Klasdaslar (tasin hekaya)
Şu ýyl mekdebi tamamlanmyza 25 ýyl bolýar. Eger nesibämizde bar bolsa klasdaşlar bolup üýşip belläris. Bu zatlaryň işi haýyrla, ýöne meni başga bir zat alada goýýar. Meni klasdaş oglanlaryň biri alada goýýar. Men bir klasdaş oglany köpden bäri göremok. Eger haýsy klasdaşyňy görmeýän bolsaň, bilip goý. Şol klasdaşyň türmededir, —diýip bir dostum aýdypdy. Men şu ýylyň başynda ýatlamalarymy dördüm we klasdaş oglanlardan birini, mekdebi tamamlanymyz bäri entek ýekeje gezek görmedigime göz ýetirdim. 25 ýylyň içinde bir şäherde ýaşap, birek birege iň bärkisi tötänlikdenem duşmadyk. Eýsem muňa ynanyp bolarmy? Belki ol oglan türmededir, —kellämiň bir ýerleride ýaňlandy. Ol oglanyň ady Dawutdy, ýa-da Ýakupdy. Edil şu wagt şony hem anyk aýdyp biljek däl. Adam öz adyny 5 ýyllap eşitmese unydýar diýýär. Men bolsa ol oglany 25 ýyllap görmedim. Onsoň men oň adyny unytmaga hakym barmyka diýýän? Dawud ýa-da Ýakup, şu ýulyň başyndan bäri meň beýnime berk ornady. Men indi diňe şol oglanyň pikirni edýän, ol nähili adam bolup ýetişdi, öýlendimi ýa-da ýok? Näçe çagasy bar we nirede zähmet çekýär? Näme üçin biz soňky 25 ýylyň içinde birje gezegem sataşmadyk?
Bir ýerlerden agdaryp mekdep ýyllaryna degişli ähli suratlary çykaryp gözden geçirdim. Suratlaryň bary diýen ýaly gara-ak görnüşde düşürlendi, şol döwürler reňkli suratlar ýaňy ýaňy peýda bolup başlapdylar. Emma olaryň hiç birinde Dawut ýokdy. Biz mekdebi tamamlamyzda 9 gyz we 18 oglan bolup tamamladyk. Her gyza 2 oglandan düşýär diýip biz degişen hem bolýardyk. Şol sebäpden oglanlaryň we gyzlaryň sany meň ýadymda gowja galdy. Ýöne suratlaryň ählisinde birje oglan kem. Şol oglan hem Dawud bolmalydy? Şu günlere çenli men Dawut bilen gyzyklanmasam gyzyklanmazdym. Emma mende gyzyklanmany çeper edebiýada degişli bir kitap oýardy. Şol kitapda adam ýadynyň geň taraplary barada söz açylýardy. Şol kitapdan soň meň kelläme bir ýerlerden Dawud girdi. Indem öldür ol oglan ol ýerden hiç ýere çykasy gelenokdy. Mekdep ýatlamalarynda göräýmäne ol oglan bar ýalam welin, ýöne beýle ýagty däl. Ol oglan suraty gowy çekýärdi, ine Dawud barada aýdyp bolaýjak iň wajyp zat. Başga zat welin öldür ýadymda ýok. Arka atylan 25 ýyl hem öz etmeli işlerini eden bolmaly? Dawud barada bir zatlary bilmek üçin men başga klasdaşlarymdan sorap başladym. Klasymyzda ol oglan bilen dos bolan hökman biri bolaýmalydy, ýöne kim? Eger Dawudyň dostyny tapyp bolsa, oň özi barada-da bir zatlar bilip boljakdy. Bolmasa Dawud meň hyýalymda dörän adama meňzeýärdi. Dogrysy wagtyň geçmegi bilen meň kelläm bilen bir zatlara bolup geçýärdi. Men ýuwaş ýuwaşdan garraýan öýdýän?
Men öz klasdaşlarymyň birine jaň edip gönümel soradym:
—Eşdýäňmi klasdaş, ýadyňa düşýärmi biziň klasymyzda Dawud diýip bir oglan okaýardy.
—Dawud? —Klasdaşym oýlandy we ol ady bir näçe gezek daşyndan gaýtalady. —Bizde okaýardymy?
—Hawa, ýöne adyny ýalňyşýan bolmagym mümkin? Ady belki Ýakup bolmagam ahtimal? Suraty gowy çekýärdi, seň ýadyňda ýokmy?
—Başga klasda bolan bolmagy mümkin, edil biz bilen beýle adam okadymyka? Bir seretseň okan ýalam bolup dur. Ýüzüni görsem anyk aýdaýmasam, adyndana hiç zat ýadyma düşenok.
—Ol oglan mekdep suratlarda ýok, men eýýäm barladym.
Biziň okan döwürlerimiz hemmämizde şol bir suratlar bardy, hiç kimede aýratyn zat ýokdy. Mekdebe aram aram suratçylar gelýärdi we tutuş klasy surata düşürip gidýärdiler.
—Eger bolaýanda-da sen ony näme etjek? —Klasdaş sorady. —Bilýäňmi biziň klasymyzdan birinji klasdan bäri näçe adam mekdepden çykyp gitdi? Näçe oglan oň ýerine geldi?
—Ýok, Dawud hiç ýerik çykyp gitmedi, ol biz bilen 10-njy klasa çenli okady.
