Doga
Durmuş şatlyk we gaýgylaryň baky duralgasydyr. Ynsanyň şatlykly günleriniň bolşy ýaly, ajy we gaýgyly günleri hem bardyr. Gowy günlerimizde keýplenýäris, ýaşaýyşdan, durmuşdan zowk alýarys. Diňe bir zowk, keýp almak bilen çäklenmeýäris, gelejege degişli arzuw-umytlar edýäris. Umyt bizi has gowy işlemäge ugrukdyrýar we üstünliklere ýetmegimize ýol açýar. Gynansak-da, ynsan şu synag dünýäsinde mydama gülmeýär. Ýaşaýşy boýunça birnäçe päsgelçilikler, kynçylyklar bilen garşylaşýar, käbir ýagdaýlarda gelejege degişli umytlary sönýär. Kalbyny gaplaýan umytsyzlyk ynsanyň sarsylmagyna sebäp bolýar. Käte-de akylyna-oýuna gelmeýän garaşylmadyk zatlar bilen garşylaşýar, hiç garaşmaýan gynandyryjy wakalary we ajy habarlar garşysynda daýanma güýjüni ýitirýär. Köplenç, gapysyny kakan bu peläketlere garşy durmaga güýji ýetmeýär. Bir kömekçisi bolmasa, ýykylýar. Çünki, ynsan ejizdir, güýji çäklidir, ähli kynçylyklary aşyp biljek ýagdaýda däldir. Elmydama Allanyň kömegine mätäç bolan ynsan ajy, gaýgyly wagtlarynda we umytsyzlyga düşen pursatlarynda bu mätäçligi hasam köp duýýar. Ine, adaty wagtlarda güýjümize güýç goşýan doga ruhupeslige düşüp, umydymyzy ýitiren pursatlarmyzda-da kalbymyza parlaýan we bize umyt gapylaryny açýan bir yşyk, ajy we gaýgylarmyzy ýeňledip, ruhumyzy huzura, rahatlyga gowuşdyrýan şypaly bir melhem, peläketler garşysynda we kyn günlerde bizi entirekläp ýykylmakdan goraýan ruhy bir güýçdir. Alla bilen gul arasynda bag bolan doga ylahy rehmetiň kömegimize ýetişmegine ýol açýan ähmiýetli serişdedir. Biz isleglerimizi doga etmek usuly bilen Beýik Rebbimize sunýarys, her haýsy bir meselede dileg we arzuwlarymyzyň kabul edilmegini isleýäris. Beýik Rebbimiz Kurany Kerimde:"Menden isleýäniň doga edeninde, dogasyny kabul ederin".(Bakara: 186) buýrup, dogalarymyzy kabul etjekdigini we isleglerimize garşylyk, jogap berjekdigini ap-açyk bildirýändir. Şonuň üçin biziň doga etmegi we ýürek bilen Allaha ýalbarmagy bilmegimiz ýeterlikdir. Doga näme? diýen sorag ýüze çykyp biler.
