Moda boldy.

"Sowapdan pul gelmez" diýip,
Diniň ýoly ýoda boldy,
Utançsyz gyz açyk geýnip,
Ten görkezmek moda boldy.

Söýýän diýip berip wada,
Ertesi gün atyp oda,
In soňunda galyp ýolda,
Ýalan söýmek moda boldy.

Ýazgytda bar bir gün ölseň,
Ýaryn aglar gözüň ýumsan,
Kyrk gün aglap, kyrkyňdan soň
Ýar tapynmak moda boldy.

Ejizleri ezýänler kän,
Şoňa nädip dözýärlerka,
El uzadyp kömek etmän,
Basyp geçmek moda boldy.

Garyp galsa öz başyna,
Kemli gararlar işine,
Emma, barlyň ýalňyşyna,
El çarpyşmak moda boldy.

"Zor sen",göwün açylýança,
Şampan,şerap içilýänçä,
Pul baýlygyň eçilýänçäň,
Ýaranjaňlyk moda boldy.

Adam ogly bu ne ahwal,
Geljegiňe parhsyz bakyaň,
Şu gün şular moda bolsa,
Ertir beteri bolmagy ahmal.
1 лайков 136 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
TtDžumaýewa
05 янв 2024, 19:56
Gaty gowy gosgy awtory ozunizmi?
Seneca
06 янв 2024, 02:21
Diniň ýoly, kadalary pul üçin, gazanmak üçin, eýe bolmak üçin ýoda bolmady, aslynda-ha (edil bizde) dine hiç zat bolmady. Adamlar näçe erbetlik etse-de, näçe günä, haram, aýyp diýip hasaplanýan zatlary etse-de, özlerini ahlakly, dini bütin musulman hasaplamaga meýillidirler. Bulam din bilen dahylly däl-de, adamlaryň ikiýüzliligi bilen baglanyşykly zatmyka diýýärin. Diniň ýolunyň ýoda bolmagynyň asyl sebäbi bolsa, maňa görä aslynda hem diniň ýolunyň gaty çydamsyz, döwülmäge, çagşamaga gaty açyk bolmagydyr. Heniz diniň dörän döwründen başlap, arak içmäň, doňuz eti iýmäň, haram iýmäň, haram geýmäň, gazanmaň diýlen zatlar bozulyp, ýoýulyp gelinýär. Hatda şeýle diýsegem bolar: din adamlary näçe erbetlik etmäň diýip ündese hem, adamlar göni tersini etmek üçin elinden gelenini edipdirler. Osmanly şalarynyň aglabasy arak içýärdi, özüni hidaýata ýeten hasaplan kişiler, özlerini uly gatlak hasaplap hemme zady edýärdi, hak iýilýärdi, adam öldürilýärdi, talanýardy, gyrylýardy. Din jemgyýeti birleşdirmek wezipesini kadaly ýerine ýetirip bilse-de, adamlaryň gowy bolmagyna, erbet zat etmezligine hiç hili böwet bolup bilen däldir, diňe käbir toparlaryň ýa-da şahsyýetleriň ygtybaryna baglylykda bu meselelerden saklanandyrlar. Indi-hä din, erbetligi saklaýan däl-de, ýaýradýan ulgama öwrüldi, munyňam sebäbi diniň ulanylmaga gaty açyk bolmagy sebäpli adamlaryň (we käbir häkimiýetleriň, şahsyýetleriň) ony ulanmagydyr.
Bu meselelerden seredip görmedik şahyr bolsa, diňe diline gelenini ýüzleý görnüşde ýazandyr, sebäbi şahyr bolmak, göni sowatly bolmak däldir.

"Açyk geýinmek" bilen, "ten görkezmegiň" arasynda tapawut bar, bir zady geýmek we onuň açygrak bolup, teniň görünmegi bilen teniňi bilip görkezmek tapawutly zatlardyr, we ikinjisi utançsyz hasaplanyp biljek zatdyr sebäbi hakykatdanam utançsyzlykdyr.
Seneca
06 янв 2024, 02:21
"Ýalan söýmek" sözlemi, 05-10 aralygyndaky ýaşlaryň (çagalaryň) sözlemidir diýlen pikir kelläme gelýär, sebäbi bu meseleler heniz gatnaşygyň nämedigine düşünip bilmeýän, aňy kämilleşmedik kişileriň gatnaşyk gurmaga synanyşmagy bilen döräp biljek adaty zatlar. Emma ýaşy ulyrak kişileriňem lebzini ýuwudyp ýören kişilerdigini pikir edemok, bolsa-bolsa azyrak bardyr.

