Iň soňky edara
Diýeli, siziň kelleagyrykly bir işiňiz ýüze çykdy we bu işi öz peýdaňyza çözmek üçin bir topar edaralara ýüz tutdyňyz emma netije bolmady. Alaçsyz bu işi goýduňyz. Emma ýürek dökmäňiz galdy. Hasratly bu gürrüňleri siz kimdir birine ýetirmeli. Göreşmek maksadyňyz bolsa ýok. Ine, şu hasratly iç dökmeleriňizi bolsa, bu ýerde meniň ýaşaýan ýerimdäki adamlar maňa goýup gidýärler. Belki bu aýytjagym meniň göwnümedir. Aslynda hiç kim menden hiç zady tama edýän däldir. Ýöne barybir iň soňky edara bolmaly? Bu soňky edara hem öz gezeginde siziň işiňizi çözüp bermez emma edaranyň hasaba alyş kitapçasyna siziň arzaňyzy ýazyp we belläp goýar. Ýyllar geçer gider. Siziň arza ýazan kitabyňyz saralyp solup galandyr. Siziň özüňiz bolsa bu dünýäde ýok adam. Ýöne arzaňyz bar. Hasrat bary ýazylan bu arzany indiki adam eline alar. Okar. Okadygysaýyn siziň hasratyňyz bu adama geçer. Arzany okap bolan adam ýüzüni ýokary galdyryp, bu nähili boldugy diýer. Adama kömek etmeli eken diýer. Kömek etmän goýupdyrlar diýer. Indi näme etse bolar diýer. Siz bolsa ýok. Indi size kömek gerek däl. Ýöne siziň hasratyňyz onuň ýüregine geçdi. Bu hasrat wagtal-wagtal onuň derdini gozgaýar. Sorag gelip çykýar. Indi bu adam näme etmeli? Ol bir zat etmeli ýogsa oňa geçen siziň hasratyňyz ony weýran eder. Bu aýydan halatym durmuşda örän köp bolýar. Örän köp adam özgäniň hasratyny göterip ýöreýer. Olarda alaç ýok. Çünki bu adamlar bu özge hasratdan nädip dynmalydygyny bilmeýärler. Hawa, meniň ýagdaýym hem şeýleräk. Emma men olardan başgaça. Men ýazyjy hem şahyr we özgeleriň hasratyny ýene özgelere geçirip adamyň hasratyny ýeňletmäne ukyply. Düşündiňizmi? Aydýança, men örän köp gürrüňlere eýe bolan adam. Şol gürrüňlerden birini size aýdyp bereýin we şeýdip mundan elli-altmyş ýyl mundan öň bolup geçen hasratly gürrüňi aýdyp berýin we siziň ýüregiňizi hasratly edeýin emma gara niýet maksady bilen däl. Hasratly ýürek dertleri paýlaşan ýürek, ýany adamçylyga tarap öňe ymtylýan ýürek. Togsan ýaşly garrynyň gürrüňi. -Ol döwür örän ýaman döwürdi. Iýmäne çöregi ýok adamlaryň geýmäne geýimide ýokdy. Durmuşa çykan aýal doganym kyrk gradus sowukda öýe dilegçilik edip geldi. Aýak-ýalaňaç geldi. Sowuk bilen gar aýal doganymyň dabanyny bölek-bölek edipdir. Bölekleriniň arasyna barmagyň sygýardy. Aýaklary ganjaryp durdy. Aýagyna geýdireli diýsek öýde aýakgap ugryndan hiç zat ýok. Köne esgide ýok. Meýdanda ýatan köne keçäni gözläp tapyp getirip dädem pahyryň eline berdim. Dädem bolsa aýal doganymyň aýagyna dolak tikdi. Keçäni makäm orady we sapaklar bilen berkitdi. Indi emmeläp öýüňe barsaň gerek diýidi. Ol döwür soýuz döwrüdi. Kosmosa adam üçürulan döwrüdi. Meniň doganym bolsa gyşda aýakýalaňaçdy. Kosmosa adam uçuran döwlet doganymyň aýagyna aýakgap geýdirip bilmeýärdi. Adamlar işleýärdiler emma barybir garypdylar. Aýlyk diýilýän zat ýokdy. Zähmet haky diýip birazajyk däne berýärdiler. Ine şu gürrüňi togsan ýaşly bir garry öz doganynyň adyndan maňa aýdyp berdi. Men bolsa size ýetirdim. Size ýetirmeden ozal bu hasratly gürrüňi dört ýyl ýüregimde göterip gezdim. Bolsada bu gürrüňi şu gün siziň bilen paýlaşmak nesip etdi. Garry maňa içini dökdi. Aýal doganynyň hasratyny öz hasraty hökmünde maňa aýdyp berdi. Bu wakanyň bolup geçenine altmyş ýyllar töweregi bolupdyr. Şunça ýyllar içinde oňa kömek eden bolmandyr. Onuň aýal doganyny dilegçilik etmäne mejbur eden adamlar jezasyz galypdyr. Näme üçin muny beýle etdiňiz diýip arkasyny alan adam bolmandyr. Indi bu wakany aýdyp beren garrynyň özüde ýok. Emma olaryň arzasy galdy. Iň soňky edara hökmünde mende.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.