Asly aslyna,nesli nesline
Rowaýat etmeklerne görä bir Patyşa şeýle bir jar çekdiripdir kimde kim Hyzyr aleýhissalamy görüp, tanap meniň ýanyma alyp gelse şonuň obasy bilen kyrk günläp köşkdäkileriň iýän näzu nygmatlary bilen hezzetlenjekdigni aýdypdyr. Patyşanyň bu hökümi ähli ýerlere ýetirlipdir. Habary eşiden Hyzyr aleýhissalamy görmegini ony Patyşa bilen tanyş etmegi arzuw edipdir. Günlerde bir gün bir ýigit gelip men şony tanaýan diýeýinle näme bolýan bolsa bolsun hiç bolmanda obam hezil edip kyrk günläp köşgüň nygmatlaryndan iýsin bu garyp pukaralykda beýle mümkinçilik bolarmy bolmazmy kim bilýä galanynam näme Alla bilýä bolmanda ýagşy günde ýatlarlar diýip Patyşanyň huzuryna baryp Hyzyr aleýhisalamy tanaýanlygny we ony huzuryna getirjekdigni aýdypdyr. Patyşada sözünde durup köşgüň näzu nygmatlary bilen onuň obasyny sylapdyr. Günler bir birini kowalap kyrk günem geçipdir. Patyşa ýaňky ýigidi öz ýanyna çagyryp Hyzyr aleýhissalam bilen tanyş etmegini aýdypdyr. Ony görmäge mähelle ýygnalypdyr. Ýigit Patyşanyň ýanyna gelip bir çemçe ganymy geçiň onuň aly hezretleri men Hyzyr aleýhissalamy görmedimem tanamogam sizi aldadym diýip ähli zady bolşy ýaly düşündiripdir. Mähelle muňa haýran galypdyr. Patyşa bu ýigide näme jeza bereli diýip 3 sany wezirine sala salypdyr. Şonda birinji wezir älemleriň serweri biz bu ýigdiň süňklerini kesip bölek, bölek edip her obanyň başynda asyp goýalyň diýipdir, şonda mähelleden bir ýigit orta çykyp asly aslyna, nesli nesline huw diýipdir. Patyşa 2-nji wezire seredipdir ol hem munyň etlerini kesip obalaryň itlerne paýlalyň diýipdir. Ýenede ýaňky ýigit orta çykyp asly aslyna, nesli nesline huw diýipdir. 3-nji wezire gezek gelende eý Patyşahy älem siz öz beýikligňizi görkezip günäsini geçiň ýigit ýamanlyk üçin etmändirä öz obasyna bähbidi degsin diýp edipdir, siz öz beýikligňizi adyllygňyzy ediň geçiň günäsini diýipdir. Häliki hoş surat ýigit ýene şol sözlerni gaýtalapdyr. Patyşa nökerlerne ýüzlenip şol ýigidi meniň ýanyma getiriň diýipdir. Getirenlerinden soňra eý ýigit wezirler öz pikirlerini aýtdylar sen ählisine şol bir sözi aýtdyň munyň hikmeti nedir diýipdir. Onda hoş surat ýigit hikmetini aýtsam size men şol siziň gözleýän Hyzyryňyz. Birinji weziriňiziň atasy gassapdy ol ýigidň etlerini kesip asyp goýmagy buýurdy, a 2-nji weziriň atasy dükanlara zat paýlaýardy olda atasyndan görenini aýtdy,3-nji weziriň atasy siziň öňki akylly weziriňizdi olda atasyndan şony miras alypdyr günäsini geçmegňizi sorady herkim asly aslyna, nesli nesline çeker diýdide gözlerden ýitip gitdi. Patyşa ýaňky günäli ýigidiň günäsini bagyşlady.
Atadan hannaslyk öwrenen ogul,
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir.
(Özüňem ketekden bolmarsyň halas.)
Kerim Gurbannepesow (Ýazmasy has agyr düşen goşgy)
Atadan hannaslyk öwrenen ogul,
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir.
(Özüňem ketekden bolmarsyň halas.)
Kerim Gurbannepesow (Ýazmasy has agyr düşen goşgy)
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.