—Seň ol oglanyň adyny hem dogry aýdyp bileňok, onsoň oň biz bilen soňyna çenli okanyny nirden bilýäň?
—Bolýa, başgaça ýol bilen gideli, sen aýt, biz näçe adam bolup mekdebi tamamladyk?
Klasdaş telefonyň aňarsynda säginmän jogap berdi:
— Biz 9 gyz 18 oglan bolup mekdebi tamamladyk.
—Hany sen 18 oglany sanajak bolup gör.
Klasdaş ilki başda ýatdan 18 oglany sanajak boldy, ýöne başa barmady. Soň men oňa kömek etdim. Biziň mekdebi tamamlamyzda düşülen suratda diňe 17 oglanyň suraty bardy. Şol surat boýunça men 17 sany oglany ýatlamaga kömek etdim, ýöne 18-nji oglan öldür ýada düşenokdy. Has dogrysy ol ýada düşýärdi, ol oglan Dawud ýa-da Ýakup bolmalydy, ýöne oň adyndan başga hiç zady ýatlap bilmedik.
—Sen dogry aýdýaň, —diýdi iň soňunda klasdaş. Biziň klasymyzda dogrudanam bir oglan bardy, ol suraty gowy çekýärdi. Oňa gyzlar hemişe surat çekdirýärdiler. Sen gowsy gyzlardan sorap göräý, şolaryň ýadyna şol oglan hökman düşýän bolmaly.
Men gyzlaryň birine jaň etdim. Has takyk aýdaňda Mährä jaň etdim, ol gyz biz mekdebi tamamlan ýylymyz durmuşa çykypdy we 10 ýyllap bir ýerlere ýitrim bolupdy. Soň ýoldaşy bilen aýrylyşyp ýene peýda bolupdy. Indi welin çäreleriň baryna aktiw gatnaşýan gyza öwrülipdi. Ýitip peýda bolmak oýnyny Mähri mekdep döwürleri hem edip görüpdi. Ol gyz entek gyzjagaz wagty bir ýerlerik ýitrim bolupdy we ýetişen gyz bolup ýene yzyna peýda bolupdy. Ol gyzyň mekdepden 2-3 ýyllap nirä ýitrim bolany meň üçin şu wagydam gizlin syrdy. Ýöne bir zady anyk aýdyp biljek, klasymyzdaky 9 gyzyň içinde iň birinji ýetişeni şol Mähri gyzdy. Klasdaş gyzlary bir ýerik çagyrjak bolsaň Mährini tapaýmalydy, soň şoň bir ujyndan çekseň, gyzlaryň bary edil monjyga düzülen ýaly peýda bolýardylar. Men şol Mähra jaň etdim.
—Dawud ýa-da Ýakup? —Mähri oýlandy. —Hawa, bir oglan bardy, ýöne sen bilýäňä mekdep ýyllary hiç kimiň ady tutulanoga. Hemme kişiň diňe lakamy tutulýara. Şol oglanyň hem lakamy bardy. Ýöne şu wagt ýadymda ýok. Ol bize surat çekip berýärdi, ol meň ýadymda. Ýöne siz ol oglany üýşip urýardyňyz dälmi? Onsoňam ol oglan saňa näme gerek boldy?
Men oýa batdym, men mekdep ýyllary birini urup oturanym ýadymda ýokdy.
—Ol oglan birden meň ýadyma düşdi, indem öldür ýadymdan çykaryp bilemok. Sen maňa başga zady aýtsana Mähri, sen şol oglany iň soňky gezek haçan gördüň?
Mähri telefonyň aňarsynda birden oýa batdy. Hatda oň beýnisiňin işleýşini hem eşitse boljakdy.
—Mekdebi tamamlap birje gezek hem görmedim öýdýän. Şu wagt dogrymy aýtsam oň ýüzü hem ýadymda ýok. Häzir mekdep suratlary agdaryp göreýin.
—Azara galma, ol oglan suratlaryň içinde hem ýok, —men jogap berdim.
—Oglanlardaky suratlar bilen gyzlardaky suratlar şol bir suratlar däl, biziň öz suratlarymyz bar, —Mähri telefonyň aňarsynda ýylgyrdy.
—Bolýa, synanşyp gör, eger şol oglanyň suratyna duşsaň maňa jaň et. Men ol oglanyň suratyny göresim gelýär.
Men öň bir çeper edebiýatda okap gördüm. Görüp otursak käbir adamlarda şeýle bir sypat bolýan eken: Hiç wagt ýatda galmaýan sypat. Gözleriňi aýyrdygyň şol bada kelläňden uçýar. Men dogrymy aýtsam öz durmuşymda şeýle sypatly adamlaryň ikisi bilen gabat gelip gördüm. Dogrydanam şolaryň sypaty öldür ýadyňda galanok. Ösen ýurtlarda şeýle adamlary köplenç içaly ýa-da aňtawçy edip işe alýarlar ekenler. Bizde welin şeýle adamlar men ýaly işi gaýdany kösäýmese başga edýän zady ýok. Dawud hem şeýle sypatly oglanlardan bolmaly? Gözüňi aýyrdygyň ýüzüniň sypaty aňyňdan uçýar.
