Garym gatym pikirler we şm samsyk zatlar.com

... Ol doňan beýnisi bilen iňsoñky netijä geldi. Ýürek hem beýni umyt diýlen zatdan bihabardy. Ol birsalym durmuşynda bolup geçenleri birin-birin şu wagtky oturan pursatyna çenli göz öňünden geçirdi-de iñ soñkyja çilimini otlady. Relsleri sarsdyryp ýolagçy otlysy gözýetimde peýda boldy...

****

Käwagt töweregime seredip pikirlenýärin: Diňe menmikäm durmyşymdaky indiki basgançaga geçip bilmän ýören.

***

Aýlanyp duran çarhy pelek:
talyp wagtymyz -şu wagt talyp wagtyň hezil wagtyň gadryny bilgin. Diýýärdiler. Ynanmaýadyk.
Indi talyp tanyşlaryma özüm aýdýan şol gürrüñi.

***

Alypbaryjy karýerasy ýöremeýän aýdymçydan interwiýu alýar:
-Siz haçan meşhur aýdymçy bolarsyňyz?
-Haçanda Lallar meniň aýdymlarymy köçede gygyryp aýdanlarynda. Kerler meniň albomlarymy satyn alanlarynda.

***

Gadymky zamanyň manyly jümlesi:
Gadyrbilmeze ýagşylyk etmek çägä suw guýan ýaly birzatdyr.
Häzirki ösen tehnologiýa zamanynyň manyly jümlesi:
Üstünlige birden ýetjek bolmak ol mehaniki skorda birden 5-nji skora geçirjek bolmak ýaly birzatdyr.

***

Daga çykyp gaty gygyryp içimi boşadasym geldi. Ýõne mümkinçiligim bolmansoň stadiona futbol görmäge gitdim gol bolsa bahana bilen gygyraryn diýip. Oýun 0-0 gutardy.

***

Durmuş bizden plastilin ýaly islän şekilini ýasap bilýä...

***

Gyz:
-Söýgülim bilen aýrylyşanymda 16 ýaşymdadym
Oglan:
- Messi çempion bolanda 17 ýaşymdadym

***

Kursdaş gyzym diýýä:
Men söýgülim bar. 12 ýaşymdan bäri söýüşip gelýäs. Häzir 20 ýaşymda.
Men pikirlenýän: ýa-ha men gaty yzda barýan ýa-da gyzlar gaty öňe gidýär
4 лайков 180 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
bahryalniz prenses
23 авг 2023, 01:07
yylgyrdy sps mnden like
OrazMuhammet Aşyrow
24 авг 2023, 06:47
Ýylgyrtmady ýylgyrmadym ýöne diýseň haladym...
Nazar
Автор 24 авг 2023, 09:32
mrokas,
Bolmalsam shoda :)
Süleýman
24 авг 2023, 19:18
Kelle aladadan dolu wagty has gülkilije pirkoly görüp ähli zady unutýan ýazylan degişmelerem göwnümi göterip kellämi ýeňletdi. Sagboluň paýlaşanyňyza!