Güýz­de ge­zil­me­li iň owa­dan ýer­ler

Güý­züň özü­ne mah­sus reňk­le­ri şä­her dur­mu­şy­na aý­ra­tyn öwüşgin berýär. Dün­ýä­niň dür­li şä­her­le­rin­de bu öwüşgin ta­pa­wut­ly bol­ýar. «Boo­king» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk saý­ty «Mo­mon­do» güýz aý­la­ryn­da owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan şä­her­le­riň sa­na­wy­ny düz­di. Bu sa­na­wyň bi­rin­ji bäş­li­gin­de şu şä­her­ler bar:

Ut­reht, Ni­der­land­lar
Sa­ry, gy­zy­l we mä­mi­şi­ reňk­le­riň öwüş­gin­le­ri şä­he­riň ga­dy­my ka­nal­la­ry bi­len bir­le­şip, sy­ýa­hat­çy­lar üçin ýat­dan çyk­ma­jak şe­kil­le­ri dö­red­ýär. Ta­ry­hy ka­nal­la­ryň Or­ta asyr­lar­da ga­ýyk­la­ry bag­la­mak üçin ula­nan ýa­ka­la­ry­ny hä­zir­ki wagt­da ka­fe­ler­dir dü­kan­lar dol­du­ryp­dyr. Ut­reh­ti aý­lan­ma­gyň iň go­wy usu­ly bol­sa, ki­re­ýi­ne be­ril­ýän ga­ýyk­la­ry ulan­mak­dyr. Şeý­le et­mek bi­len şä­he­riň ta­ry­hy­ny duý­ma­ga we owa­dan ka­nal­la­ry ýa­kyn­dan gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ta­par­sy­ňyz.
No­wo­si­birsk, Rus­si­ýa
Si­bi­riň uly şäheri No­wo­si­birsk­de gyş aý­la­ry şatylama so­wuk bolsa-da, sent­ýabr-okt­ýabr aý­la­ryn­da güý­züň Gün şöh­le­le­ri şä­he­riň te­bi­ga­ty­na zynat berýär. Rus­si­ýa­nyň iň uly ope­ra we ba­let te­at­ry­nyň keş­bi, esa­san hem, gü­nüň ýaş­ýan pur­sat­la­ryn­da şä­he­riň gö­zelligini art­dyr­ýar. No­wo­si­birsk şä­he­ri­niň gy­ra­syn­dan geç­ýän Ob der­ýa­syn­da güý­züň hö­zi­ri­ni gör­ýän ýer­li­le­re ga­bat gel­mek bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lar der­ýa­nyň ke­na­ryn­da otu­ryp, su­wuň üs­tün­de gaý­ýan sa­ry ýap­rak­la­ra to­ma­şa edip bi­ler­ler.
Se­wil­ýa, Is­pa­ni­ýa
To­mus aý­la­ry­ny şä­he­riň go­la­ýyn­da­ky dynç alyş ýer­le­rin­de ge­çir­mek üçin Se­wil­ýa aja­ýyp mer­kez­le­riň bi­ri­dir. Em­ma güý­züň il­kin­ji hep­de­le­ri şä­her­dä­ki iň go­wy pur­sat­la­ra şa­ýat bol­mak üçin tüýs wag­ty. Şeý­le aý­lar­da Se­wil­ýa­nyň kö­çe­le­ri pyr­ty­kal gül­le­ri­niň ysy bi­len dol­ýar. Şä­he­riň kö­çe­le­rin­de bol­sa, wag­ty­ny hoş ge­çir­ýän ýer­li­ler ag­dyk­lyk ed­ýär. Bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly bi­na­gär­lik me­de­ni­ýet­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän Se­wil­ýa şä­he­ri­ni py­ýa­da gez­me­giň lez­ze­ti­ni gör­me­gi ýat­dan çy­kar­maň!
On­ta­rio, Ka­na­da
Sent­ýabr aýy­nyň soň­ky gün­le­rin­den baş­lap, bu şä­her­de güý­züň ge­tir­ýän te­bi­gy üýt­geş­me­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Bu üýt­geş­mä­ni şä­her­den uzak­da bol­ma­dyk «Al­gon­ku­in» par­kyn­da has ýa­kyn­dan syn­la­mak müm­kin. Par­kyň için­de ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek ar­ka­ly güý­züň tä­si­ri bi­len sa­ral­ma­ga baş­lan te­bi­ga­ta to­ma­şa edip bi­ler­si­ňiz.
Nia­ga­ra der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­dan do­wam ed­ýän Nia­ga­ra ýo­lu­nyň hem yl­ham be­ri­ji peý­za­žy bar. Eger py­ýa­da gez­me­gi ha­la­ýan bol­sa­ňyz, müň ýyl­lyk agaç­la­ry bo­lan «Brýus Pe­nin­su­la» mil­li par­ky­na aý­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Fu­ji da­gy, Ýa­po­ni­ýa
Ýa­po­ni­ýa­nyň Hon­şu ada­syn­da ýer­leş­ýän Fu­ji da­gyn­da güýz pas­ly diý­mek, asu­da ak­ýan su­wuň, şeý­le hem ül­je we ker­kaw agaç­la­ry­nyň gy­zy­lym­tyl ýap­rak­la­ry­nyň saz­la­şy­gy­ny aň­lad­ýar. Bu ýer­de te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp, «Fu­ji­ka­wa­gu­çi­ko» at­ly güýz ýap­rak­la­ry­nyň fes­ti­wa­ly bel­le­nip ge­çil­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň iň belent da­gy Fu­ji­niň wulkan daş­la­ry­nyň eme­le ge­tir­ýän ga­ram­tyl reň­ki güý­züň sa­ry we gy­zyl ýap­rak­la­ry­nyň ara­syn­da me­se-mä­lim öňe saý­lan­ýar.
2 лайков 96 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.