...göwün şadyma
Sena ulugyzdyñ zülpleriñ towly,
Menem bir maşgalañ körpeje ogly.
Menä "Söýýän” diýip saýran bolardym,
Senem monça bolup aýnan bolardyñ.
Hemişe gizlenip göz bilen dilden,
Bileje ýörardik gumaksy ýoldan.
Ir säherden baryp atyzly pele,
Ak pagta ýygardyk ikimiz bile.
Köp sorag bererdim, sebäp uludyñ,
Gül ülkamde gözelleriñ gülüdiñ.
Degişip diýerdiñ: "Basym ýigit bolarsyñ,
Öýlenmekçi bolsañ meni alarsyñ?!”
Kyndy bu sowalyñ jogap tapardan,
Oýlanýanym görüp, gözüñ gypardyñ.
Köp pikir ederdim bolup haly teñ,
Diýerdiñ: "Jogap ber-da sowalyma meñ!”.
"Jady gözleñ aşygy men, aşygy,
Yöne neýleý çapraz gelen ýaşymy?
Taýyn baky öwrülmäge guluña,
Arman, läläm, yaýyñ menden ulu-da!
Men ýigit çykýançam, ynanaý, gülüm,
Sen bolarsyñ ençe çagaly gelin!”
Bu sözlerme göz astynda gülerdiñ,
Şonda has owadan, ajap bolardyñ.
Soñ diýerdiñ: "Omrüm ahyryna çen
Garaşaryn meni aljagyñ bilsem.
Emma bu durmuş-da etseñem göwün,
Hasyl bolaýanok ähli arzuwyñ.
At: söýen söýmedige çatylýar,
Ykbal aty bizden birin çapylýar.
Aýra düşsek, hergiz göwnüñ galmasyn,
Bir dilegim - güler yýzüñ solmasyn.
Ömür salyn şat durmuşda kürekle,
Hem söýgimiz baky sakla ýürekde”…
Şeýdip, bezediñ sen özgäñ törüni,
Soñ asla görmedik birek-biregi.
Bir wagt öwrülensoñ göwün şadyma,
Ynha, bu gün düşdün ýene ýadyma.
Mena bir maşgalañ körpeje ogly,
Senem ulygyzdyñ zülpleri towly.
Menem bir maşgalañ körpeje ogly.
Menä "Söýýän” diýip saýran bolardym,
Senem monça bolup aýnan bolardyñ.
Hemişe gizlenip göz bilen dilden,
Bileje ýörardik gumaksy ýoldan.
Ir säherden baryp atyzly pele,
Ak pagta ýygardyk ikimiz bile.
Köp sorag bererdim, sebäp uludyñ,
Gül ülkamde gözelleriñ gülüdiñ.
Degişip diýerdiñ: "Basym ýigit bolarsyñ,
Öýlenmekçi bolsañ meni alarsyñ?!”
Kyndy bu sowalyñ jogap tapardan,
Oýlanýanym görüp, gözüñ gypardyñ.
Köp pikir ederdim bolup haly teñ,
Diýerdiñ: "Jogap ber-da sowalyma meñ!”.
"Jady gözleñ aşygy men, aşygy,
Yöne neýleý çapraz gelen ýaşymy?
Taýyn baky öwrülmäge guluña,
Arman, läläm, yaýyñ menden ulu-da!
Men ýigit çykýançam, ynanaý, gülüm,
Sen bolarsyñ ençe çagaly gelin!”
Bu sözlerme göz astynda gülerdiñ,
Şonda has owadan, ajap bolardyñ.
Soñ diýerdiñ: "Omrüm ahyryna çen
Garaşaryn meni aljagyñ bilsem.
Emma bu durmuş-da etseñem göwün,
Hasyl bolaýanok ähli arzuwyñ.
At: söýen söýmedige çatylýar,
Ykbal aty bizden birin çapylýar.
Aýra düşsek, hergiz göwnüñ galmasyn,
Bir dilegim - güler yýzüñ solmasyn.
Ömür salyn şat durmuşda kürekle,
Hem söýgimiz baky sakla ýürekde”…
Şeýdip, bezediñ sen özgäñ törüni,
Soñ asla görmedik birek-biregi.
Bir wagt öwrülensoñ göwün şadyma,
Ynha, bu gün düşdün ýene ýadyma.
Mena bir maşgalañ körpeje ogly,
Senem ulygyzdyñ zülpleri towly.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.