konkurs üçin $34
Söýginiň hemralary
Bir zenan öýüniň eýwanyna eşik sermäge çykanda, howlusynyň agzyndaky kese oturgyçda dyzlaryny epen üç ýaşula gözi düşýär.
– Eger-de siz ýadaw bolsaňyz, içerik girip, çaý-suw içiň! – diýip, göwnaçyk zenan mürähet edýär.
– Biziň hemmämiz bilelikde öýe girip bilmeýäris – diýip olar jogap berýärler.
– O näme üçin? – diýip, öý bikesi geňirgenýär.
Ýaşulularyň biri: – Onuň ady “Baýlyk”, munyňky “Saglyk”, meniň adym bolsa, “Söýgi” – diýip, özleri bilen tanyşdyransoň, şeýle diýýär:
– Indi bolsa, ýanýoldaşyň bilen biziň haýsy birimizi myhman aljakdygyňyz barada maslahat ediň!
Gapydan begenip giren aýaly, adamsyna bolan zatlar barada gürrüň berýär. Adamsy muňa gaty begenip:
– Bü-ýä oňat bolaýdy. Saýlamaly bolsa näme, ozaly bilen “Baýlygy” çagyraly. Goý, ol öýümizi baýlyk bilen doldursyn! – diýýär.
Aýaly pikirlenip:
– Gadyrdan, “Saglygy”, çagyrsag-a has-da göwnejaý bolardy – diýýär.
Olaryň gürrüňlerini diňläp oturan kiçijik gyzy:
– Ýogsa-da, biz näme üçin “Söýgini” çagyrmaly däl? Goý, biziň öýümizde hemişe söýgi höküm sürsün! – diýip, şatlygyny ýüze çykarýar.
– Beýle bolsa gyzymyz bilen razylaşaýmak galýar. Bar-da, “Söýginiň” biziň myhmanymyz bolmagyny sora – diýip, hojaýyn aýalyna ýüzlenýär. Aýaly daşaryk çykyp, üç ýaşula garap:
– Siziň haýsy biriňiz “Söýgi” bolsaňyz, içerik giriň, myhmanymyz boluň – diýýär. “Söýgi” atly ýaşuly içerik ýönelende, beýleki iki ýaşuly hem onuň yzyna düşüberipdir. Geň galan zenan ýaşululara ýüzlenip:
– Hany siziň diňe biriňiz içerik girip bilýändigiňizi aýdypdyňyz ahyryn? – diýýär.
– “Baýlygy” ýa-da “Saglygy” çagyran bolsaňyz, beýleki ikimiz daşarda galardyk, ýöne siz “Söýgini” çagyrdyňyz. Biz bolsak, “Söýgi” nirä gitse, elmydama onuň ýanyndan aýrylýan däldiris. Biz onuň hemralarydyrys. Nirede söýgi bar bolsa, şol ýerde-de baýlyk we saglyk mesgen tutýandyr – diýip, ýaşulular işikden ätläpdirler.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.