Amerikanyň sudy emeli aňyň awtorlyk hukugynyň ýokdugyny aýtdy. Bravo America

Salut saýtdaşlar! Size emeli aň Искусственный интеллект openAl chatbot hakdaky täzeligi ýetirýärin. Bu barada biz makalam.çom saýtynda hem diskussiýa gurapdyk. Gyzyklanýanlar üçin link:
https://makalam.com/adalatlylygyn-heykeli-femida-391/ Şu ýerde awtorluk hukugy barada kommentlerimi okap bilersiňiz. Gyzykly ýeri, meniň bu pikirim bilen Amerikanyň sudunyň awtorlyk hukugy hakda çykaran karary gabat gelýär. Uraaa. Salut salut ýene salut. Edebiýatyň taryhynda bolan iň dogry kararlaryň biridigini aýtmak bilen özümiň bu karary çykaryjylara minnetdarlygymy beýan edesim gelýär. Ýaşasyn Edebiýat, Ýaşasyn ýazyjylar
Iň gowusy ählimizem ýaşalyň! Onda ýene gowy habarlarda görüşýänçäk.

Bägül Ataýewa
4 лайков 230 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
22 авг 2023, 17:07
Gyzykly ýeri, meniň bu pikirim bilen Amerikanyň sudunyň awtorlyk hukugy hakda çykaran karary gabat gelýär.

O nähili?
MILALIKA
Автор 22 авг 2023, 17:15
[b]Khanture[
Salgylanmasyny berdim. Yagny menem şo pikirde. Mundan näçe aý öň makalamda aýdypdym şonuň salgysyny berdim, ýöne men bu pikiri has öňräkdenem aýdyp gelýärdim. Açyklap aýtsam, Emeli aňda awtorlyk hukugy bolup bilmez, sebäbi ol eýýäm döredilen zatlaryň programmasy bolýar. Emeli aň täze bir zat döredip bilenok. emeli aň original pikirden mahrum. emeli aň ýöne bir öýkünme.
Ýene bir ýagdaý Indi biziň ýazyjylaryň döreden zadynda awtorlyk hukugy bar, sebäbi bu adam akylynyň önümi we ol gaýtalanma däl. Diýmek, şo pikire hukuk bermeli. Hukugyň bolan ýerinde bolsa pul bolyar. Men ähli döreden eserlerim üçin henize çenli bir köpügem gazanyp göremok. Ýöne geljekde men baýaryn diýip umyt edýärin. Öz zähmetimiň miwesini görerin diýip. Beýleki ýazyjylar hem şeýderler.
MILALIKA
Автор 22 авг 2023, 17:24
Khanture,
Näme üçin Emeli aňda awtorluk hukugyny aýyrmajak boldular bilýäňmi? Bolmasa robotyň yazyjy däldigi düşnükli zat ahyryn/ Onuň aňyrsynda pul dur. Ýagny ynha aýdaly Murgapda bir garyp itde san bar şonda san ýok bir yazyjy yaşaýar diýeli/ Adyna Bägül diyeli/ Bägül öz ýazan zatlary üçin pul alyp bilenok. Sebäbi hiç kim Bägüle ne gonarar diýip ne-de kitap diýip ne Aý şunyňa tüýs bize gerek zat bolaýdy diyip ýa adamlaryň aňyny baýadýaň aý sen 2-3 müň sany adamy aň taýdan dolandyrýaň diýip pul berenok. Garaz Bägüle hiç ýerden pul düşenok. Ýöne Bägüliň ýazan zatlaryny ulanyp bolýar. Onsoň olar Ýagny Emeli aňçylar alýarlar-da şo ýazylan zatlary peýdalanýarlar we pul gazanýarlar. Indi emeli aňda awtorlyk hukugy ýok bolsa, diýmek ol Bägülde bar diýmek bolýar. Netijede, Bägüle pul düşüp düşmejegi belli däl, ýöne kanun boýunça Bägül baýap biler :) Birhili kän bir köşeşdiriji bolmsa-da umuman şeýleräk
Massimus
22 авг 2023, 21:32
MILALIKA,
ýöne kanun boýunça Bägül baýap biler :)

Baýasaň saýtdaşlaryňada kömek edeweri, sähel podderžka etseň galýan menem:))
MILALIKA
Автор 22 авг 2023, 22:43
Massimus,
? ok
OrazMuhammet Aşyrow
23 авг 2023, 22:57
MILALIKA,
"Искусственный интеллект"-iň nämediginä düşünýän seniň diýen zatlarňada düşündim emma iskustwennyý intelekt nädip Bägül Ataýewaň çöregine daw edip ýör şoňa düşünmedim. Ol intelekt häli türkmen diline girip gelýänçä esli wagt gerek bolar. Ýöne umuman robotlarda awtorlyk hukuky bolmalsyna menem garşy...
MILALIKA
Автор 24 авг 2023, 01:51
mrokas,
Yazyjylara degişli bolansoň diýdim, maňa-da , oňa-da hemmesine