.......
Gaýykçylaryň arasynda ýaryş geçirilipdi.Her gaýyga 9 adam ýerleşip bilýän eken.Bu ýaryşda ýaponlar ýeňiji bolupdyr.Biziňkiler bolsa iň soňky bolupdyrijeleriň barlagyna görä,ýaponlaryň gaýygynda 1 başlyk we 8 kürekçi bar eken.Biziňkileriň gaýygynda bolsa 1 başlyk, 3 orunbasar,4 bölüm müdiri we bir kürekçi bar eken.Ýeňilmegimiziň sebäbi öwrenilip,öz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmänligi üçin,kürekçini işinden boşadypdyrlar.
Tomusky iş jedweli:
Siñekler üçin-05:00-dan 20:00 çenli.
Çybynlar üçin-20:00-dan 05:00 çenli.
Maşynly bolsañ-pyýadalar goýun ýaly.Pyýada bolsaň-sürüjiler mal ýaly.
Dokdor hassany barlagdan geçirip:
-Jenap!Siziň keseliňiz keselhanamyzyň dokdorlaryny baý edýän boldy.
Bimar:
-EýAllam!Men 40-50 manat bilen syparyn öýdüpdim.
Bir ýigit köçede oturan wagty ýanyna bir sakow gelip:
-B-b-b-agyşlarsyňyz,sa-sakowlaryň mek-mek-mekdebi ni-nirede?!
-Başyňa ýapjakmy sakowlaryň mekdebini.Şonsuzam ýokary bilimli sakow ekeniň.
Garry millioner keselläp ýatanda,ähli garyndaşlary toplanyp gelipdir.
-Aýtsaňyzlaň doktor,umyt etsek bolarmy?!
-Umyt edip oturmaň!Bu adaty bir sowuklama.Tizden aýaga galar.
Işe girmek üçin söhbetdeşlik:
-Siz haýsyz ugur boýunça hünärmen?
-Google işläp dursa,luboý ugur boýunça!
Awçydan sudýa sorapdyr:
-Näme üçin bu adam tarap ok atdyňyz?
-Men ony doňuz diýip oýlapdyryn.
-Adamdygyny haçan bildiňiz?
-Aýagyna ok degip,sögünip başlan wagty.
-Çagalygyňda ata-eneň haýsy brendiň eşiklerinden alyp geýdiripdi?!
-"Agamdan galan" brendiniň eşilerinden geýindiripdi.
Sudýa:
-Siz näme üçin hemişe gündiziň günortany ogurlyk edipsiňiz?!
Ogry:
-Ýary gije köp pul bilen gezmek gorkunçda.
Türmede işleýän biri dostuna:
"Biz taraplara-da bar myhman bolup.Ýatyp gaýdarsyň!"
Bir adam çölde suwsap barýan wagty,öňünden guýy çykypdyr."Suw-suw" diýip guýa tarap ylgasa,onuň içinden bir adam çykyp "Hany suw?!" diýýärmişin.
Gyz özüni taşlap barýan oglanyň yzyndan gygyryp:"Meni hiç wagt ýadyňdan çykaryp bilmersiň!"-diýipdir.Şol oglan häzir bu gürrüňi haýsy gyzdan eşidenligini ýatlap bilenok.
Şu gün öýde oturan mahalym,dördüsi geldi.Bir özüm dördüsine garşy çykdym.Hersine bir şapbat berenimden öldi.
Siziň öýüňizde-de çybynlar barmy?!
Bir uly wezipeli adam raýatlar bilen ýygnak geçirýär.
-Biz ozal hem gowy ýaşaýardyk,häzir hem gowy ýaşaýarys,mundan beýlä-de gowy ýaşarys!
Raýatlaryň içinden biri sorag berýär:
-A biz haçan gowy ýaşamaly?!
Almanyň dişlän mahalyňyz,içinden size gurçugyň seredip durmagy erbet.
Almany dişlän mahalyňyz,içinde ýarty gurçugyň bolmagy ondanam erbet.
Sizi kezzaplykda günäkärleýärler!Müşderileriňize ömrüňi uzaldýan derman satan ekeniňiz...Munuň üçin ozal hem sudlanypdyňyzmy?!
-Hawa,1800,1850,1915 we 1960-njy ýyllarda!
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.