Ajaly ýakynlan adam öz tanyşlaryny göresi gelýär, olar bilen hoşlaşasy gelýär diýýärler? Belki men hen şeýledirin? Belki men şu ýyl ýogalmalydyryn? Şol sebäpden meň ýüregim Dawudy göresi gelýändir? Boş kellä gelmeýän pikirler ýok. Dogrysy meň kelläm indi boş däl, öňler boşdy, ony boýnuma alýan. Soňky 5 ýyl men edebiýat we sungat bilen gyzyklanyp başladym, boş wagtym köp kitap okaýan, daş töwerekdäki zatlara düşünjek bolýan. Awtoulag ulanamok, köplenç pyýada gezýän. Öňler weliň meň üçin iň gyzykly zat puldy. Ýöne puly hem meň elimden aldylar. Indem welin ýylyň başyndan bäri kellede Dawud aýlanyp dur. Men öň hiç wagt etmeýän zatlarymy edip başladym, men köçede ýöreýän wagtym geçip barýan adamlaryň ýüzüne seredip başladym, hamala olaryň birinde Dawudy göräýjek ýaly? Eger göremde-de men ony tanajakmy diýsene?
Men ýene bir iki sany klasdaş oglan gyzlara jaň etdim we olardan hem degerli jogap alyp bilmedim. Görüp otursam öz klasymyzda iň ýady gowy adam men ekenim, we Dawut menden başga hiç kime gyzykly däl eken. Ýöne beýle bolmana haky ýok, bary ýogy 28 adam bir şäherde ýaşap, hökman birek birege duşaýmaly. Biziň şäherimiz beýle uly däl. Şu ýerde meň üstimi duýdansyz bir pikir basýar. Belki men Dawut bilen onlarça gezek sataşandyryn. Ýöne ony tanan däldirin? Ol hem bolup biler. Dawudyň ýaşaýan ýerini ýatlajak bolýan, men oň öýüne barmagada taýyndym. Emma ol pikir hem başa barmady. Dawudyň mekdebe gatnaýan ýerinde eýýäm hiç hili jaýlar ýokdy. Ol ýerler bir wagt sökülip aýrylypdy. Garaz haýsy tarapa ýöreseň petik. Dawud okuwa gelende öz gyz jigsi bilen köne kerpiç zawodyň içi bilen gelerdi. Şol ýerde 5-6 sany haraba jaýlar bardy. Biz ol ýerlere Gaz-oba diýerdik, ýöne näme üçin oba, name üçin gaz, şu wagt öldür ýadymda ýok.
Iň soňynda Maý aýy geldi we biziň barymyz jemlenşmeli diýen karara geldik. Dogrysy Maýda jemlenşip bolmady we biz azajyk tomusa süýşmeli boldyk. Şeýdip bizik 25 ýyllygymyz Iýun aýynyň 11-e bellemeli etdik. Biz şäheriň bir ýerlerinden kafe gürleşdik we giçlik sagat 7-ä barmaly etdik. Şu gezek biziň barymyz üýşäýmelidik. 27 sany okuwçy, 10-njy "B" öz bitewliliginde. Ýöne diňe Dawud ýokdy, dogrysy ol oglany menden başga ýatlaýanam ýokdy, hamala ol oglan hiç wagt bolmadyk ýaly we ony men şu ýylyň başyndan oýlap tapan ýaly? Dogrydanam mekdebiň tamamlananyna 25 ýyl geçeninden soň, klasdaşlaryň barsyna jaň edip, hyýaly bir klasdaş barada sorap otyrsaň, mysal üçin Dawud barada? Hamala ol biz bilen okapdy, seň ýadyňda ýokmy? Sen oň bilen mydama dawwalaşýardyň, ýa-da mydama dostyň we şoňa myňzeş? Meň pikirimçe şeýle usul bilen adamlaryň kellesine hiç wagt bolmadyk adam barada ýatlamalary itekläp boljakdy? Adam ýady ygtybarsyz binýat.
Ýygnanşyga men azajyk gijä galyp barmaly boldym. Kladaşlar meni eýýäm oturdanokdylar: —sen nirde we haçan gelýäň?
—Diňe sen ýok, —diýdi Mähri. —Sen gelseň laýyk 28 bolýas.
—28 bolýas? —Men geň galdym. Diýmek kafeň içinde Dawud hem bolmalyda?
—Hawa, men şu wagt oturanlary sanadym, laýyk 27 adam.
Men azajyk oýa batdym, Dawudyň beýle aňsat tapylanyna ynanma kyndy. Belki klasdaşlaryň içinde ýany bilen bir adam getireni bardyr? —Men oýlandym, ýöne Mähriden hiç zat sorap durmadym, sebäbi özüm eýýäm kafe ýetip barýardym.
Men kafe girip klasdaşlaryň oturan stolyna golaýladym we azajyk togtadym, sebäbi oturanlary daşyndan synlasym gelýärdi. Dogrudanam soňky 25 ýylyň içinde biziň barymyz birinji gezek jem bolduk. Ajal entek biziň hiçimize-de el urmandy. Dawudyň oturan ýerini gözledim we iň soňunda ony tapdym. Ol oglan stolyň iň çet tarapynda otyrdy, näçe boldugyça gyzlardan daşda. Edil mekdep ýyllary ýaly hiç kim oňa üns berenokdy. Eger şu gezek hem bar zat öňkiler ýaly bolsa, bu oglan biziň ýatlamalarymyzdan baky ýitip gitjekdi.
