ýalñyz galan "agaç sekiler"
Haýa diýen goýy syýa içimde
Ömürlik agyry, arman goýsa-da
Seni şol gün sekimiziň ýanynda
Otyrkam göremde çäksiz buýsandym.
Ýyllaň saçlaryňa çalan reňkini,
Hut güýz güni görkezende nesibe,
Edep bilen salam berip, çalaja,
Tanaýardyň kalbym saňa ýesire.
Agaç seki ýadyňdamy, güýz güni
Agamyň ýanyna gelen agşamyň.
Garaşyp gelerne uzak gijäni,
Geçiripdiň, aladaly agamyň.
Säher çykyp, öýden çekipdim içim,
Syňsyraklap güýzüň agyr çigregine.
Henizem agama garaşýandygňy
Aýdyp, utanypdyň şonda jigilerime.
Agam uzak saparlarny dynmasa,
Gelmjegni aýtsagam, sen gitmändiň.
Bir gijäni agaç sekide ötrüp,
Gaýtmak belki, nesibedir ykbaldyr.
Nä derdiň bardygny bilebilmedik,
Agam bilen kän derdinşip şonda sen...
Agaç sekileri gar bürese-de
Gaýdyp soňra hiç dolanyp gelmediň...
Görsene, ýyllary geçipdir ýollar,
Sataşmadyk, bir obadan bolsak-da.
Sen-ä okuwyňy gutardyň gitdiň,
Men bolsa, gam goýdum, şo gün gursakda.
Ýogsa sen nirede, men nirelerde
Ýat iller çekipdir nesibämizi.
Ýagşylygy baýdak edenem bolsak,
Güýz güni şol waka gaýdyp gelýärin.
Görýän indi wagt saldy talaň ýar,
Bagt atly bir bölejik parça-da.
Indi öňki ýaly derdimi sözläp,
Azar bermen gapydaky arça-da.
Görsene, güýz örküjine ýetildi,
Indi gyşa kän bolsady ekiler.
Agşamyň çygyna bürener indi,
Işikdäki şo-ol gadymky sekiler.
Hem saňa garaşyp, wagtym elenmez,
Gursak mynjyramaz, aýalarymda.
Gije sekiň üstün torç eden gussa,
Ýiter agşamlaryň saýalarynda.
Gözümden uçanyña telim ýyl boldy,
Göwrämdäki bagt atly açaryň.
Indi güýzem üzüm sekiň üstünde
Ýazdy ýapraklardan sary saçagyn.
Gel-gel, indi şeýdip unudaýmalymy,
Ýadyrgadyp ýatlamalaň ýaňagyny.
Durna başga ýerden geçäýmelimi,
Bize goýup, unudup bolmaz armany.
Gara gyş gelmänkä, aglap müzzeren
Baglar dökmez miwesini ekine.
Indi agşam çygdan düşek ýazar-da
Üstünde oturtmaz agaç sekiler.
Gussa täzelenmez, güýzüň gamyndan,
Belki kyssalarym täzelenerler.
Indi biýaralaň içinde ýatan
Gawunlar oňatça “käselendiler”.
Güýzde kyn-a, gam-gussadan daşlaşmak,
Güýzde ýetimleşýär öňem ýekeler.
Daşarda oturmak arzuwdan kesýär,
Çygdan “düşeklenen” agaç sekiler.
Ömürlik agyry, arman goýsa-da
Seni şol gün sekimiziň ýanynda
Otyrkam göremde çäksiz buýsandym.
Ýyllaň saçlaryňa çalan reňkini,
Hut güýz güni görkezende nesibe,
Edep bilen salam berip, çalaja,
Tanaýardyň kalbym saňa ýesire.
Agaç seki ýadyňdamy, güýz güni
Agamyň ýanyna gelen agşamyň.
Garaşyp gelerne uzak gijäni,
Geçiripdiň, aladaly agamyň.
Säher çykyp, öýden çekipdim içim,
Syňsyraklap güýzüň agyr çigregine.
Henizem agama garaşýandygňy
Aýdyp, utanypdyň şonda jigilerime.
Agam uzak saparlarny dynmasa,
Gelmjegni aýtsagam, sen gitmändiň.
Bir gijäni agaç sekide ötrüp,
Gaýtmak belki, nesibedir ykbaldyr.
Nä derdiň bardygny bilebilmedik,
Agam bilen kän derdinşip şonda sen...
Agaç sekileri gar bürese-de
Gaýdyp soňra hiç dolanyp gelmediň...
Görsene, ýyllary geçipdir ýollar,
Sataşmadyk, bir obadan bolsak-da.
Sen-ä okuwyňy gutardyň gitdiň,
Men bolsa, gam goýdum, şo gün gursakda.
Ýogsa sen nirede, men nirelerde
Ýat iller çekipdir nesibämizi.
Ýagşylygy baýdak edenem bolsak,
Güýz güni şol waka gaýdyp gelýärin.
Görýän indi wagt saldy talaň ýar,
Bagt atly bir bölejik parça-da.
Indi öňki ýaly derdimi sözläp,
Azar bermen gapydaky arça-da.
Görsene, güýz örküjine ýetildi,
Indi gyşa kän bolsady ekiler.
Agşamyň çygyna bürener indi,
Işikdäki şo-ol gadymky sekiler.
Hem saňa garaşyp, wagtym elenmez,
Gursak mynjyramaz, aýalarymda.
Gije sekiň üstün torç eden gussa,
Ýiter agşamlaryň saýalarynda.
Gözümden uçanyña telim ýyl boldy,
Göwrämdäki bagt atly açaryň.
Indi güýzem üzüm sekiň üstünde
Ýazdy ýapraklardan sary saçagyn.
Gel-gel, indi şeýdip unudaýmalymy,
Ýadyrgadyp ýatlamalaň ýaňagyny.
Durna başga ýerden geçäýmelimi,
Bize goýup, unudup bolmaz armany.
Gara gyş gelmänkä, aglap müzzeren
Baglar dökmez miwesini ekine.
Indi agşam çygdan düşek ýazar-da
Üstünde oturtmaz agaç sekiler.
Gussa täzelenmez, güýzüň gamyndan,
Belki kyssalarym täzelenerler.
Indi biýaralaň içinde ýatan
Gawunlar oňatça “käselendiler”.
Güýzde kyn-a, gam-gussadan daşlaşmak,
Güýzde ýetimleşýär öňem ýekeler.
Daşarda oturmak arzuwdan kesýär,
Çygdan “düşeklenen” agaç sekiler.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.