AÝAMA DAMAN DAMJA
(oýlanma) Irden gözümi açyp, penjireden daşary seredenimde asmandan inýän ýagyş damjajyklarynyň ýer bilen birleşen çagy çykaran ýakymly sesi gulagyma belli kompozitor Şopeniň döreden sazlary kimin ýakymly eşidildi. Şol pursat ussadyň döreden meşhur sazlaryndan birini açdym-da, daşardan gelýän owaz bilen sazlaşyklaryny üns bilen diňlemäge başladym. Ýuwaşlyk bilen başlanýan saz ýagyş damjalarynyň mylaýym sesi bilen gatyşyp gitdi. Bu ýagdaý birden seni ýadyma saldy. Asmanyň ýüzüni örten bulutlaryň arasyndan çykyp, bir sekundyň dowamynda jahany ýagtyldan güneş kimin meniň hem garaňkylyga gaplanan göwnümi aýdyňlatdyň. Sazlaşyp giden owazlar ýaly gysga wagtyň dowamynda ysnyşdyk bir-birimize. Dertlerimi paýlaşýan, maslahat soraýan ýakyn adamlarymyň birine öwrüldiň az salymda. Bagtyň jümmüşinde gurlan altyndan tagtda oturmagyň nähili duýgudygyna seniň saýaňda has gowy göz ýetirdim. Dünýädäki ähli zadyň soňy bar. Soňsuz diýip hiç zat ýok. Hemme zat bir gün soňlanýar. Seniň bilen başlan hekaýamyza hem şu ýazgylar bilen nokat goýýan. Kalbymy gozgalaňa salýan duýgularym muňa rugsat edenok, elbetde. Emma biziň üçin iň bähbitli ýoly saýlandyryn diýen umyt bilen senden uzaklaşýan. Seniň bilen baglanyşykly ýadyma ýazan ähli zadym geljekde ýüzümde ýylgyryşyň peýda bolmagyna sebäp boljak ýatlamalar. Gysga wagtyň içinde başdan geçiren owadan ýatlamalarymyz birden göz öňümde janlanyp gitdi. Edil şol pursat aýama daman damja ýüregimde turýan harasadyň nyşanydy. Harasady diňdirmek üçin şu güne çenli özümde terbiýeläp gelýän erkimi we sabrymy peýdalanmakçy. Ýüregimi jylawlap, oňa hyýallaryň dünýäsine uly umyt bilen edýän syýahatynyň asla amala aşmajakdygyny düşündirip biljek ýeke-täk zat — erkim. Duýgularymy ynjydyp, kalbymda açylan ýaranyň bir gün bitjekdigine ynam bilen garaşmagyma kömek etjek zat bolsa — sabrym. Men diýseň sabyrsyz ynsan. Soňky günlerde muňa has gowy göz ýetirdim. Gözlerimden akýan ýaşyň yzasyny bedenimiň her bir öýjüginde duýýan. Bu yza hiç haçan soňlanmajak kimin janymy ýakýar. Özümi tebigatyň goýnuna taşlamak isleýän. Ýüregimiň ýangynyny tebigatyň mylaýym şemaly üfläp sowatjak ýaly duýýan. Ýekelikde gök asmanyň astynda, baglaryň saýasynda tebigat bilen dertleşip ýöremek bir azajygam bolsa ýüregime ýeňillik berýär. Ynsanlardan uzaklarda sessiz ýerde ýüregimiň derdini diňläp, ynjan göwnümi emaý bilen bejermäge synanyşýan. Içimden bir ses diýýär: “Gynanma, hemme zat seniň gowlugyň üçin bolýar”. Men bu söze ýürekden ynanýaryn…
Laçyn RAHMANOWA
http://blog.gyzykly.online/posts/ayama-daman-damja
Laçyn RAHMANOWA
http://blog.gyzykly.online/posts/ayama-daman-damja
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.