–Dagbaşy gel biziň ýanymyza, –meni görüp klasdaşlaryň biri gygyrdy, oň yzyny ýene bir iki sany oglan alyp göterdi.
–Men şu gün Dawudyň ýanynda oturjak, –Men jogap berdim.
Oglanlardan hiç kim ol kim diýip hem soramady. Dogrymy aýtsam hemme kişä Mähri gyz gyzyklydy, oň hem öz boluşly sebäbi bardy. Mähri klasdaş gyzlaryň içinden iň birinji ýetişen gyzdy we biziň barymyzda entek oglanjyk wagtlarymyz her tüýsli hyýallary oýarypdy. Indem welin ençeme ýyllardan şol hyýallar amala aşyrmak üçin 10-njy B klasyň oglanlary nobata durdylar. Dogrymy aýtsam olaryň bolşy maňa bähbitli boldy. Hiç kim Dawud bilen gürleşmäge päsgel berjek däldi.
–Gowmy Dawut? –Men salamlaşdym. –Biziň görüşmedigimize näçe ýyl boldy?
–Gowmy Dagbaşy? –Dawud salamy aldy.
Men oň ýüzüne seretdim we soňky 25 ýylyň içinde bolan üýtgeşmeleri tapjak boldum. Hamala meň öňümde düýbinden ýat adam oturan ýalydy. Ýüzi gözi şol meň çaklaýan ýüzüm bolup çykdy, gözleriňi aýyrdygyň şol bada sypatyny ýadyňdan çykarýaň. Dogrysy oň gürleýşi hem şeýli eken, edil sypaty ýaly. Sesi hiç hili reňksiz, artykmaç ýekejede söz aýdanok. Adyny tutmasaň saňa ýüzlenenok, hamala bu ýerde ýok ýaly öz pikirlerine gümra bulup otyr. Gyzykly ýeri bu oglan hemişe şeýledimi, ýa-da soň şeýle boldumy? Dogrysy mekdep ýyllary beýle zatlara känbir üns bereňok, kelläňde şemel bilen ýarym ýalaňaç Mähri ylgap ýör. Bu oglan doga bitdi şeýle bolmaly, beýle häsýeti näme etseňem gazanar ýaly däldi.
–Işler çagalar gowmy? –Men soradym, bu oglanyň näme bilen dem alýany maňa diýseň gyzyklydy.
–Hawa gowy, seňkiler nähili? –ol sorady.
–Meňkiler gowyla, sen başga zady aýtsana, sen mekdepden soň nirä ýitrim boldyň, men seni 25 ýylyň içinde birinji gezek görşüm, sen başga şäherde ýaşan dälsiňä–men gönümel soradym.
–Ýok, men şu şäherden giç ýerik gidemok, –Dawut jogap berdi.
Stoluň başynda bolsa şagalaň höküm sürýärdi. Oglanlar arak içýärdi, gyzlar bolsa yzyny üzmän gülýärdiler. Geň ýeri Dawud hem olar bilen deňine arak içýärdi we çilim çekýärdi. Meň göwnüme bu oglan näme üçindir arak içmeli däldi, we çilim çekmeli däldi.
–Sen nirede işleýäň Dawud, –men soradym.
–Iňlis dili mugallym, –ol jogap berdi.
–Haýsy Mekdepde? –Men ýene soradym, ol bolsa işleýän mekdebini aýtdy.
Ol oglanyň işi nähili bolanda-da 25 ýyllap ýitrim bolmaga hiç hili müňkinçilik döredenokdy. Elbetde bu oglan Nebit we gaz ministrliginde işläp, her aýyň 15 günini çölde geçirýän bolsa, men hiç zady geň görmezdim, ýöne adaty orta mekdepde iňlis dili boýunç adaty mygallym bolup, 25 ýyllap maňa hiç bir ýerde tötänden sataşmadygy örän geň ýagdaýdy. Ýene bir geň ýagdaý, bu üşmeleňde Dawud bilen menden başga gyzyklanýan hem ýokdy. Belki men gelmäkäm bu oglan bilen hem-me kişi boldugyndan gep söz alyşandyrlar we pikirleriniň deň gelmeýänini bilip, ellerini üzendirler? Men bolsa bary-ýogy birje sagap gijä galdym.
–Saňa oturýanymyzy kim aýtdy? Oglanlaryň biri bilen habarlaşýaňmy? –Men soradym. Soň bolsa hamala saňa aýtman oturjak bolduk diýýän ýaly eşidiläýmesin diýip yzyndan goşdum: –Biz seni kän gözledik, ýöne seň telefon belgiňi tapyp bilmedik. Gitmäkäň belgiňi bir galdyryp gideweri, –men sypaýyladym. —Birden klasdaşlardan biri ýogalsa ýa-da toý etse saňa aýdar ýaly.
–Maňa hiç kim aýtmady, –Dawut hiç hili duýgusyz başlady. –Men bu ýerik tötänden geldim, köçeden geçip barýardym, birden suw içesim geldi, daş töwerekde bolsa hiç hili dükan ýok. Gymmadyrak hem bolsa şu kafedan alaýyn diýip içine girdim, seretsem klasdaşlar otyr. Onsaň nädip bu ýeri taşlap gitjek?
