Magraj gijesi
«Isra» sözi «gije ýörişi» diýen manyny aňladýar. «Magraj» sözüniň bolsa «merdiwan» diýen manysy bardyr.Isra we Magrajyň şerigat adalgasy hökmündäki manysy Allatagalanyň gudraty bilen Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň bir gije syýahaty we uly derejelere göterilmegidir.
Allatagala ýakynlygyň iň üstün derejesi bolan magraj wakasy, adamyň aňlamagy mümkin bolmadyk bir hadysadyr. Muny tebigat kanunlary bilen düşündirmek hem mümkin däldir.Magraj wakasy hijretden bir ýarym ýyl öň Mekke şäherinde bolup geçipdir.
Ony gysgaça şeýle beýan etmek mümkin. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam rejep aýynyň 27-nji gijesinde Käbede uklap ýatyrka, ýanyna Jebraýyl perişde gelip, onuň Allatagalanyň beýik huzuryna çagyrylandygyny habar beripdir. Şondan soňra Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Jebraýyl perişdäniň ýolbeletliginde Burak atly bir ulaga münüp, Mekkedäki Metjid-i Haramdan Kudusdaky Metjid-i Aksa gelipdir.
Magrajyň bu bölümi «Isra» süresiniň 1-nji aýatynda şeýle beýan edilipdir:
»سُبْحَانَ الَّذِي أَسْرَى بِعَبْدِهِ لَيْلًا مِنَ الْمَسْجِدِ الْحَرَامِ إِلَى الْمَسْجِدِ الْأَقْصَى الَّذِي بَارَكْنَا حَوْلَهُ لِنُرِيَهُ مِنْ آَيَاتِنَا إِنَّهُ هُوَ السَّمِيعُ الْبَصِيرُ«
«Bir gije bendesini (Muhammedi) aýat-mugjyzalaryndan (käbirini) görkezmek üçin, (Mekgedäki) Mesjidi Haramdan (Kudusdaky) töweregi mübärek bolan Aksa Metjidine seýran etdiren (Alla) ähli kemçiliklerden päkdir. Ol (ähli zady) eşidýändir, görýändir».
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam Kudusda birnäçe wagtlap galyp, iki rekat namaz okapdyr. Şondan soňra başga bir ulag bilen göklere çykypdyr. Has soňra hem hiç bir adamyň, hiç bir perişdä miýesser etmejek uly derejelere göterilip, hiç bir araçysyz gönüden-göni Allatagaladan wahyý alypdyr. Magrajyň syrlardan doly bu bölegine «Nejm» süresinde yşarat edilipdir.Soňra Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şol gijäniň özünde yzyna dolanyp, ýany bilen birtopar ruhy sowgatlar alyp gelipdir. Olar günde bäş wagt namaz, Allatagalanyň islese özüne şärik goşmadyk günäkär kişileri bagyşlajagy hakdaky habar we «Bakara» süresiniň iň soňky iki aýatydyr.Allatagala bu uly wakadan söz açýan «Isra» süresinde Pygamberine wahyý eden dürli ahlak we ýagşylyk düzgünlerini mälim edipdir. Bu düzgünler gysgaça aşakdakylardan ybaratdyr:
1) Allatagala şärik goşmaň.
2) Ene-ataňyza boýun egiň we hormat goýuň.
3) Hak eýelerine haklaryny beriň.
4) Isrip etmäň.
5) Sadaka berip ýardamlaşmak.
6) Öte geçmekden häzir boluň.
7) Çagalaryňyzy öldürmäň.
8) Zyna ýakynlaşmaň.
9) Nähak ýere hiç kimi öldürmäň.
10) Ýetimlere ýagşylyk ediň.
11) Ölçegde we çeküwde hilä ýüz urmaň.
12) Özüňe degişli bolmadyk peýdasyz zatlaryň yzyna düşüp ýörmäň.
13) Ýeriň ýüzünde tekepbirsiräp we gopbamsyrap ýöremäň.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam daň atanyndan soňra bu bolan wakany adamlara habar beripdir. Sahabalar Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamdan hiç haçan ýalan söz eşitmändikleri üçin onuň aýdanlaryna ynanypdyrlar. Diňe mekkeli entek musulman bolmadyk adamlaryň birnäçesi bu waka barada eşidip-eşitmän, aýdylana garşy çykypdyrlar. Olar: «Bir gijede, heý-de, şunça ýeri gezip bolarmy?» diýipdirler. Çünki olaryň Magrajdaky üstün hakykatlara akyl ýetirmäge ukyplary hem ýokdy. Olar Allatagalanyň gudraty bilen adamyň güýjüni biri-birine garyşdyryp her bir zada jisimlere görä baha berýärdiler. Allatagalanyň tükeniksiz gudratyna ynanýanlar bolsa bu waka barada hiç hili şübhelenmän, onuň dogrudygyny derrew tassyklapdyrlar. Ine, magraj gijesi şunuň ýaly bir mübärek gijedir.
Bu gijede bolup geçen iň möhüm waka imanly kişiniň magrajy hasap edilýän bäş wagt namazyň parz edilmegidir.Bu gijede ilkibaşda namaz okamalydyr. Kaza goýan namazlary bolan kişiler güýçleriniň ýetdiginden namazlaryň kazasyny almalydyrlar. Kaza goýan namazy ýok kişiler bolsa nepil namaz okap, Kurany Kerim okap, toba edip, günäleriniň geçilmegini diläp we doga edip bu gijäni tagat-ybadat bilen geçirmelidirler. Şonuň ýaly-da, bu gijede her kim güýji ýetdiginden dürli sadakalar berip sogap gazanmalydyr.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.