37
Sagja bol dost, dowamynam goý okaly bir.