Sobobor - Aleksandr Peçerski
Häzirki Russiýanyň taryhynda şu güne çenli iň derwaýys meseleleriň biri Ikinji jahan urşy bolmagynda galýar. Taryhçylaryň köpüsi, şol uruş wakalarynyň romantikleşmeginiň diňe şol döwre bagyşlanan edebi we çeper eserlere däl, eýsem taryhy wakalaryň düşündirişine-de täsir edendigini bellediler. Konsertleriň hem paradlaryň aňyrsynda üstünlikleri gazanan we ýüzlerçe adamyň ömrüni halas eden belli adamlaryň ady ýitýär. Muňa mysal hökmünde faşistik ölüm lagerinden üstünlikli gutulmagy başaran Aleksandr Aronowiç Peçerskiý mysal bolup biler.
Faşizm bilen Jahan Urşunyň aýylganç ýyllary Sowet Saýuzynyň ähli maşgalalaryna diýen ýaly täsirini ýetirdi . Faşistleriň aýylganç zalymlygy konslagerleriň gurulmagyna sebäp boldy. Bu ýerleriň biri Sobibor ölüm lageri . Emma Sowet tussagy gozgalaň turuzmagy netijesinde ýüz müňlerçe tussagyň ölen ýerini faşistleriň ýykyp tekizlemegine getirdi. Uzak wagtlap gahrymanyň edermenligi kölegede galdy. Diňe soňky onýyllykda Aleksandr Peçerskiniň ady çykyp ugrady.
1909-njy ýylyň 22-nji fewralynda Saşa Peçerskiý Ukrainanyň Kremençug şäherinde dünýä indi. Oglanyň kakasy aklawçy bolup işleýärdi. 1915-nji ýylda maşgala Rostow-Don şäherine göçdi. Maşgalanyň ýewreý kökleri bardy. Bu ýerde oglan orta umumy bilim, aýdym-saz mekdeplerini gutardy. Mekdepden soň, bug lokomotiw abatlaýyş zawodynda elektrik bolup işe başlady. Soňra Rostow döwlet uniwersitetini gutaryp, ýokary bilim aldy.
Peçerskiý işiniň daşyndan höwesjeň çeperçilik çärelerine - drama klubyna ýolbaşçylyk etdi.
Aleksandr Peçerski urşuň ilkinji günlerinde fronta çagyryldy . 1941-nji ýylyň sentýabr aýynda leýtenant çinini aldy. Sowet Soýuzynyň 19-njy goşunynyň artilleriýa polkunda söweşi dowam etdirdi.
1941-nji ýylyň oktýabr aýynda ýüzlerçe müň esgeriň arasynda Wýazmanyň golaýynda nemesleriň gabawuna düşdi. Gyzyl Goşunyň goranyş operasiýasynyň katastrofiki ýeňilmegi, hiç haçan goldaw almadyk ýarym million sowet esgeriniň ölmegine getirdi.
Aleksandr bilen ýoldaşlary agyr ýaralanan serkerdesini terk etmän, faşistik gabawdan geçmäge synanyşdylar. Emma garşy durmak başartmady. Oklary gutaryp ýesir düşdiler. Türmede tif keselinden ejir çekip, sagalmakda 1942-nji ýylda dört ýoldaşy bilen bilelikde gaçmaga synanyşdy, netijede şowsuzlyga uçrady. Şeýle boýun egmezligi üçin Sowet gozgalaňçysy Belarusdaky jeza lagerine iberildi.
Tussagyň daş keşbi ýewreý köklerini açyp görkezmedi. Şeýle-de bolsa, Minskide hakykat aýan boldy. Käbir maglumatlara görä lukmançylyk barlagy wagtynda ýewreý köküniň bardygy bilinýär. 18-nji sentýabrda Aleksandr beýleki ýewreýler bilen birlikde hiç kimiň gaýdyp gelmeýän ýeri bolan Sobibora ýok etmek lagerine iberilýär.
Sobibor ölüm lageri. Sobibor obasynyň golaýynda Polşa.
