Xiaomi 12S Ultra smartfonyny tanyşdyrdy
Xiaomi kompaniýasy özüniň iň oňat öňdebaryjy smartfony bolan Xiaomi 12S Ultra bilen tanyşdyrdy. Xiaomi 12S Ultra Qualcomm Snapdragon 8 Plus Gen 1 mobil platformasynyň binýadynda ýasaldy we oňa şu günki güne çenli Xiaomi-niň iň oňat hem-de iň gymmat 2K-ekrany diýip atlandyrylan OLED-ekrany goýuldy.
Xiaomi 12S Pro şekili aňrybaş dury görkezýän we energiýany tygşytly sarp edýän häsiýete eýe, 2K razreşeniýeli LTPO-nyň ikinji nesliniň 6,73 dýumlyk ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. Dykyzlygy her dýuýmy 522 piksel. Ýagtylygy 1500 kd/m2 deň, reňkiniň çuňlugy - 10 bit. Ekrany şekiliniň täzelenişiniň 1-den 120 Gs-e çenli intellektual dinamiki ýygylygyny goldaýar, bu bolsa zarýad berilmezden işleýän wagtyny netijeli uzaldýar. Xiaomi 12S Ultra suwuklyk bilen sowatmaklygyň häzirki zaman VC ulgamyna eýe, ol bir gezek berlen zarýady bilen bir günden gowrak işläp bilýär. Akkumulýatorynyň sygymy 4860 mA/s. Smartfon 67-wattlyk zarýadkany göterýär (15 minutda 0-dan 50%-e çenli ). Kuwwaty 50 Wt bolan simsiz zarýadkany we kuwwaty 10 Wt-lyk simsiz yzky zarýadkany göterýär.
Xiaomi 12S Ultra smartfonunda ilkinji gezek razreşeniýesi 50 Mp bolan 1 dýum optiki formatly şekiliň täze uly datçigi Sony IMX989 ulanyldy.
iPhone 13 Pro Max bilen deňeşdirilende datçiginiň meýdany 172%, ýagtylyk duýujylygy 76%, kamerasynyň işleýiş tizligi 32,5%, goýberiş tizligi 11% ulaldylan. Sony IMX989-niň işlenip taýýarlanyş bahasy 15 million dollar bolup, datçigi Xiaomi we Sony kompaniýalarynyň bilelikdäki tagallasy bilen döredildi.
@TmCars.info

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.