Dawut sözini jemledi, dogrymy aýtsam oň sözlerinden men hiç zada düşünmedim, ol dogrusyny aýtdymy, ýa-da oýun etdimi? 25 ýyllap maňa ýekeje gezek tötänden hem sataşmadyk oglan, bu gün adatdan daşary tötänlik barada gürrüň berip otyr.
–Oňarypsyň, –diýdim men.
Özüm bolsa bir oňaýsyzlyk duýýardym. Özüm azajyk garasöýmezräk bolamsoň bir zada göz ýetirdim. Haýsy adam bilen araňy sazlajak bolsaň şol adam bilen bile oturyp arak içmelidi. Men ýüregim bilen syzýardym, men Dawud bilen içmesem oň bilen düzüwli gürleşip bilmeýän. Meň bagtymdan ol arak içýän oglanlardan bolup çykdy. Eger molla syrap dommarlyp oturan bolsa näme etjek? Ýöne men bu ýere gelemde arak içmek nýetimde ýokdy, men gyzlary öýlerine düşürerin diýen nýet bilen gelipdim. Görýän welin bar zat başgaça taraba akyp barýar.
Biz içdik, gowja içdik, meň dilim çenden aşa çözüldi. Biziň klasymyz edil mekdep döwründäki ýaly kiçijek toparlara bölündi. Gowy okaýanlaryň topary bir ýana, diňe garagolluk edýänleriň topary bir ýana, dünýe bilen seri ýoklaryň topary bir ýana. Ejesi kakasy narkotik satýanlaň topary bir ýana. (Gynansamda meň okaýan döwürlerim okuwçylar şol görjeziji boýunça hem birek birek bilen dost bolýardylar). Meň bilen Dawud hem bir ýana. Dawut arak içip başlasa çilimi çenden aşa köp çekýän eken. Biziň ikimiz her 10 minutdan daşyna çykýardyk. Her gezek çykamyzda bolsa, men şol bir soragy berýärdim:
–Dawutjan, sen meni diňle, iki sany tanyş adam bir şäherde ýaşap, birek biregi 25 ýyllap görmän bilenok. Bu ýerde hökman bir syr bolaýmaly. Eger mesele mende bolan bolsa, men başga klasdaşlary hem görmezdim, ýöne men diňe seni göremok. Dogrymy aýtsam seni başga oglanlaram 25 ýylyň içinde görendir öýdemok?
–Sen dogry öýdýäň, –Dawut jogap berdi, –meni mekdebi tamamlanymyz bäri ýekeje klasdaş hem görenok. Sen syr barada-da dogry aýdýaň, bu zatlaryň barynda bir syr bar, –Dawut ýylgyrdy.
–Ol nämäň syry? –Men soraýan.
–Aýdanym bilen hem sen barybir ynanmarsyň, düşünmersiň, gowsy şu ýagdaýyňda galyber, –Dawud gödek jogap berdi, ýöne men barybir basylmadym. Men her gezek çilim çäkmäge çykamyzda ondan soradym: —nädip 25 ýyllap gözden ýitip bolýar we tötänden şu ýerik gelip bolýar?
–Siz meni şu gün hem görmezdiňiz, –Dawud birden dil ýarýar. –Siziň içiňizden biri meň pikirimi eden bolmaly, meň pikir diýemde az salymlyk däl, klasdaşlardan kimdir biri meni çyny bilen göresi geldi we ine men bärde.
–Men seni çynym bilen göresim geldi Dawutjan, –Meni ony gujakladym we zordan aýagymda saklandym. Men eýýäm gowja içipdim. Dogrymy aýtsam şu size gürrüň berýän zatlarymy hem ertesi güni zordan ýatladym.
–Ýanyma gelip oturanyňdan şol bada düşündim, –ol diýýär.
–Bu zatlar hiçle Dawutjan, sen maňa gowsy nädip 25 ýyllap ýitrim bolup bolýanyny öwretsene, bolmasa şu adamlardan diýseň ýadapdyryn, hiç kimi göresim gelenok, –Men Dawudy ýene gujakladym.
Bu gezek ol hiç zat gürlänok, ol pikir edýär, hamala maňa aýtsam bolýarmy ýa-da ýok?
–Aýdanym bilenem sen bary bir maňa ynanmarsyň. Ýöne sorap dursaň näme edeýin? Ýöne meň aýtjak zatlarymyň bary ýöne bir çaklama. Hakykatda welin, nädip 25 ýylyň içinde hiç bir klasdaşa duşmadygym meň üçin hem örän geň.
–Bolýa bolýa, men çaklamada razy, –diýýän men, özüm bolsa kafedan çykyp barýan Mährini synlaýan. Ony Döwran bir ýerlerik alyp gidip barýar. Şunça ýyllardan soň Döwranyň mekdep arzuwlar hasyl boljak eken?
–Sen adamyň Ruhynyň bardygyna ynanýaňmy? –Dawud menden sorap çilmi içine dartýar. Çilimiň közi çym-gyzyl bolýar.
Elbetde bu soragy 5-10 ýyl mundan öň eşiden bolsam ýok ynanamok diýip jogap bererdim, ýöne soňky ýyllar meň bilen bolup geçýän zatlardan soň men ähli zada yanamaga taýyndym.
–Ynanýan, –jogap berdim men.
