Burak Özçiwit Türkmenistana geler

Oktýabr aýynda Türkmensitanda halkara kino festiwaly geçiriler. 14-15-nji oktýabrda geçiriljek bu festiwal Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini, ýerli we halkara metbugat wekillerini, medeniýet-sungat ussatlaryny bir ýere jemlär.

Festiwala dünýä kino sungatynda meşhurlyga ýeten ýyldyzlaryň hem birnäçesiniň gelmegine garaşylýar. Olaryň hatarynda «Beýik asyr», «Gurluş: Osman» seriallarynda keşp janlandyran türkiýeli Burak Özçiwitiň, «Taksi» köp bölümli film arkaly meşhurlyk gazanan fransiýaly Sami Naseriniň Aşgabada gelmegine garaşylýar. Mundan başga-da, halkara kino festiwalyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aktýorlary we režissýorlary gatnaşarlar.

Ýeri gelende bellesek, festiwalyň çäginde «RT Doc» teleýaýlymynyň kino işgärleri tarapyndan surata düşürilen ahalteke bedewleri baradaky dokumental filmiň ilkinji görkezilişi bolar.



Çeşme: Türkmenportal
6 лайков 298 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
11 окт 2023, 14:25
Brak Özùçe Vip geljekmiş gyzlar!Kim birinji gujaklap garşy almaşak.
Azasdym.
11 окт 2023, 14:28
Bunynyza gaty gowy tazelik boldy sag bolun.
Suleyman
11 окт 2023, 15:35
Bu aktýor özbege, gyrgyza baranda, ýerli ilatyň (esasanam gyzlaryň) wejeraçylygy dünýä jemgyýetçiliginiň diline düşüpdi...

Düýn, özümem şu habary 1-nji gezek okanymda, bu "gözden çykgynçylyk" bizdenem sowulyp geçmejek eken-ow diýdim...

Munda elbetde aktýoryň günäsi ýok. Ýöne, goňur tokaý aýysynyň işdämenlik, açgözlük bilen depeden sallanyp duran bal arysynyň kökesine towusjak bolşuny ýadyňa salýan şekildäki gyzlaryň ymsynyşyp öňe dyzamaklary çyndanam gözgyny...
RelaX
11 окт 2023, 16:31
bökiň gyzlar
Diamante
11 окт 2023, 18:13
Dowsypat.
Brak Özùçe Vip geljekmiş gyzlar!Kim birinji gujaklap garşy almaşak.

setdars
bökiň gyzlar

gyzlayň iň uly derdi oglanlaryň gepini çekmekdir
Soho
11 окт 2023, 18:23
Menem düýn habarlarda okamda, göni Jony ýadyma düşdi, gujak-gujak gezegi indi Buragyňky diýip...
Soho
11 окт 2023, 18:24
Kara sevda-da şeýlebir ýigrenipdim şu aktýory heleýsypat diýip
Venus
11 окт 2023, 20:47
Bugün Russiýadan otly geldi Aşgabadyň wokzalyna. Konsert üçin öýdýän. Hemem "Wens bal" bar eken Arkadag şäherde.
Venus
11 окт 2023, 20:47
Wenskiý bal*
Rigel
11 окт 2023, 23:07
Näme erkekleriň içinde yokmaý yeňlesi? Gyzlarda gyzlar diýišip. Şol gyzlar diýýänleriňizden sizdede jigi bardyr dogan bardyr
Pegas
Автор 12 окт 2023, 00:48
Men-ä gowy görýän bu aktýory.
DonMaxx
12 окт 2023, 04:23
su aytyanlanam inniki aytjaklanam dogry @Rigel. bollymy
Jeksparro
12 окт 2023, 07:59
Aziada-da bir negr siwilizasiýa salyp gitdi.
Soňam Jony gelip siwilizirläp gitdi.
Indem oň gezegi...
RelaX
12 окт 2023, 09:53
Diamante,
sen çek çekme oz probleman men diyjegimi diyip galyandyryn barbir
Garlawaç
12 окт 2023, 11:14
Wah neresseler ????
Jeksparro
12 окт 2023, 11:39
Jennifer Lopez bilen Anjelina Jolini getirip sahnada näme etseň bolýa diýseler, türkmen oglanlaram kesede seredip durmajaklary bellile... ?

Özümä saklanmaryn, erkek ýaly aýdaýyn. ???
Dowsypat
12 окт 2023, 11:57
Jennifer Lopez bilen Anjelina Jolini getirip sahnada näme etseň bolýa diýseler, türkmen oglanlaram kesede seredip durmajaklary bellile... ?

Hande Erjel gelse etjegim bellile.
Jeksparro
13 окт 2023, 17:57
Dowsypat.,

Döw oýnadyp tüweleý tuzzurarsyňaý. ?