Türkmenistanyň iň garry ýaşaýjysy uzak ýaşamagyň syryny açdy
Turkmenistanda ozal habar berlişi ýaly, Mary welaýatda Hajyýewa Ajapsoltan diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde iň uzak ýaşaýan ýaşaýjylaryň biri bolup durýar. 121 ýaşly aýal uzak ýaşamagyň syrlaryny ýerli metbugat korrespondentleri (habarçylar) bilen paýlaşdy. Adamyň hemişe hereketde bolmalydygyna belläp geçdi, Ajapsoltan Hajyýewa ine şeýle diýdi:
“Durmuşda sagdyn we akýürekli ýaşamaly. Tut agajy ýaly güýçli bolmak isleseňiz, haýsydyr bir fiziki işden gorkmaly dälsiňiz. Ýogsam, siziň bedeniňiz gün-günden garrar. Ykbalymda, ir ýaşymda ejesiz galdym. Oturgyjyň üstünde durup çörek bişirenim ýadymda. Meniň oglan we gyz jigilerim gaty kiçijekdiler. Şonuň üçin kakama kömek etmezlizlikden utanýardym. Bugdaý üwedik, haly dokadyk we keçäni basyp ýasaýardyk. Ine, şeýdip işlemäge öwrenişdim. Hut şol sebäpli zähmet meni berkitdi. Uzak ýaşamagyň manysyny zähmetde we hoşgöwünlikde görýärin. Zähmet ýüregi negatiwlerden arassalaýar. Hoşniýetli adam üçin durmuş şatlykly we ýagty günleri berýär. Elbetde, ýurdumyzyň gülläp ösmegi we asuda asmanynyň bolmagy munuň üçin uly ähmiýetli bolup durýar".
G. Maral

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.