–Eger ynanýan bolsaň bir zat barada pikirlenjek bol. Biziň ikimiz şu wagt birek biregi görüp durus, şeýle dälmi? –Dawut sorady.
–Hawa.
–Indem göz öňüne getir, birden biziň ikimizem öldük we biziň diňe ruhlarymyz galdy. Biz şonda-da birek biregi görüp bilerismi? –Dawut sorady we ýene bir çilimi otlady.
–Hawa, –men jogap berdim we aňarsy görnüp duran Dawudy göz öňüne getirjek boldum.
–Ýok, biz birek biregi görüp bilmeýäs, edil şu wagtky halda görşümiz ýaly görüp bilmeýäs. Adam öleninden soň oň ruhy ýöne bir adam häsýetleriniň bir nokada jemlenen görnüşi ýaly bir zada öwrülýar.
–Bu zatlaryň meň beren soragyma näme dahylly ýeri bar, –Men Dawudyň göwnüne degmejek bolup soradym. Dogrymy aýtsam men başgarak jogaba garaşýardym, ruhlar barada eşiderin diýip hiç kellämede gelmändi.
–Gönümel, –Dawut jogap berdi. –Adamlaryň ruhy dürli dürli bolýar, edil adamlaryň dünýägaraýyşlarynyň we häsýetleriniň dürli dürli bolşy ýaly.
–Hawa, –men näme barada gürrüň gidip duranyny düşünýän ýaly gürledim.
–Häsýeti boýynça birek birege meňzeş ruhlar bir ýerde jemlenýärler. Ruhlaryň yzlary bilen olaryň bedenleri hem iň soňunda jem bolýarlar.
–Düşünmedim, –diýýän men. –Adamlar öleninden soň ruhlary bir ýerik jemleşýärmi? –Entegem gürrüňiň nirden çykjagyny bilmän men soraýan.
–Ýok, men diri adamlar barada aýdýan. Garaş, häzir başgaça düşündirjek bolaýyn. Her bir adamyň öz ruhy bar, adam öleninden soň hem şol ruh galýar. Entek diri adamlaryň ruhy özleri ýaly meňzeş ruh tapyp, bir ýerik dartylýarlar. Deň etmän duş etmez diýýän nakyldaky ýaly. Diňe birek birege meňzeş ruhlar bir ýerik jem bolýarlar. Ruhlar bileleşenden soň olaryň bedenleri hem birikýär, ýa-da köçede bir ýerde tötänden sataşýarlar. Sen düşünýäňmi?
Men ýok diýip jogap bermegiň ýerine Dawudyň ýüzüne çiňňerilip seretdim. Bu gürrüňler başlanyndan soň men ýuwaş ýuwaşdan serhoşlykdan hem açylyp başlan ýaly boldum.
Meň düşünmeýänimi bilip Dawud sägindi, ol hamala öz pikirlerini başga sözler bilen beýan etmek üçin söz gözleýän ýalydy. Geň ýeri bu oglan näçe içsede serhoşa meňzänokdy.
—Meň häsýetim başga, —Dawud birden başlady. Klasymyzdaky 28 okuwçyň içinde meň ýeke özim baryňyzdan tapawutlanýan. Durmuşda hemişe häsýetleri meňzeş adamlar gabatlaşýar. Meň häsýetim bolsa siziň hiçiňiz bilen gabat gelenok, şol sebäpden biziň ýollarymyz kesişenok. Sen düşünýäňmi? —Ol menden sorady, men razylygyň şanyna başymy atdym. Ol bolsa dowam etdi: —Men 5 ýaşymdan bäri dürli dürli kitaplary okaýan, öz dünýa garaýşymy giňelýän. Meň aňym bir ýerde duranok, men ýyl ýyldan üýtgeýän. Meň aňym bilen bile, meň ruhym hem üýtgeýär. Eger sen meň bilen durmuşda häli şündi sataşyp durjak bolsaň, şol sanda hem tötänden, sen meň bar okan kitaplarymy okamaly bolarsyň. Sen şoňa düşünýäňmi? Eger okasaň we meň durmuşda düşünen zatlaryma düşünseň, biziň aňymyz meňzeş bolar. Onsoň biz birek biregi görüp bileris. Bolmasa biz iň bärkisi tötänden hem görüşip bilmeris.
Men eşiden zatlaryma näme diýjegimi bilmen durdym. Elbetde beýle habary günde eşidip duraňok. Dogrysy şol wagt biziň ikimiz içgili bolmadyk bolsaň beýle gürrüňleriň başyndan hem barmazdyk. Dawud çilimini çekip boldy we biz yzymyza kafe girdik. Klasdaşlaryň deň ýary eýýäm bir ýerlerik ýitrim bolupdy. Gyzlardan eýýäm hiç kim ýokdy, iň soňky gaýdan Mähri gyz boldy, ony hem öýlerine çenli äkidenleri gümana bolup durdy. Eger ýalňyşmasam şagalagyň ýarsynda Mähri hem içip başlapdy. Dawut bilen men öz ýerimize geçip epesli wagt dymyp oturdyk. Dawud özini oňaýly duýýardy, ýöne men beýle däldim, men bir wajyp zatlar eşiden ýalydym, ýöne näme eşidenime düşünip bilemokdym. Iň soňynda ümsümligi Dawud böldi:
—Klasdaşlaryň içinden senden başga ýekeje biri hem meň ýanyma gelip bilmedi. Olar diňe salamlaşma bilen oňdylar. Kä birleri bolsa salamlaşmagada milt etmedi, bilýäňmi näme üçin? —Ol sorady.
