Sharpyk...

Dünýäni ýaşadym häzire çenli,
20-nji tomus alñasap geldi,

Öwrendim bu dünýäñ agyn garasyn,
Garasyny bildim salanda ýarasyn.

Çagalykdan az owlajak saýlanyp,
Garagolluk etdiñ her ýan bulanyp,

Sebäpsiz däl sebäp üçin kakañdan,
Aldyñ şarpyk sen ullakan adamdan.

Söz berdim özüme indi etmerin diýip,
Näme diýseñem şarpyk agyryly keýip.

Doslarymdan iýsem beterräk şarpyk,
Gezmezdim hiç beýle dünýeden gorkup.

Bu waka iñ erbet wakadyr öýtdüm,
Mundan erbedinem has soñrak bildim.

Ulaldym 18 ýaşym aýnatdy,
Söýdüm bir gözeli söýgi gaýnatdy.

Her günüm sen bilen geçýärdi hezil,
Sen umman men bolsa gamidim edil.

Watan goragyna gitdim hoşlaşyp,
Söýgi wepasyna ant wada berşip,

6 aýdan soñ dünýe gara goründi,
Söýgimi elimden Biribar aldy.

Dünýäniñ iñ uly şarpygy ine,
Ýöne ýene bardyr duşmalym oña.

Goý dünýe şatlykdan püre-pür bolsun,
Çagajyklar şat ýaýnasyn, oýnasyn.

Gamly günler şat günleriñ gurbany,
Kerim unut geçenleri soñlaly!!!
1 лайков 88 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.