Geljekki galamdaşyma maslahat.

Eý, geljekki galamgär!
Saña galama ýapyşyp bir zatlary ýañzydyp belläp geçmeziñden öñürti bilmeli zatlaryñ juda känligini ýatlatmakçy.Dogry, meniñ özümem galamyñ ujyndan çörek iýip,okyjylara özüni söýdürip bilen halypa däl.Ýöne bu meni ýazmak hakda bilýän zatlarymy özüm ýaly ýaş galamgärler bilen paýlaşmak islegimden boýun gaçyrdyp bilenok.Gel,döredijilik hakda käbir bilmeýãn zatlarymyz bileje öwreneli.Ilki gürrüñ bermek nobaty meniñki.
Elime galam alyp ýazmalym bäri bary-ýogy üç-dört hepde geçen bolsa da meniñ göwnûme bir ýyl geçen ýaly bolup dur .Ulanylman duran demiriñ poslaýşy kimin döredijilik zehini hem ýazmadyk wagtyñda kemeläýjek ýaly.Emma islän wagtyñ ýazyp bilmeýänligiñem gürrüñsiz hakykat.Käte seniñ bir haltany doldyrarça boş wagtyñ bolýar ýöne döredijilik ylhamyñ bir goşawuja-da ýetmeýär.Ýa-da tersine döredijilik ylhamyñ çür başa çykyp, sözler beýniñde gaýnap durandyr emma ony kagyza geçirere, bellik edere boş wagtyñ welin ýokdur.Şeýle pursatlarda kän ýazmazlyk şahyryñ ýa-da ýazyjynyñ, edil şonuñ ýaly-da eseriñ peýdasyna bolýarmyka diýip pikir edýärin.Sebäbi diýseñ az wagta sygdyrylan ýa-da ylham kemligi bilen kagyza geçirlen eserleriñ şowly çykmagy juda seýrek duş gelinýän ýagdaý.
Eýsem-de bolsa şahyr haçan goşgy döretmelikä?
Şahyr ýüreginiñ hesretden dolup duran, şatlygynyñ gursaga sygmadyk, gahar-gazapdan ýarylyp barýan, yşk-söýgi asmanynda ganat ýaýýan mahlasy, gowy ýa-da ýaramaz ähli duýgularynyñ jylaw tutdurmadyk pursatlarynda eline galam almaly.Çünki şahyr duýgular deñzinde söz atly küregi bilen aýlanyp ýören gämili ýolagçydyr.
Elbetde bu pikrimi inkär edenler tapyljakdyr.Käbir şahyrlara görä poeziýada pikir agdyklyk etmelidir Käbirlerine görä bolsa poeziýa diýlen jady pikir bilen duýgynyñ birleşmeginden emele gelýändir.Her bir aklawjynyñ günäkäri aklamaga delilleriniñ bolşy ýaly meniñem bu pikre büs-bütinleý garşy çykmagymyñam özüne ýetesi sebäpleri bar.Bir ýerde eşidipmidim ýa-da haýsy-da bolsa bir makalada okapmydym ýadyma düşenok ýöne şu söz meniñ beýnimde çúý bilen kakylan dek berk ornaşypdyr:
Käbir adamlaryñ akyl zehini has ötgür bolarmyş käbir adamlaryñ bolsa duýgy zehini.
Ine şahyrlaram şol duýgy zehini ötgür adamlaryñ hataryna girýän bolsa gerek.Elbetde men beýle diýmek bilen şahyrlar akylsyzdyr diýmekçi bolamok.Asla şeýle pikiri serimde aýlamaga-da hakym ýok.
Men diñe şahyrlaryñ duýgularynyñ pikirlerine garanyñda has öñe düşýändiklerini,jylaw tutdurmaýanlyklaryny, şol başyna giden duýgularyñ esasynda hem şahyrlaryñ ägirt uly edebi mirasy döredip bilendiklerini nygtamakçy bolýaryn.Hatda has öte geçsem,ylham diýlen zadyñ duýgy möwjemesidigini aýdyp bilerin.
Onsoñam ýene bir sowal.
Duýgylarymyzy şygyr döredip biljek täsirli derejä ýetirmek ûçin nämeler edip bileris?
Meniñ özüm-ä haýsydyr bolsa bir ideýany gozgap şygyr döretmekçi bolanymda ilki bilen halaýan şahyrlarymyñ goşgularyny okap olaryñ ylham gorundan mazaly ýükümi ýetirýärin.Şonda-da ýazmak üçin ýeterlik täsir döremedik bolsa daşary çykyp esli salym oturyp ýakymly howany öýkenime sorup şähdimi açanymdan oñat duýgular oýanýar.
Elbetde bu her kim babatda üýtgeýjilik górkezýän bolsa gerek.Käwagtlar mende-de nämedir bir zatlar bilen meşgul bolup oturkam asla ýazmak pikri serimde de ýokka duýdansyz bir ýerden şygyr bolup bijek oñat setirler ýadyma düşýär duryberýär.Ine şeýle pursatlarda oýuña gelen pikir hakyky ylhamdyr.