Sobibor ýewreýleri saklamak we ýok etmek üçin guralan ölüm lagerlerinden biridir. Lager 1942-nji ýylyň maýyndan 1943-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli bolan mahaly bu ýerde 250 müň töweregi tussag öldürildi. Hemme zat beýleki faşistik ölüm lagerlerinde bolşy ýaly bolup geçdi: gelen ýewreýleriň köpüsi derrew gaz kameralarynda ýok edildi. Etli-ganly, eli hünärli tussaglar lageriň içine işlemek üçin iberildi. Aleksandr hem şol bagty çüwenleň biridi. Ol özüni agaç ussasy höküminde tanatdy. Ýeke-täk üstünlikli köpçülikleýin gaçmak bu lagerde gurnaldy.
Sobibordan gaçmagy guramakda tussag edilen sowet esgerleriniň bir topary möhüm rol oýnady. Esgerler ýewreýdi, şonuň üçin bu ölüm lagerine iberlipdi. Olaryň arasynda sowet ofiseri, kiçi leýtenant Aleksandr Aronowiç Peçerski bar.
Bularyň hemmesi 1943-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. Leon Feldhendleriň ýolbaşçylygyndaky ýewreý işçileriniň bir topary lagerde bir topar sowet esgeriniň saklanýandygyny bilip, olar bilen habarlaşmak we gozgalaň guramak kararyna geldi. Alnan harby gullukçylar gozgalaňa derrew razy bolmadylar, sebäbi Peçerskiý nemes prowokasiýasy bolup biler öýdüp gorkýardylar . Şeýle-de bolsa, iýul aýynyň ahyryna çenli Gyzyl Goşunyň ähli ýesirleri gozgalaňy goldamaga razy boldular.
Gozgalaň gowy guralan bolmalydy. Peçerskiý lager garawullarynyň birnäçesini öldürmeli ýarag otagyny ele almaly diýen meýilnama düzdi. Hemme zady taýýarlamak üçin bir hepde töweregi wagt gerekdi. Netijede, 1943-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda aşaklyk bilen bidüzgünçilik başlandy. Lageriň ýolbaşçylary tussaglaryň eden işlerini barlamak maksady bilen iş bölümine “çagyryldy”. Tussaglar 12 SS ofiserini öldürmegi başardylar. Meýilnama bolmalysy ýaly baýardy. Indiki nobat ýarag otagy. Gözegçileriň käbirini aýryp, tussaglar maksadyna ýakyn ýalydy, emma lageriň goragçylary gozgalaňy duýdular. Ýaraglary saklanylýan otag eýelenmän galdy. Başagaýlyk başlandy, tussaglar gaçmak kararyna geldiler. Faşistler ot açmanka, 420-den gowrak adam tikenli haýaty böwsüp gaçdy. Lageriň goragçylary pulemýot ýerleşdirip, ot açyp başladylar. Emma gazanylan wagt, anyk meýilnama, doly ýerine ýetirilmese-de, gaçgaklara kömek etdi. Gyzyl Goşunyň esgerleri 300 töweregi gaçgagy minalaryň üsti bilen geçirmegi başardy. Dörtden bir bölegi minalardan we pulemýotdan öldi. Lagerdäki 550 tussagdan 130 töweregi gorkup gaçmaga gatnaşmady. Ertesi olaryň bary atyldy.
Derrew diýen ýaly esgerler we Polşanyň “gök polisiýasy” gözleg işlerine başlady. Gynansagam ýerli ilat gaçgaklara hemaýat etmedi, tersine olaryň tutulmagyna goldaw berdi. Ilkinji günlerde ýerli ýaşaýjylar tarapyndan 170 töweregi gaçgak tapyldy we şobada atyldy. Bir aýyň içinde ýene 90 gaçgak ele salyndy. Sobibordan diňe 53 gaçgak diri sypmagy başardy.
