Bled — ertekilerdäki ýaly owadan ada

Alpyň dag eteginde ýerleşýän Bled kölüne seredeniňde, ertekilere çalymdaş şekil gözüňe ilýär, diýip «mail.ru» ýazýar.

Gögümtil-mawy reňkli arassa suwly howdanyň içinde gondola (gaýygyň bir görnüşine) meňzeş ýaşyl bürenip oturan ada bar. 0,82 gektar meýdanda Mariin buthanasy, üçegi gyzyl çerepisa bilen basyrylan orta asyr jaýlary, arheologiýa muzeýi, ýaraşykly kafe we sowgat satýan dükanjyklar ýerleşen. Bled galasy we roman stilinde gurlan beýikligi 50 metre barabar diň — iň gadymy binalardyr.

Bu ada syýahatçylaryň gowy görýän ýeri we Sloweniýanyň wizit kartasydyr. Bu ýerde öýlenme toýunyň ajaýyp däbi saklanyp galypdyr — nikadan geçmek isleýän jübütler buthana barýan 99 basgançakdan geçmeli. Özem, öýlenjek ýigit ony gelinligini eline göterip geçmeli. Bu ýol maşgalanyň bagtly durmuşynyň girewi diýlip hasap edilýär.
2 лайков 95 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
plany planyyev
30 сен 2021, 19:47
Like
Enejan
01 окт 2021, 09:30
Likee ??
- Dani
01 окт 2021, 11:10
MEN ŞO, gyçuw saýtyň adyny ýazmak bolanok,ýadyňdan çykdymy?