Анонимно

Zordan goýdum bu blogy

Kellämiz dürli pikirlerden doly. Bu pikirleriň aglabasy  bizi gynandyryjy pikirler. Alasarmyk pikirler gynandyryjy pikirlerden soň yzbasar gelýär. Iň soňunda begendiriji pikirler ýaltalyk bilen öçügsi halda biziň durmuşymyza aralaşýar. Emma şujagaz begendiriji pikirler hem edil daň ýyldyzynyň gün çykanda sönüşi ýaly sönüp galýar. Näme üçin begendiriji pikirler az?. Oýlanyp otyrsaň we durmuşymyza seretseň onda gynanara  ullakan sebäp ýok ýaly. Öýümiz bar, maşynymyz bar, telefonymyz bar, iýmäne zadymyz ýeterlik. Ýokary okuw jaýlarynda okadyk, bir topar bilim aldyk dürli ugurlardan. Üstesine dynman telewizor görýäris, ol bolsa köp dürli şowhunly konsertleri berýär, atyşykly-depişikli kinolar keýpimiz galdyrýar. Söýgi baradaky seriallar hem ýeterlik. Umuman aýdanyňda durmuşymyz gyzykly emma näme üçindir şowhun kesileni şol derrew gaýgyly pursatlar bizi basmarlaýar. Hemişe şowhunly konsertleri görüp otyryp bolmaýar. Iň soňunda telewizory, anteny, interneti öçürip özümiz bilen ýeke galyp kellämizdäki pikirler bilen galyp bu pikirlere garşy göreşip başlaýarys. Bu pikirler bolsa biz gaýgy-gama batyrýar. Bizi alaçsyz edip goýýar. Biz bu gamly pikirlerden gaçyp ýene şol ýasama şowhunly pursatlara gaýdyp gelip iýip-içip warsaky ýasap ýaşamana mejbur bolýarys


. Emma biz özümizi näçe ýokarda  tutsakda, biziň ýygnan baýlygymyz näçe köp bolsada bu gamly pikirlerden azat etmeýär. Haçanam bolsa biz ýygnan baýlygymyz bilen gaýgy gamyň ortasynda otyryp ikisinden hem ýüz öwürip bilmän sojap-sojap aglamaly bolýarys. Bu sojap aglaýan pursatymyzda ýygan baýlygymyzdan hemäýät göleýäris we sähel teselli tapyp ýene baýlyga tarap ylgaýarys. Baýlyk bizi birwagta çenli goraýar emma hemişe däl. Bir gün gaýgy-gam hemme ýygnan zadymyzdan üstün gelip bizi paraliç, infarkt, insult edip taşlaýar. Onsoň biz bütünleý gaýgy-gama girip gidäris we şeýdip bu durmuşda hiç bir zada alaç tapman ölüp gidýäris. Örän gyzykly ýagdaý şeýle dälmi? Ýöne biz näme üçin gaýgy etdik? Kimi gaýgy etdik? Bu gaýgy eden zadymyzyň bize nähili dahyly bar. Ýogsa biz gaýgy-gamdan daşda durmak üçin elimizden gelen zady etdik. Pul jemledik, zat ýygnadyk, wezipe edindik. Emma şondada biziň ýüzümiz çyny bilen gülmedi?


Bilesiňiz gelýärmi näme üçindigini? Elbetde bilesiňiz gelýändir. Derrew tama edensiňiz men siz gaýgy-gamdan azat edýän ýoly aýdar öýdüp. Ýok. Meni hem gaýgy-gam basmarlaýar. Şonuň üçin ýazdym bu hekaýany. Ýogsa ýazarmydym. Emma men bu gaýgy-gamyň sebäbini bilýärin. Bir gün kelläme geldi. Oýlanyp otyrsam adamzat biri-biri bilen biziň gözümize görünmeýän sapaklar bilen bagly eken. Bir adam gaýgy etse onuň bu gaýgysy bizi baglanyşdyrýan bu sapaklar arkaly hemmä geçýän eken. Fizikany ýatlaň. Bu kitaplardaa elektromagnit tolkunlary diýip okansyňyz. Adam hem özünden elekromagnit tolkunlary çykarýar. Ine şu tolkunlar arkalry bir adamyň çeken jebriniň awusy bütün adamzadyň tenine we aňyna täsirini ýetirýär we biz ejiri çeken adamyň gaýgy-gamyny paýlaşyp başlaýarys. Mysal üçin sizň käbiriňizde şeýle ýagdaý bolandyr. Teleiwizorda gören zatlaryňyzyň käbirinde siz aglansyňyz. Köplenç bu halat söýgüli kino gahrymanyňyz ölse şeýle bolandyr ýagny siz onuň ölümine gynanyp aglansyňyz. Şunlukda siz näme üçin özüňiziň gaýga batýanlygyzyň sebäbini menden eşitdiňiz. Ýöne bu eşideniňizden hiç hili peýda ýok çünki siz söýgüli adamlaryňyzyň düşen pajygalaryna gynanyp barybir aglamalay we gynanmlay bolarsyňyz. Bu adamlar ölen bolsa onda siz tä ölýänçäňiz gözýaş dökersiňiz. Ölmedik bolsa onuň betbagçylygyny siz paýlaşmaly bolarsyňyz. Indi bolsa siz bir zada dogry düşünmeli. Özüňizden özgäniň başyna düşen kyn güni üçin gözýaş etseňiz bu siziň adamçylygyňyzyň ýokarydygyny subut edýän alamat. Bir gün siziň şatlanjak günüňiz geler. Çünki siz özgäniň  derdini paýlaşyp onuň halyny gowylandyrdyňyz. Haly gowulaşan adam güler. Onuň gowylaşan haly size dogry täsir edip siz hem bu adam bilen bilelikde gülersizňiz. Bagtly elektromagnit tolkuny bütün dünýä ýaýar we bütün adamzat bilelikde gülüşip otyrarlar. Siz indi hiç haçan gaýga batmarsyňyz. Sebäbi näme diýilende bolsa gynanmana sebäp ýok. Sebäbi hemme bagtly. Şol sanda siz hem. Şonuň üçin bagtly boluň we özüňizden bagt elektomagnit tolkunyny dünýä ýaýradyň!


 

1 лайков 25 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.