Şondan soň lager faşistleriň özleri tarapyndan ýok edildi. Nasistle onuň ýerini tekizläp, sürüp, kartoşka we beýleki gök ekinleri ekdiler. Şeýdip yeke-täk üstünlikli gaçylmagyň üstüni örtjek boldular.
Aleksandr Peçerski diri galanlaryň birnäçesini Belarusiýa alyp gitdi, şol ýerde Şors partizan toparyna goşuldy. Saşko Peçerskiý tarapyndan halas edilen 53 öňki tussagyň söweşiň ahyryna çenli aman galandygy mälimdir.
Şeýle-de bolsa, 1944-nji ýylda, Belarus azat edilenden soň, dönüklikde aýyplanyp, jeza batalony iberildi. Aleksandr ol ýerde yeňişe çenli söweşdi, kapitan derejesine göterildi , aýagyndan ýaralandy. Peçerskiý hassahanada gyzyny dünýä inderjek aýaly Olga Kotowa bilen tanyşdy. Peçerskiý jeza batalýonynda gulluk edip ýörkä, Moskwa baryp, faşistleri birnäçe wagşyçylykda aýyplap, şaýatlyk etdi.
Peçerskiniň uruşdan soňky durmuşy aňsat bolmady. 1947-nji ýyla çenli teatrda işledi. "Dönükligi" sebäpli işini ýitirdi. 5 ýyl töweregi işsiz gezdi. 50-nji ýyllarda zawodyň ýönekeý işgäri bolup işe girmegi başardy. Peçerskiý ömrüni Rostow-Donda geçirdi.
Peçerskiniň edermenligi ençeme ýyllap watanynda bilinmedi. Oňa ýönekeý adam höküminde garalýardy. 1987-nji ýylda “Sobibordan gaçmak” filmi daşary ýurtlylar tarapyndan düşürlip dünýä ekranlaryna çykdy. Gozgalaňy guraýjynyň roluny Rutger Hauer ýerine ýetirdi. Hauer Saşko Peçerskiý roly üçin “Altyn globus” baýragyny aldy. Şol döwrüň Sowet raýaty hökmünde uruş gahrymanynyň filmiň premýerasyna daşary ýurda gitmegine rugsat berilmedi. Ýöne Saşany dünýä tanap ugrady. Peçerskiý Ysraýylda tanalýan gahrymana öwrüldi ; ol ýerde Saşanyň ýadygärligi dikildi.
Aleksandr Peçerskiý 1990-njy ýylda aradan çykdy. 80 ýaşan Aleksandr Aronowiç dogduk şäheri Donda, ol ýerde, Demirgazyk gonamçylygynda jaýlandy.
Batyr ýesir ölenden soň, 2007-nji ýylda ýaşaýan öýünde ýadygärlik nyşany peýda boldy. 2015-nji ýylda dogduk şäherindäki bir köçä Peçerskiniň ady dakyldy. 2016-njy ýylda gahrymanyň agtygy prezidentiň elinden Batyrlyk ordenini aldy. Bu hezzetler ol dirikä edilmedi.
Baýraklary:
1951 - "Harby hyzmatlary üçin" medal
Medal "1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk Urşunda Germaniýadan üstün çykmak üçin"
2013 - “Polşa Respublikasy üçin hormat ordeni”
2016 - “Batyrlyk ordeni”
2007 - Aleksandr Peçerskiniň öýüne ýadygärlik nyşany oturdyldy.
2012 - Tel Awiwde Aleksandr Peçerskiniň heýkelden ýadygärligi dikildi.
2014 - “Rostow-Don ýyldyzlarynyň prospekti”.
2015 - Rostow-Donda bir köçä Aleksandr Peçerskiniň hormatyna ady dakyldy.
2016 - Kremençugdaky bir köçä Aleksandr Peçerskiniň ady dakyldy.
2018 - Moskwadaky bir köçä Aleksandr Peçerskiniň ady dakyldy.
Kinolar:
“Sobibordan gaçmak” (Побег из Собибора
1987 г)
"Sobibor" (Собибор
2018)
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.