Doga - guluň Alladan kömek islemegi, ýagşylyk we rehmet dilemegi diýmekdir. Bilnişi ýaly, ynsany ýaradan we ýaşadýan Alladyr. Her pursatda Allaha mätäç bolan ynsan kynçylyga düşen wagtynda-da ýene Oňa sygynýar, arzuw we isleglerini Oňa arz edýär. Allanyň beýikligi we tükeniksiz gudraty garşysynda öz güýçsüzligine akyl ýetirip, Onuň hemme zady gurşap alan ägirt rehmetine bolan mätäçligini ak ýürekli duýgulary bilen dile getirýär. Doga ynsanyň köňül-ýürekden Allaha ýönelmegi, hem kalby, hem-de dile bilen dileglerini Oňa sunmagydyr. Bir guluň öz ejizligini boýun alyp, bütin barlygy, şahsyýeti bilen Allaha ýönelmegi we kalbynyň çuňluklaryndan gelen tämiz duýgulary bilen Oňa doga etmegi, şol bir wagtda bir ybadatdyr. Şeýle hem Pygamberimiz (s.a.s-sallallahu alýehi wesellem):"Doga-ybadatdyr". sözi bilen muny örän ajaýyp bir şekilde beýan edipdir. Keramatly Kitabymyz Kurany Kerimde doganyň ähmiýeti we oňyn, gowy netijeleri açyk bir şekilde bildirilişi ýaly, örän köp doga mysallary-da ýer alandyr. Söýgüli Pygamberimiz doganyň ýagşylyk we peýdalaryny düşündiripdir, özi hem köplenç doga edipdir we bize-de Allaha nähili ýalabaryljakdygyny beýan edýän köp ajaýyp dogalary öwredipdir. Beýik Allatagala doga bilen baglanyşykly Kurany Kerimde şeýle buýurýar:"Rebbiňiz buýurdy: Maňa doga ediň, dogaňyzy kabul edeýin".(Gafir süresi,40/60) bu aýatda Allatagala bizi doga etmäge çagyrýandyr we okajal dogalarymyzy kabul etjekdigini bildirýändir. Bu çakylyk Rebbimiziň bize nähili derejede merhemetli we mähriban, mylakatly bolýandygynyň açyk bir subutnamasydyr, delilidir. Pygamberimize:"Eý Allahyň Resuly! Rebbimiz bize ýakynmydyr; Oňa ýuwaşja ýalbaraly. Ýogsa, uzakmydyr, gygyryp doga edeli?" diýip soralmagy bilen baglanyşykly şu manydaky aýat indi:"Gullarym senden meni sorasalar, bilsinler, Men şübhesiz olara ýakyndyryn. Menden isleýäniň doga edende, dogasyny kabul ederin. Indi olar hem çakylygyny kabul edip, maňa ynansynlar, ýagny dogry ýolda ýöreýänlerden bolsunlar".(Bakara,2/186) bu aýatda-da Rebbimiziň bize ýakyndygy bildirilýändir we dogalarymyzyň kabul edilip, isleglerimiziň ýerine ýetiriljekdigi buşlanýandyr. Beýik tefsir (düşündirme) alymy Muhammet Hamdy Ýazyr bu aýatyň tefsirinde:"Doga edýän kişiniň köňli Alladan başgasy bilen meşgul bolan wagtynda hakyky doga edýän hasaplanmajakdygyny aýdanyndan soňra, netijede şu düşündirişe ýer berýändir:"Gul kalbymdan Alladan başga hemme zady çykaran wagty hakyky bir ýakynlyk emele geler we aradaky serişdeleriň hemmesi aradan aýrylar. Alla bilen gul arasyndaky perde aýrylansoň, örän köp sebäbiň we ýüz ýyllarça, asyrlarça dowam eden wagtyň edip bilmedik zatlary, Allanyň islemegi we "Bol" diýmegi bilen boluberer. Ine, doga Allanyň ýakynlygyny görkezýän, ynandyrýan ajaýyp bir serişde we iň gowy ybadatdyr. Pygamberimiziň:"Doga ybadatyň özüdir" sözi muny görkezýändir. Doga edýärläň, bagyryp-gygyrmak, sözi gereginden artyk uzatmak, günä bolan zatlary islemek, laýyk bolmaýan islegde bolmak we adatdan daşary zatlary talap etmek dogry däldir, bular dogada öte gitmekdir. Öte gidenleri bolsa, Alla söýmez we dogalaryny kabul etmez. Söýgüli Pybamberimiz:" Şübhesizdir, ýagny Alla örän haýaly we örän jomartdyr. Bir kişi ellerini galdyryp, doga edende, ony boş gaýtarmakdan haýa eder".(Ibni Mäje, doga-13) bu hadysy şerif lutf we keremi (ýagşylyk we sahylygy) tükeniksiz bolan Rebbimiziň özüne el açyp ýalbarýan gullarynyň isleglerine garşylyk berjekdigini we olary rehmetinden mahrum etmejekdigini görkezýändir. Elbetde, bir gapyny kakýana günüň birinde ol gapy açylar. Içeri çagyrylyp, näme isleýändigi soralar we islegi ýerine ýeitiriler. Başga bir hadysda bolsa şu düşündiriş ýer alýandyr:"Her haýsy bir musulman bir doga bilen Allaha ýalabrýan bolsa we bu doga günä işlemek ýa-da garyndaş bilen aragatnaşygy kesmek üçin bolmadyk ýagdaýynda, Beýik Alla oňa şu üç zatdan birini berer:
- Ýa dogasyny kabul edip, islegini dünýäde berer.
