Iň uly we güýçli ýel bekedi gurulýar
Hytaýyň «Ming Yang Smart Energy» kompaniýasy dünýäniň iň uly deňiz ýel bekediniň gurluşygyna başlanandygyny habar berdi. «MySE 16.0-242» kysymly ýel turbinasy, beýleki bir uly ýel bekedi bolan «MySE 11.0-203»-e kybapdaşdyr. Onuň diametri 19 göterimden köp bolup, täze enjam öňküsinden 45 göterim güýçli hem-de häzirki wagtda dünýäde iň kuwwatlysy hasaplanýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda häzirki şertlerde deňiz ýelleri arkaly energiýa almak ähli ugurlaryň içinde iň gymmady hasaplanýar. Bir megawat sagadyň bahasy 120, 52 dollar, kömür üçin bu görkeziji bary-ýogy 72,78 dollar, Gün panelleri üçin bolsa 32,78 dollar. Ýokary çykdajylar pudagyň ösmegine päsgelçilik döretse-de, çözgüt tapylyp, has uly turbinalary gurmak maksat edinilýär. Ýel turbinalarynyň ganatlarynyň aralygy näçe uzak bolsa, şonça-da täsirli bolýar. Şu ýörelgelere eýerilip, «Ming Yang Smart Energy» kompaniýasynyň inženerleri ganatynyň uzynlygy 118 metr, beýikligi 242 metr bolan ýel turbinasynyň taslamasyny işläp düzdiüler. Uly ýel turbinasynyň kuwwaty 16 MWt-ä deň bolup, ýylda 80 GWt-sagat energiýa öndürer.
Aýlanyp duran mahaly emele getirýän töwerekleýin meýdany 46000 inedördül metre deň bolup, alty sany futbol meýdançasyna barabardyr. Kompaniýanyň wekilleri desganyň gurluşygynyň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyny we 2024-nji ýyldan başlap, modeliň önümçiligine girişilip, bazara çykaryljakdygyny aýtdy. Ägirt uly ýel turbinasyny dünýä ummanynyň islendik ýerinde oturdyp bolar. Bilermenler has uly ýel turbinalarynyň gurluşygynyň çynlakaý islege öwrülen halatynda 2050-nji ýyla çenli energiýa önümçiliginiň bahasynyň 37-49% azalyp, bu ugurda bäsdeşlige ukyply boljakdygyny bellediler.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.