Dogrydanam men gelenim bäri Dawudyň ýanyna ýekeje biri gelmedi we söz gatmady. Iň bärkisi oň ýanynda oturanlar hem ýuwaş ýuwaşdan ondan çetleşip başladylar.
—Näme üçin? —Men soradym.
—Mekdep döwürleri siziň baryňyz meni urýadyňyz, seň ýadyňdamy? —Dawud hiç hili ýazgarmasyz sorady.
—Ýadymda ýok, —men jogap berdim, men çyndanam ýatlap bilemokdym. Aradan 25 ýyl geçipdi, eger urýan bolsagam şu wagt aýdyp biljek däldim.
—A sen bilýäňmi neme üçin ýadyňda ýok? —Dawud sorady. Indi oň sözleri bir tüýsli gorkynç eşdilip başlapdy.
—Bilemok, —men gysgaça jogap berdim.
Dawud azajyk oýa batdy, hamala maňa nähili sözler bilen jogap berjegi barada oýlanýan ýalydy.
—Eger adam öz kellesine yzyny üzmän informasyýa ýüklese oň aňy we dünýä garaýşy üýtgeýär. Oň yzy bilen adamyň ruhy hem üýtgeýär. Eger adamyň ruhy üýtgese adamyň ykbaly we gelejegi üýtgeýär. Ýöne meň düşünşime görä adamyň diňe bir gelejegi üýtgänok, adamyň geçmişi hem üýtýeýän eken. Elbetde bularyň bary ýöne bir meň çaklamam. Ýöne bu çaklamaň ýaşamaga haky bar. Gelejek bilen geçmiş deň üýtýeýär. Men öz ruhymy kitaplaryň kömegi bilen berkitdim. Adam ruhy bolsa bir bada geçmişde, şu wagtda we gelejekde ýaşaýan eken. Şol sebäpden käbir adamlar gelejegi görüp bilýärler. Indi sen şu ýerde pikirlenip gör, eger meň ruhym şu wagtda üýtgän bolsa, we oň geçmişdäki bölegi gem üýtgeýär. Mekdep ýyllary men ejizdim, siziň baryňyz meni urýardyňyz. Sebäbi şol döwürler meň ruhym ejizdi. Indi emçeme ýyllardan soň meň ruhym güýçlendi, onlarça esse güýçlendi. Diýmek meň ruhym gelejekde we geçmişde güýçlendi, sebäbi adam ruhy wagt diýen zada boýun däl. Gelejekde güýçlenen ruh bilen bar zat düşnikli bolsa, geçmişde güýçlenen ruh bilen bar zat beýle düşnükli däl. Meň ruhym geçmişde güýçlendi, şol sebäpden siz maňa, klasdaşlar bolup mekdep ýyllarynda azar berip bileňzok, oňa siziň ruhyňyz çatanok. Meň geçmişime giden ruhym bilen siziň ýatlamalaryňyzyň arasyna dawwa döreýär. Siziň geçmizde gezip ýören ruhymyz maňa güýji ýetmejegine düşünýär we maňa azar berýän ýatlamalaryň baryny pozýär. Sen düşünýäňmi?
Dawud sözlerini jemledi we maňa bakdy. Mem bolsa edil däliň samramalaryny diňleýän ýaly oňa aňkaryldym. Entek hiç bir ýerde şu meňzeş samrama eşidip görmändim.
—Bu ýöne bar zadyň başlangyjy, —Dawud dowam etdy. —Men entegem öz aňymy ösdürmegi dowam etýän. Meň ýeten derejäm bu entek diňe birinji ädimler. Entek Meň ruhym adaty adamlaryň ruhyndan şeýle bir tapawutlanmaly we şol tapawudy geçmişe we gelejege ugratmaly. Onsoň geçmişde siziň baryňyzyň ruhy, men ýaly adamyň siziň içiňizde gezendigini tutuşlaýyn inkär etmeli. Sen düşnýäňmi? —Dawut soraýar.
—Men känbir düşünmesemem haýaljakdan başymy atýan.
—Adam Ata bilen Höw ene Jennediň bagyndan gadagan miwäni ýoldylar. Eger adamzat şu wagt gadagan miwäni ýolmaly däldigini düşünse. Şol düşünjäni adamyň ruhy geçmişe we gelejege alyp gidýär we geçmiş hem gelejek üýtgeýär. Sen iň bärkisi şoňa bir düşünýäňmi? Onsoň Jennetden kowulmagyň hiç hili hatajy bolanok. Ýada geçmişiň üýtgemegi bilen adamzat ýene Jennede gaýdyp barýar. Geçmiş bolsa üýtgeýär we adam hamala hiç wagt Hudaýyň sözinden çykmadyk ýaly bolýar. Men öz geçmişimi üýtgetmegi başardym. Şonuň üçin men siziň baryňyzyň ýadyňyzda ýok.
—Geçmişi üýtgedip bolanok, —diýýän men. —Bolan zat eýýäm boldy, etjek zadyň ýok.
Dawud meň sözlerime ýylgyrýar we stakana guýylgy duran bir zatlary owutlaýar.
