Dünýäden habarly bolmaly
Makalanyň okyja degerli täsir etmegi üçin ilki bilen nakyla ýüz tutaýyn. Gadymy ata-babalarymyz bize köp nakyllar galdyrypdyr. Öz nesilleriniň aladasyny edip. Bu nakyllary okap, başymyza düşen kyn ýagdaýdan aňsat baş çykaryp bilmegimiz üçin. Şol nakyllaryň biri şeýle diýýär:- ‘’Gören göz deň bolmaz eşiden gulak bilen’’. Nakyl nämäni aňladýar. Adam töwereginde bolup geçýän hadysalardan, wakalardan hemişe habardar bolup ýörmelidigini ondada şol wakalryň anygyna ýetjek bolup çytalaşmalydygyny aňladýar. Dünýäde, ýurtda we iliňde bolup geçän wakalara pisent etmän “baý-bow bu wakanyň maňa dahyly ýok” diýip ýöremek iň soňunda seni uly ýitgilere alyp barýar.
Dünýäde hemişede dürli wakalar bolup geçýär. Bu wakalaryň köpüsi seniň bu gowy durmuşyňa öz ýaramaz täsirini dürli ýollar bilen ýetirýär. Ine, şuny aýytmagy men size köp wagtdan bäri niýet edip gelýärdim. Bu niýet şu makalada size dogry geldi. Ýene bir gezek gaýtalaýyn çala okanlar üçin. Dünýäde we siziň ýakyn araňyzda bolan wakalaryň ählisi size gös-göni täsir edýär. Bu häli hemmesi däl. Içigara, bahyl adamlar bolsa siziň bu wakalardan habardar bolmagyňyzy islemeýär. Olaryň maksady siziň akmak bolup galmagyňyz çünki adamlayň akmak bolup galmagy olara dürli ýol bilen girdeýji bolup girýär. Bu adamlar siziň ýanyňyzda. Siziň dost diýip tirkeşýäniňi, siziň akylly diýip diňleýäniňiz. Bu adamlar bilen sadaka, märeke, toýlary sowýaň. Olar bolsa üýşen adamlaryň arasynda özlerini akyly, parasatly hatda mertebeli adam edip görkezmek üçin her dürli masgarabazlygy edýärler.Sen bolsa olaryň gepini diňleýäňiz, olardan eşiden gürrüňleriňizi gelip maşgalaňyza aýydýaň ýada tanyşlaryňa ýöne wagt geçirmek üçin aýydýaňyz. Olar bolsa eşiden bu habarynyň anykdygyna ýetmän göz ýetirmän öz tanyş-bilişlerine aýydaýr. Şeýlelikde köp ýeri ýalan söz il içinde ýaýrýar.
Esasy habar çeşmesi adamlar üçin telewideniýe bolup galýar emma telewideniýe habarlary öwrediji çeşme däl.
Telewizor şagalaň çeşmesi.
Telewizordan eşiden habaryňyzy diňe diňe göz astyna almak üçin ulanyp bolýar emma ondan eşiden habarňyz dogry habar diýip ulanyp bolmaýar üstesiene men telewizordan eşitdim bu anyk diýip ýanyňdakylara hödürläp bolmaýar. Telewizor wakalary gysgaça aýydýar. Adamlar bolsa telewizory esasan çaý-nahar iýýän pursatynda diňleýäler, edil şu pursat hem bu habarlary ýatda galdyrmak üçin synanyşýarlar emma köneler aýytmaşlaýyn bir elde iki garpyz tutyp bolmaýar ýagny hem nahar iýip hem telewizorda eşiden habaryňyzy dolylygyna ýatlap alyp bolmaýar. Üstesine eşiden habaryňyz yzma-yz dowam etmeli ýagny telewizor wakany dolylygyna öwrenýän bolmaly. Habarlar doly öwrenilmese peýdasy ýok. Meniň üns berişime görä dünýäde bolup geçýän wakalary öwrenmek üçin ýyllar gerek. Mysal üçin, BRIKS barada aýdaly. Şu aýyň ýigrimialty we ýigrimi ýedisinde bu guramanyň sammiti bolup geçdi Kazanda. Özüňiz bilýäňiz hazir reklama diýilýän bir zat bar. Ine şu reklamada BRIKS guramasynyň ykdysady üstünlikleri şowhun bilen gyzgalaňly reklama edildi. Bu ýagdaý häzirki döwür üçin bolupbiljek ýagdaý. BRIKS guramasy 2006-nji ýylda döredi. Emma şu wagta çenli bu gurama barada ol diýen bir üstünlikli zatlar aýdylmady. Bu ýyl bolsa BRIKS geljegiň ýagty ýyldyzy hökmünde, bagtyň çeşmesi hökmünde, baýlygyň hazynsay hökmünde suratlandyryldy. Bu mümkinmi? BRIKS näçe baý bolsada garyplyk hem dünýäde bar güýji bilen sürünip gelýär. KLImatyň üýütgemegi, kesel ýaýradyjy pandemiýalar, uruşlar we beýleki katastrofalar ýygnan baýlygyňdan köp serişdäni talap edýän wagtynda BRIKS guramasynyň adamzady bagtly edip biljekdigine ynam döretmeýär. Üstesine BRIKS guramasyna biziň ýurdymyz girmeýär. Biziň üçin peýdasy ýok bu guramanyň. Emma biziň ýurtdaşlarymyzyň käbiri agzyny köpürjükledip BRIKS guramasyny magtaýarlar. Bu ýalňyş. Guramany döreden ýurtlar ilki bilen özlerini ykdysady taýdan garaşsyz etmek isleýärler. Zatlaryny gymmat satmak isleýäler. Söwda bilen bizi özlerine tabyn etmek isleýärler. Bize öz ýurdymyň üstünliginden peýda bar. Öwünmek isleseňiz öz halkyňyzyň ýeten derejesini magtap öwüniň, özüňizi reklama ediň. Gözüňiziň görüp duran ýagşy zadyny aýdyň. BRIKS uzakda. Ony görmek üçin, ol barada aýdyp bermek üçin bir topar öwreniş işlerini geçirmeli. Ençeme wagt sarp etmeli. Esasy habar serişdesi bolan internetden BRIKS guramasyny yzarlamaly. Dörän gününden şu wagta çenli aralygy. Ine şonda aýydan sözüňiz ýalňyş bolman dogry habary ýaýratdygyňyz bolar. Onsoň ýene bilimli, sowatly adamdygyňyzy subut edersiňiz. Özüňiz bolsa dünýäde bolup geçýän wakalardan habardar bolup dogry ýoldan ýörärsiňzi!