Sues kanaly
Şu ýyl Müsürdäki Sues kanalynyň girdejisi 6,3 milliard dollara ýetip, kanalyň taryhynda iň ýokary görkeziji boldy. Bu barada kanalyň administrasiýasynyň başlygy Osama Rabia habar berdi.
Kanalyň taryhynda görlüp-eşidilmedik rekordlar goýlup, ýyllyk girdejisi 6,3 milliard dollara deň boldy.
Bu mukdar kanalyň 5,6 milliard dollar girdeji gazanan 2020-nji ýyly bilen deňeşdirilende, 12,8 göterim ýokarydyr. Mundan başga-da, Rabianyň pikiriçe, ýyllyk arassa tonnajyň mukdary hem, 1,27 milliard tonnadan geçip, rekord derejä ýetdi, bu hem geçen ýyldakydan 8,5 göterim köp. Umuman aýdanyňda, 2020-nji ýylda kanaldan iki tarapa geçen 18 müň 830 gämi bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda 20 müň 694 gäminiň geçendigini aýtdy.
Sues kanaly 1869-njy ýylyň noýabr aýynda gämi gatnawy üçin açyldy. Onuň işe girizilmegi, ozal tutuş Afrika yklymynyň daşyndan aýlanmaga mejbur bolan söwda we harby gämiler üçin Aziýadan Ýewropa deňiz ýoluny azyndan, 8 müň km gysgaltmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bu kanalyň uzynlygy 160 km, çuňlugy hem 20 metrden gowrak bolup, dünýäniň iň uly gämilerine, şol sanda, iň uly nebit tankerlerine-de geçmäge mümkinçilik berýär.
2015-nji ýylda kanalyň 72 kilometrlik täze şahasy açyldy. Ol köne we täze kanallar boýunça bir wagtyň özünde geçip bilmek mümkinçiliginiň hasabyna transport arteriýasynyň kuwwatyny günde 49-dan 97 gämä çenli iki esse artdyrmak üçin niýetlenendir. Müsüriň häkimiýetleri 2023-nji ýyla çenli Sues kanalynyň tutuş toplumyndan alnan girdejiniň ýylda 15 milliard dollardan geçer diýip garaşýarlar.
Geçen ýyl bu kanalda häzirki zaman taryhynda iň uly hadysalaryň biri bolup geçdi. 23-nji martda Panamanyň baýdagy bilen ýüzýän 400 metr uzynlykdaky “Ever Given” konteýner gämisi kanalyň birmagistrally günorta bölegini petikledi. Gämini ýalpak ýerden çykarmak üçin alty gün gerek boldy, şol döwürde 400-den gowrak gämi geçelge üçin hatara düzüldi we dyknyşyk Hindistana çenli uzady. Kanalyň ýolbaşçylary ýetirilen zyýany we konteýner gämisini aýyrmak üçin çykdajylar üçin eýesinden 916 million dollar öwez tölegini talap etdi. 7-nji iýulda taraplar ylalaşyk şertnamasyna gol çekip, takyk mukdarynyň gizlin maglumatdygyny we şertnamalaryň jikme-jikliklerini aýan etmekden saklandylar.
p.s Makala 2021-nji ýyla degişli.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.