—Geçmiş ýatlamalara öwrülýär, ýatlamalary bolsa pozup bolýar. —Ol jogap berýär. —Ýatlamalary üýtgedip hem bolýar eken. Sen bir zady göz öňüne getir, sen diňe şu gün meň eňlis dili mugallymdygymy bildiň. Onsoň seň ýatlamalaňda näme oýandy?
Meň jogap berenime garaşman Dawudyň özi dowam etdi:
—Sen ýatlamalaryňda men eýýäm mekdep ýyllaryndan iňlis dilini gowy bilýän ýaly bolup göründimmi?
Men haýaljakdan başymy atdym we çyndanam Dawud öziniň mugallymdygyny aýdanyndan, näme barada oýlananymy ýatlajak boldum. Ýöne öldür ýadyma düşmedi, şol sebäpden Dawudyň aýdýan pikirlerini kabul etmeli boldy.
—Sen näme diýen bolsaňam men hiç zada düşünmedim Dawud, —men boýnuma aldym. Dogrymy aýtsam men bir bada bar zady düşinen hem ýaly, ýöne näme düşünenimi başga birne hiç wagt düşündirip biljek däldim. "Dünýede diňe meňzeş adamlar birek birege sataşýar" ine meň iň esasy düşinen zadym.
—Beý-bä, —diýdi Dawud. —Bolýa-da, men saňa iň esasy syry açaýyn. —Syr açaýyn sözlerden soň meň kellämden bolanja arak hem bir ýerlerik ýitrim bolýar. —Dünýä belli bir kitap bar. —Dawud dowam edýär. —Sen şol kitaby bilýäň, hemme kişi şol kitabi bilýär. Şol kitaby okasaň, içinde şeýle bir setirlere gabat gelýäň. Kitabiň awtory şeýle diýýär: —Eger sen meň kitabimy okaýan bolsaň, diýmek men seni başga adamlardan çetleşdirerin, seň bilen başgalaryň arasynda göze görünmeýän böwet goýaryn.
—Şol kitabyň ady näme? —Men soraýan.
—Men başda kitabiň sözlerine ynanmadym, ýöne barybir ol kitaby köplenç okaýardym. Iň soňunda görüp otursam kitabyň awtory meni aldamandyr, ol çyndaman meň bilen başgalaryň arasynda böwet goýdy, meni göze görünmeýän etdi. —Dawud hamala meň soragymy eşitmedik ýaly dowam edýär. —Şonuň üçin men soňky 25 ýyllap hiç kim bilen duşmadym, biziň aramyzda göze görünmeýän böwet bar Dagbaşy. —Dawud birinji gezek meň adymy tutdy.
—Kitabyň ady näme? —Men ýene bir gezek soradym, —ýön Dawud oňada hem jogap bermedi we başga zatlar gürläp başlady:
—Wagtyň geçmegi bilen men başga bir zada göz ýetirdim. Men bar zada şol jadyly kitap sebäpkärdir öýdüp ýördüm. Ýöne beýle däl eken. Şol kitapda hiç bir zada meňzeş däl pikirler bar, şol piirlere ynanan adamyň bolsa, dünýä garaýşy üýtgeýär. Dünýä garaýşyň üýtgese, oň yzy bilen ruhuň üýtgeýär. Ruhlary meňzeş däl adamlar bolsa, birek birek bilen duşuşyp bilenoklar. Şol kitaby ýazan awtor şol kanunlary billip, öz bähbidine ulanmagy başarypdyr. Sen düşünýäňmi?
—Kitabyň ady näme? —men 3-nji gezek soraýan.
—Kitabiň adynyň hiç bir tapawudy ýok Dagbaşy. Sen hiç kimiň okamaýan kitaplatyny ok, hiç kimiň görmeýän konolaryny gör we hiç kimiň etmeýän pikirlerini et. Onsoň sen hem edil men ýaly gözden ýitip bilersiň. Onsoň ýoluňdan diňe öziňe meňzeş adamlar sataşar, sen düşünýäňmi? Eger şu wagt akyllanyp bilseň, sen geçmişde hem akylly ýaly bolup görünersiň, seni tanaýanlaryň bary ol mydama şeýledi diýerler. Sen düşünýäňmi?
—Men soňky döwür kitap okaýan, —diýýän men, soňky 5-6 ýyl bäri diňe kitap okaýan.
—Şonuň üçin biz şu wagt sataşdyk, ikimiziň dünýä garaýşymyz meňzeş bolup başlady. Mundan beýläk biz şäherde tötänden sataşyp başlarys, ine görersiň.
Şol gije Dawud köp zatlar gürledi, hemmesini ýatlar aýdar ýaly däl. Dogrymy aýtsam men oňa kynlyk bilen düşünýärdim, ony başga adamlar diňlän bolsa, däliň samramasy diýip pikir etmeklerem ähtimaldy? Ýöne bir zatda Dawud mamla bulup çykdy, biz çyndanam şol gijeden soň oň bilen örän kän gabat gelip başladyk. Biz tötänden awtobuzda gabat gelýärdik, köçelerde we seýilgählerde. 25 ýyllap ýiten adam, indi ýöne daş töwerekde dolup duran ýaly boldy.
Soňy.
15.12.2020
Rahman Zulfikarow.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.