Sen haýsy topardan

Umuman aýdanda hemme zadyň gözbaşyny gadymdan gözlemeli.Munyň üçin biz
süýşüp gidip Oguz han atamyzyň döwrüne baryp ýetmeli.
Ilki bilen Oguz han atamyzyň wesýetlerini öwrenmeli. Şol döwürde ýaşan
türkmenleriň däp-dessurlaryna seretmeli.
Oguz han atamyz dünýäni basyp alypdyr diýýär. Bu ýagdaý öz-özünden
bolan däldir. Dünäýni basyp almak üçin gerekli zatlary edendirler.
Dünýäni basyp almak üçin halk jebis bolmaly. Serkerdäniň
buýrugyny ýerine ýetirmeli.
Jebisligiň nähili wajypdygyny görkezmek üçin daşyna ýygnan halka
şu aşakdaky emeli görkezipdir. Ol eline ilki bilen birje ok ýaýdan
alyp olary aňsatlyk bilen döwüpdir. Yzyndan bolsa bir gysym
ok ýaýy bir jemläp olary döwüp bilmebändigini aýdypdyr.
Ol ýene bir topar wesýetleri galdyrypdyr. Bu wesýetleriň nämeden
ybaratdygyny biljek bolsaňyz Ruhnama kitabyny okaň.
Bu ýerde ýene bir örän wajyp meseläni Oguzhan atamyz aýdyp gidipdir.
Ol halky esasy üç bölege bölüp birinji danalary orta çykarypdyr.
Olardan ýurdyň baştutanlary orta çykmaly
Ikinji ýürekli batyr ýigitleri orta çykaryp olardan ýurdy goramaly
serkerdeler topary çykmaly diýipdir.
Üçünji bolsa daýhanlar we çopanlar topary. Bu topar ýurt üçin der
döküp işlemeli.Bu topardan ýurt baştutany bolmaly däl.Ýurt
baştutanlary bolsa öňden gelýän patyşalaryň neslinden bolmaly.
Bu gadymy türkmen däbi. Men oýlap tapmadym. Emma bu saýtda käbir
agazalar gelip çykyşynyyň kimdigini ýatdan çykaryp
özlerini danalar toparyndan edip görkezmekçi bolýarlar.
0 лайков 80 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jacksparro
07 фев 2024, 10:55

Kimkä bu ýerdäki dana agzalar ?

#B.S
07 фев 2024, 13:59

ikimiz bolaýmasak ??‍♂️

Pegas
08 фев 2024, 01:53

Ilki bilen Oguz han atamyzyň wesýetlerini öwrenmeli. Şol döwürde ýaşan
türkmenleriň däp-dessurlaryna seretmeli.

Oguz hanyň ýaşan şahsyýetdigine ynanamok men-ä. Mif ol. Bar, şol ýaşan bolaýanda hem, türkmen milleti barmy nä o wagt? "Türkmen" diýen sözem ýokdur o wagtlar.

Seneca
08 фев 2024, 04:24

Mowzugyň başyny okanymdan göni birinji bilen şol kelläme geldi, "aýtsaň gep bolar, aýtmasaň – dert" diýdimde goýaýdym. Häzir şu gardaşyma "nämemiş Oguz hanyň wesýetleri?" diýip sorag bersek, uly ähtimallyk bilen okuw kitaplarynda okan zatlaryny nygtamaga synanyşar, sebäbi "wesýeti" diýlen gepe diňe şonda gabat gelipdim. Oguz han türkmenleriň däl-de, Oguz türkleriniň atasy hasaplanylýar, intek taryhy şahsyýetmi, ýa-da dälmi, ol çekeleşigi bir gyra süýşürenimizde. Oguz hanyň Oguz türkleriniň (Siriýa, Yrak, Azerbaýjan, Türkiýe, Türkmenistan türkleri) atasydygyna diňe ynanylýar, şeýle çaklama (teoriýa) ýöredilýär. 