- Ýa-da oňa berjegini ahyrýet üçin saklar.
- Ýa bolmasa dogasynyň ýerine ondan (agramy) deň bolan bir erbetligi uzaklaşdyrar". Muny eşiden sahabalardan (Pygamberimizi gören we gürrüňdeş bolan adamlar) birnäçeleri:
-Beýle bolsa biz köp doga ederis-diýdiler.
Pygamberimiz hem:
-Allanyň lutfy yhsany (ýagşylyk merhemeti) islegiňizden has köpdür" (Ahmed bin Hanbel, Müsned) buýurdy. Görnüşi ýaly, Allatagala gulunyň dogasyny hökman kabul edýär, islegini garşylyksyz, jogapsyz göýbermeýär. Ýöne bu isleg käte derrew kabul edilip, garşylygy dünýäde berilýär. Kätede guluň islegi ahyrete goýulýar we munuň ýerine ol ýerde sogap alýar. Ýada bu doga başyna geljek bela we bagtsyzlyklaryň uzaklaşmagyna sebäp bolýar. Diýmek, tämiz bir kalby bilen Allaha ýönelen, unanç bilen we umyt bilen doga eden kişi ir ýada giç munuň garşylygyny görer. Beýik Rebbimiz Kudsi bir hadysda şeýle buýurýar:"Men gulumyň meniň hakyndaky ynanjyny göreýin. Meni ýatlan wagty men onuň bilen biledirin".(Muslim, Toba) munuň manysy şudur:"Gulum dogasyny kabul etjekdigimi ynansa, dogasyny kabul ederin. Meni ýatlanda, rehmet we kömegim onuň bilen barabardyr, biledir. "Allajanlarym, Rebbim meniň dogamy kabul edermi, dogasy kabul ediljek bir kişimi men" diýip, alada çümmeli däl, umytsyzlyga düşmeli däldir. Durmuşda arzuw edýän bir işimizi başarym bilmek üçin maddt mümkinçilikleri ulanyp, elimizde gelen gaýraty görkezmek dinimiziň emri bolşy ýaly, garşymyza çykan howplardan goranmak maksady bilen her hili çäreleri ýerine ýetirmegimiz hem dini wezipämizdir. Bularyň amala aşmagy üçin her pursatda Allanyň kömegine mätäç bolýandygymyz bir hakykatdyr. Ýöne doga bilen oňup, hereket etmegi, işlemegi taşlamak doly derejede ýalňyşdyr. Bu sebäpden musulman üstünlige, başarjaňlyga ýetmek üçin ähli güýji bilen işlejekdir, mumuň bilen birlikde özüne güýç we kuwwat bermegini Jenaby Hakdan dilejekdir, howplar garşysynda-da her dürli çäreleri ýerine ýetirjek, şol bir wagtyň özüne bela we bagtsyzlyklardan goranmak üçin Allanyň hemaýasyna sygynjakdyr. Hezreti Omar şeýle diýýär, ýagny:"Hiç biriňiz işlemezden oturyp "Allahym, maňa ryzk ber" diýip doga etmesin. Bilýärsiňiz ýagny, gökden ne altyn ýagar ne-de kümüş". (Aliýýul-Kaari. Şerhu Aýnil-Ylm) bu söz doga hakynda bir topar ýalňyş düşünmelere berlen açyk bir jogapdyr. Beýik Alla dörejek, amala aşjak wakalary takdyr edişi, tassyklaýşy ýaly, bularyň sebäplerini hem tassyklandyr. Doga-da ruhy sebäplerden biridir. Başymyza geljek bir waka takdyrda bar bolsa, doganyň näme peýdasy bolup biler? şekilinde bir sorag akylymyza gelip biler. Munuň jogaby şudur:
Garşymyza çykan her haýsy bir howpuň doga edilip, Allanyň kömegi bilen öňi alynmagy hem takdyryň bir parçasydyr. Jenaby Hak hemme zady bir sebäbe baglandyr. Dogada bela we bagtsyzlyklaryň öňi alynmagynyň sebäplerinden biridir. Nähili bolup, suw ösümlikleriň ýap-ýaşyl bolup ösmeginiň sebäbi bolsa, doga hem ylahy rehmetiň gazanylmagyna sebäpdir. Garym, nagym nähili duşmanyň ýaragyndan çykan gurşundan, okdan goranmagyň sebäbi bolsa, dogada bela-beterden we bagtsyzlyklardan goranmagyň sebäbidir. Ähli wakalar we bularyň maddy we ruhy sebäpleri kysmatda, takdyrda bardyr. Biziň wezipämiz sebäplere ýapyşmak we netijäni Alladan garaşmakdyr. Bu meselede biziň üçin iň gowy mysal söýgüli Pygamberimiz Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemdir. Ol elmydama işlemegi wesýet edipdir, ýaltalygy we boş oturmagy näletläpdir, howplara garşy hem mydama çäreli bolmagymyzy isläpdir. Ol dogalaryň iň gowusyny, ajaýybyny edişi ýaly, iň ajaýyp çäreleri hem görüpdir. Müşrikleriň (Taňra şärik goşanlaryň) on müň kişilik bir goşun bilen Medinäniň üstüne ýörändiginiň habaryny alan Pygamberimiz sahabalry bilen maslahat edip, duşmanyň şähere girmesiniň öňüni almak üçin Medinäniň töweregine garym, nagym gazmaga karar berdiler. Örän agyr iş bilen gysga wagtda garymy gazdylar. Duşman goşuny Medinäniň eteklerine gelende, garym bilen garşylaşdy we içeri girip bilmedi. Daşarydan şäheri gabady. Wagtal-wagtal hüjüme geçselerde, musulmanlar nobatçylyk edip, bu hüjümlere garşy Medinäni goradylar. Pygamberimiziň hut özi hem säherlere çenli nobatçylyk etdi. Duşman 27 gün boýunça gabawy dowam etdirdi. Şäherde gytçylyk ýüze çykdy, musulmanlar köp kynçylyk çekdiler. Edip bilejk başga bir zatlary ýokdy. Olary diňe Allanyň kömegi gutaryp biljekdi. Ine, bu pursatda Pygamberimiz duşman goşunynyň bozguna ugramagy üçin täsirli bir doga etdi, Allaha ýalbardy. Köp wagt geçmezden doganyň täsiri göründi. Çünki, Beýik Alla dogasyny kabul edipdi. Duşman esgerleriniň bolan tarapynda örän güýçli bir harasat çykdyr. Şeýle derejede gazaplydy, ýagny duşmanyň nämesi bar bolsa, astyn-üstün boldy, saklanjak ýagdaýlary galmady. Mundan artyk çydap bilmediler. Uly bir gorka düşdüler. Harasat, duşman hemme zady taşlap gaçýança, dowam etdi. Säher bolanda, Medinäniň töwereginde ýekejede duşman galmandyr, harasat hem diňipdir. Şeýlelikde musulmanlar uly howpdan halas boldy. Görnüşi ýaly, Pygamberimiz duşman howpuna garşy elinden gelen her dürli çäreleri görüpdir hem-de doga edip, Alladan kömek diläpdir. Hezreti Pygamberimiz ýykyljak bolup duran bir binanyň ýanyndan geçende, çaltlyk bilen ýöräp geçipdir, ondan:"Ýä Resulallah! Allanyň kysmatyndan gaçýarsyňmy?" soragyna:
-"Allanyň kysmatyndan ýene Allanyň kysmatyna sygynýaryn" (Tejrid) diýipdir. Ynsanyň aňynda döreýän ruhy kynçylyklaryň, psihologik rahatsyzlyklaryň we kalpdaky umytsyzlyk keseliniň iň täsirli dermany dogadyr. Doga bir musulmanyň Jenaby Hakyň bütin müşgilleri, ähli kynçylyklary çözmäge kadyr bolýandygyna, ýagny güýjüniň ýetýändigine degişli ynanjyň görkezijisidir. Bu ynanç ynsany göwün rahatlygyna gowuşdyrar, oňa ynam duýgusyny berer. Durmuşyň, ýaşaýşyň keýpini dadyrar. Ajy we gaýgy-gynançlaryň ýaralaryna em eder. Doganyň peýdalary we ynsandaky oňaýly täsirlerini bir bilim adamyndan, alymdan diňläliň. Nobel medisina baýragynyň eýesi bolan meşhur alym Dr.Aleksis Karrel "Doga" atly eserinde doganyň oňaýly täsirleri hakynda ähmiýetli maglumatlar berýändir. Bularyň käbirlerini jemläp, gysgaça bu ýere alýaryn:
"Hakykatdan, doga älemiň ýaradyjysy bilen hemmämiziň azat edijisi we goraýjysy bilen pikir, aň we duýgy ýoly bilen baglanyşyk gurnamak üçin edilen gaýraty görkezýär. Doga etmek üçin diňe bir gaýrat bilen Allaha ýönelip, kalbyňy oňa baglamak zerurdyr. Doga hiline, güýç kuwwatyna, ýygylygyna görä ruh we bedene täsir edýär. Doga endik ýagdaýyna gelen we duýguly bolan wagty täsiri has aýdyňlaşýar. Göýä aňyň çuňluklarynda bir yşyk ýanandyr. Ynsan özüni bolşy ýaly görer. Egoizmini, gaharyny, hatalaryny we buýsanjyny açyş eder. Ahlaky wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýardyr. Pikiri we aňy gulak asyjy, kaýyl, kämilligi gazanmaga synanşar. Şeýlelikde, ol adamyň öňünde ýagşylyk köşkleriniň gapylary açylar. Ýuwaş-ýuwaş ruhy bir rahatlyga gowşar. Kysmata garşy uly bir sabyr gazanar. Ölüme, kesele, azaba, ýakynlaryny ýitirmegine uly bir sabyr-kanagat görkezer. Doga okaýan bir syrkawyny gören hekim, wraç begenip biler. Doganyň döredýän huzur-rahatlygy bejerişde kuwwatly bir kömekçidir. Her hili bejerişiň mümkinçiliksiz we üstünliksiz bolän ýagdaýlarynda doganyň netijeleri ap-açyk derejede tassyk edilip bilner. Lourdesiň (Lourdes Fransiýada doga we ynandyrma (gipnoz) ýoly bilen bejerilýän bir ýerdir) saglyk býurosy bu şypalaryň hakykydygyny subut edip, ylma uly hyzmatlarda bolandyr. Açyk, doly derejede bilýän bir zadymyz bar bolsa, olam doganyň el bilen ellenip biljek, göz bilen görlüp biljek täsirleri döredýänligidir. Nähili derejede geň görülse görülsin, bir hakykat hökmünde kabul etmäge mejburdyrys, ýagny her kim bir gapy kaksa, gapy oňa açylar we eger islese, içeri alnar. Din duýgusyny kislorod zerurlygyna meňzedip bileris. Doganyň arakesme hyzmatyna azda-köpde meňzeş taraplary bardyr. Doga bilen ynsan Allaha ulaşýar. Ynsan suwa we kisloroda mätäç bolşy ýaly, Allaha hem mätäçdir".
Bellik:"Ýalňyşlar bolsa düzäbersiňiz".

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.