Ejizleri ezýänleriň kän bolmagy, olaryň hakykatdanam ejiz we ysnat bolmagy we bu ýerde ýene bir mesele, ejizligi beýiklik hasaplaýan garaýyşdyr, emma men ejizligiň mydama ulaldylyp, ony mukaddesleşdirmegiň kän dogrydygyny pikir edemok. Bu kişi näme üçin ejiz, näme kem taraplary bar, kem taraplaryny, ýetmezçiliklerini, gorkylaryny-gaýgylaryny, aladalaryny özi ýeňip (ýa-da ýeňmäge synanyşyp), bu ugurda alada etmeýän – dyrjaşmaýan bolsa bu ýerde ol kişä ysnat we ýalta däl-de, näme üçin ejiz diýip eýe çykmaly? Puly ýokmy, işläp biler, gorkakmy, gorkusyny ýeňmäge synanyşyp biler, gaýgyly we aladalymy, kitap okap, bu duýgylarynyň we başga duýgularynyň aslynda boşdygyny öwrenip biler, ýakyny ýitirdimi, bolup biläýjek zat, sabyrly, şükürli bolmagy öwrenip biler, bu zatlaryň hemmesi adamyň öz elinde, şol sebäpli men "has gowy bolmak öz eliňde" diýýärin, ýagny isleseň edip bolmajak zat ýok, etmeýän bolsaň kim günäkär? Hä, egerde eli-aýagy ýok bolsa, ruhy taýdan kemçilikli, öz eden zatlaryna düşünmeýän aň taýdan kemçilikleri kişiler bolsa düşünse boljak. Sebäbi bu adamlaryň elinde däl bir zatlar edip bilmek. Lenç edilen zatlary gaýtalap ýazmak häzirki edebiýatyň modasy bolupdyr maňa görä-de, şuny ýazanyň özi hem onça-munça zatlary edýändir welin, lenç edileni üçin paýlaşan bolaýýarlar.

"Kömek etmek" meselesem, gaty uly meseledir, "näme üçin kömek edenoklar" diýip, aýdylaýjak aňsat zat däldir. Şu güne çenli saňa ýagşylyk edip, minnetdarlyk bildiren adamlaryň kän däldigine ant içip bilerin, emma subut edip bilmerin. Kömek edeniň özüňe duşman, ýagy bolup çykaýýar. Sebäbi adamlar indi pespälliligi, hoşniýetliligi, pes göwünliligi ysnatlyk, tenteklik hasaplaýarlar. Kömek edeňde ediljek käbir düzgünlerem bardyr, emma olara giremok şuwagt.

Garyp galmak meselesem ýaňky aýdyşym ýaly, "garyp boldy hüü" diýip oturmaly ýa-da ýazyp ýörmeli däl-de, işlemeli, ýokmy, tapmaly. We "kem garaýandyrlar" öýdemok kän, ykdysady, maddy ýagdaý her döwürde-de iň wajyp zatlaryň biri bolandyr we şuwagtam gaty wajypdyr. Şol sebäpli käbir adamlaryň saýlawlaryny maddy zatlara, ykdysadyýete görä ulanmagy adaty zatdyr.

Indi "gowy, gowudyr, erbedem erbet" logikasy bilen owadanlap goşgy ýazýanlaram moda bolmadymy? Meniň pikirimçe boldy, ilki bilen dost, adalat, erbet, gowy, din, kada-kanun, jemgyýet ýaly adalgalary içgin öwrenip, onsaň bir zatlar etmäge synanyşsalar gowy bolaýjak ýaly, sebäbi bu zatlaryň hersi barada aýratyn kitap ýazyljak derejede uly zatlar.
Batyr
Автор 06 янв 2024, 09:57
Džumaýewa,
Yok, awtory Merdan Nuranow.