Hakyky ylhamy sypdyrmazlyk isleýãn bolsañ edip oturan işiñi bir gyra goý-da derrew seriñe gelen sözleri kagyzyñ ýüzüne geçirip başla .Kän howlukma beýtseñ pikirleriñi dogry beýan edip bilmersiñ.Ýöne çendenaşa-da äwmezlik etme bu pikirleriñ kelläñden çalt uçup gitmegine sebäp bolar Mümkin boldugyça kän oka.Gazet sahypalaryny,žurnallaryñ gatlaryny mahlasy eliñe ilen ähli harply zatlary göz eleginden geçir.
Ýene özümden mysal getirmekçi bolsam men metbugat sahypalarynda okan şygyrlarymyñ arasyndan halanlarymy belleýärin-de ony ýazan şahyrlaryñ atlaryny ýat bekleýärin.Soñra şol şahyrlaryñ ýazan ähli şygyrlaryny okaýaryn.Döwürdeş şahyrlarymyzdan Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýew, Agageldi Italmazow... dagynyñ şygyrlaryny ýat tutmak meniñ üçin aýratyn lezzet alarlyk.Meniñ bu ugurdaky birinji pelsepäm şu.Kämil şahyr bolmak üçin ilkinji nobatda kämil okyjy bolmak gerek.
Kämil okyjy kim diýip soramagyñ mümkin.Onda diñle.
Kämil okyjy okan eserine çuññur baha berip, onuñ kemter gaýdýan ýerlerine düşünip, özüne görelde alarlyk ýerlerinem ýat bekläp,okan eserinden netije çykaryp bilýän okyjydyr .
Dogry, ýazyjylyk ukyby hemme kişä berlenok.Ýöne senden öñem bu ugurda at gazanyp, yz goýup giden belli-belli şahsyýetler diýseñ kän.
Saña berjek ikinji maslahatym bu ugurda özüñe görelde alýan gaýybana halypalaryñ bolsun.
Eý geljekki şahyr!Seniñ iñ esasy bilmeli zadyñ bar:Eserleriñde
haýsy temany gozgasañam,haýsy ideýany öñe sürseñem mydama dogruñy sözle.Öz ynanmadyk, kiçi dilden bärdäki gürrüñleriñi okyja ynandyrjak bolup jan etme .
Sen okyjynyñ öñünde näçe dogruçyl bolsañ olaram seniñ döredijilikdäki ornuñy şonça tiz ykrar ederler.
Hormatly ýaş şahyr!Häzirki aýtjak zatlarym şu wagta çenli aýdan zatlarymdan has möhüm we has ähmiýetlidir.Şonuñ üçinem olary tutuş durkuñ bilen gulaga öwrülip diñle.
Döredijilik bu bir kär ýa-da geldi-geçer höwes däl.Döredijilik seniñ tutuş ömrüñe ýanyñda boljak ykbalyñdyr.Sen nirede, nähili derejede,nähili ýaşda bolsañam öñüñde goýan iñ uly maksadyñ ýazmak bolmalydyr.Sen ähli ýygnan ruhy emlägiñi şonuñ ugrunda pida etmäge taýyn bol.Egerde taýyn däl bolsañ entek giç bolmanka bu işe baş goşup,goşaryñy çyzgap, söz meýdanynyñ bir ujundan girmänkäñ galamgär bolmak maksadyñdan el göter.Edebiýat ýazmagy güýmenje saýýanlary däl-de tutuş ömrüni döredijiligine bagyşlap biljekleri ykrar edýändir .
Entek ýol uzakdyr gadyrly galamdaşym!Biz bu ugurda kän ýanyp, kän söneris.Galamgärlik oýun oýunjak iş däldir .
Arman-ýadaman irginsiz zähmet çekmeli bolarys.Elimizden gelenini- serimizden gelenini aýamaly.Öñümizde näçe beýik böwetler, näçe uly kynçylyklar dursa-da yza tesmäli.
Biz bilen ýolumyzdan galmaly, galamdaş!Onsoñ galany ykbalyñ elinde.

@Belki.
10 лайков 154 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Guli
20 фев 2022, 11:55
awtory sizmi?
Belki
Автор 20 фев 2022, 12:09
Gulii,
Howwa.
ýüreksözi
20 фев 2022, 12:13
sps
Belki
Автор 20 фев 2022, 12:20
Konkurs bolany üçin dislike goýýarlar.Şu mowzukda dislike goýar ýaly näme bar ? :))
Gokhan Durdyyew
20 фев 2022, 12:21
dogry pikir
Han ogul
20 фев 2022, 16:59
Цитата: Belki
Konkurs bolany üçin dislike goýýarlar.Şu mowzukda dislike goýar ýaly näme bar ? :))

Hany dislike goýan barmy?