AK SAGAL ÝAŞULY HEM BOLSA "1 2 3 4 5"

Kämahal awtobusa ýada awtoulaglara münüp uzagrak ýollara gidenimizde herhili desgadyr ymaratlaryň, şol sanda gonamçylyklaryň (öwlüýäleriň) gapdalyndan geçmeli bolýars. Ene-atadan ogul-gyza geçen däp-dessura görä, deňinden geçip barýan gonamçylygymyzyň içindäki ýatan merhum bendelere iman diläp töwür, doga-dileg okaýars. Emma kabir adamlar belki ýaltalykdanmy ýa başga sebäplere görämi bellidäl, misli(hamala) bir ýere howlugýanýaly töwür okamak üçin elini döşüne ýetiren mahaly töwüri jemläp "omyn" edýärler. Töwür okanynyň wagty, meň tutan hasabymdan 5 sekundada ýetmeýär. Edýän hereketlerini ösüp gelýän nesile geçirýänliginden we merhumlary sylamazlyk edýäninden bihabarmyka diýen pikir derrew kellä aýlanýar. Beýle zat bolup bilmez ahyry, olar merhum ahyry. Has erbet göz bilen seredenimizde bu hereket merhumlaryň üslerinden gülmegede meňzeýär. Şeýle pikirler bilen öz kellämi agyrdyp gelýän wagtym bir oglana gözüm düşdi. Oglan gulagy nauşnikli aýdym diňläp gelýärdi. Gelip gelip gonamçylyga golaýlanymyzda ol oglan gulaklaryndaky nauşnigi aýyrdy we egnine atdy. Töwür okamaga başlady. Hemmeler ýene şol öňki 12345 gaýtalady. Emma bu oglan takmynan bir minutdan gowurak wagtlap töwür okap ýatan bendeleriň üstlerine nurlaryň ýagmagyny diledi. Ol oglanyň dilinden okan töwirini gapdalynda duranlar eşdip bilýärdi. Hemmeler 12345 edenlerinden ep-esli wagt soňra ol oglan "omyn" diýdi. Hemmeler, hatda ýaşulylar hem bu oglana geň görüjilik bilen seretdiler. Emma meň özim ýalynyň, onda-da şeýle oglanyň barlygyna begendim we öýliýadan gowurak daşlaşanymyzda çalaja ýylgyranymy bilmän galdym. Megerem oglanda ýürejigimiň bir bölejigi galandyr. Bu oglan misli nurlanan ýaly boldy. Soň soňlaram gonamçylykdan daşlaşanymyzdada bu oglana başga adamlaryň seretmegi galmady. Emma oglan hiçzat bolmadykýaly ýene nauşniklerini gulagyna dakyp aýdym diňlemegi, daş-töweregi synlamagy dowam etdi.Beýle ýagdaý köplenç saçak başynda, nahar iýilip bolanyndan soňrada gaýtalanýar. Hamala diýersiň ALLAHYŇ beren näz-nygmatlaryna närza(razydäl) ýaly. Hemmelere degişli! Aýat doga okaýanlar, okamaýanlar, özümüze daşymyzdan seredip göreliň. Ähli zatlary dogry berjaý edenimizde biz nähili nurlanýars. Özümizi aýratyn duýýarys. Meniň bu makalam azda kände pikirlendirer diýip umyt edýärin.

Awtory - IDEALLIDER

Şu makalany awtoryň rugsady bolmazdan başga saýtlarda paýlaşmak gadagan
0 лайков 161 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
21 сен 2023, 12:19
gowy tema gozgapsyň berekella. Menem yzyna bir rowaýat goşmakçy bir oglanjyk düýşünde kakasyny görüpdir kakasy şeýle bir agyr halda eken welin ogly gorkunjyna tisginip düýşünden oýanypdyr. Oglan güni bilen kakasyny alada edip geçiripdir. Ertesi gün agşam kakasy ýene düýşüne giripdir görsüp oglan gözlerine ynanmandyr kakasy nur içinde ýatyrmyş. Ogly durup bilmän kakasyndan sorapdyr düýn düýşümde görenimde halyň gaty agyrdyr a bu gün senden göwni hoş adam ýok bu nämeden alamat diýip sorapdyr. Şonda kakasy bu gün irden bir oglanjyk bir Alham 3 Kulhuwalla okap sogabyny gabyrystanda ýatan bendelere bagş etdi bizde şol sogaby paýlaşdyk maňa ýeteni hem şu boldy diýipdir.
Ulusyny sylamak kiçiniň däbi köşek
Ölüsüni sylamak diriniň däbi köşek
Ölüsini sylamaýan dirileriň
ölendenem has ozal öldügi dälmi köşek
Kerim G. (setirlerde ýalňyşlyk bolup biler mazmuny şeýleräkdi öýtýän öňünden ötünç soraýan)