Oguz hanyň taryhy bir şahsyýet bolandygyna degişli anyk delil-subutnama ýok, taryh resminama bilen hereket edýär we şony esas alyp pikir ýöredýär, çaklama döredýär, eger şol resminamadan (şol döwürde ýazylan çeşmeler, gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ele geçirlen tapyndylar) deňeçerräk çykyp ugrasa, biri-birine kybapdaş gelýän bolsa, onda şol dogry kabul edilýär. Oguz hanyň ýaşandygyna degişli görjezilip bilinäýjek ýekeje çeşme Oguzhan dessanydyr, ol hem bir dessan bolandygy üçin, delil kabul edilmeýär ýa-da şoňa esaslanyp bir netijä gelinmeýär. Şeýle-de dessanda agzalýan zatlar çeper fantaziýa bilen bezelen, owadanlaşdyrlan. Mysal üçin, Oguz han doglanda gürläp başlaýarmyş, adyny özi goýýarmyş, aždarha bilen söweşýärmiş, ony öldürýärmiş, şeýlelik bilen gahryman bolýarmyş we ş.m. 

Dessanyň bir taryhy şahsyýete, ýaşap geçen bir ynsana esaslanyp ýazylandygyny aýtmak bolar, emma bu mesele babatynda elimizde delil bolmaz. Şeýle-de bu barada (Oguz hanyň kimdigine degişli) dürli-dürli tapawutly garaýyşlardyr çaklamalar bar. Meselem Mete (Mao-Tun) hanyň (Hun hökümdary) döwleti 2 taýpadan (sag we sol) ybaratmyş, 24 serkerde tarapyndan dolandyrylýarmyş, Oguzlaram 24 taýpadan ybarat we Üçok-Bozok diýip ikä bölünýär. Mete han ilki kakasy tarapyndan ýuweýjilere berilýär emma ogly gaçyp, döwletine baryp kakasynyň bu etmişi üçin ony öldürýär, Oguz hanyň hem Yslam wersiýasynda, kakasy Gara han Oguzy dini ynanjy sebäpli öldürjek bolýar emma Oguz ony öldürýär. Şeýle meňzeşlikler sebäpli käbir alymlar Oguz hanyň aslynda Mete handygyny çaklaýarlar, netijede Mete hem türkleriň ilkinji beýik hökümdary hasaplanylýar. 

"Oguz" sözüne ilkinji gezek Ýeniseý ýazgylarynda (VII) gabat gelinýär, onda şeýle geçýär:

"1 - Er erdemi atım tabdım erdemi... (üçün ?)

2 - Öz Yiğen Alp Turan Altı Oğuz budunda üç yegirmi (yaşımka) adırıldım 

3 - Beg erikime sizime adırıldım."

Ilki alty taýpadan ybarat bolan (bolandygy çaklanylýan) Oguzlar, ikinji Göktürk döwründe Tula derýasynyň kenarynda ýaşaýardylar we dokuz taýpadan ybaratdylar. Bulara-da "Dokuz Oguzlar" diýilýär. 

Seneca
08 фев 2024, 04:29

Soňra Göktürk döwleti dargaýar, Uýgurlar gelýär Uýgurlardan soňra Gyrgyzlar gelýär, taýpalaram günbatara göçýär, ol ýerde-de Syrderýa (Seýhun) Oguzlary gabat gelýär ýagny ullakan bir taryh, birtopar hadysalar. 


"Türkmen" sözüne bolsa Yslam çeşmelerinde ilkinji gezek X asyrda Mesudynyň eserinde gabat gelinýär, aslynda Hytaý çeşmelerinde bir hatda ondan öň geçendigem aýdylýar (tejümeng görnüşinde), emma doly anyk däl. 


Mahlasy, uly gürrüň. Bu agzamyz bolsa göýä Oguz hanyň özüniň atasydygyny soraglap, idäp-agtaryp öwrenen ýaly gürläp, wesýetinden hem söz açýar. Hol gün bir ýaş-ýeleňleriň biri şu meselede şeýlebir ynamly gürläp düşündirjek bolýar, Oguz hanyň ýaşandygyny we atamyzdygyny, atamyzdygyny kabul etmeseňem "türkmen" bolmajagyňy aýdýardy, menem "näçenji ýylda ýaşap geçipdir?" diýdim welin tarpa kesildi, derrew Google-a girip ýazandyr soňam görendir ýylynyň ýokdugyny.)  

#B.S
08 фев 2024, 05:50

Kim olduklari anlaşidi. Biz degilmişiz ?