Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan «Toyota» her ýylda 9-10 million ulag öndürýär. Ýapon brendi birnäçe ýyldan bäri Germaniýanyň «Volkswagen» kompaniýasy bilen birinji we ikinji orny gezekli-gezegine diýen ýaly paýlaşýar. Käbir awtoulag brendleri diňe belli bir sebitde has köp satylýan bolsa, «Toyota»
Dünýäniň dürli ýerlerinde uzak wagtlap ýapyk ýa-da çäkli hyzmat edenden soňra gaýtadan açylan restoranlar mahabat maksady bilen dürli çäreleri durmuşa geçirýärler. Niderlandlardaky “De Dalton” restorany bolsa has täsin mahabat işini amala aşyrdy. Restoranyň baş aşpezi dünýäniň iň gymmat gamburgerini taýýarladylar we onuň girdejisini haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi. Gamburger 5 müň ýewro satyldy.
Golaýda kosmosa çykan ilkinji milliarder bolan Riçard Branson Aýda myhmanhana gurmak isleýändigini aýtdy. “Virgin Galactic” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Branson kosmos syýahatçylygyny ösdürmegi maksat edinýär. Meşhur işewür isleg bildirýänleriň köpelmegi bilen kosmos petekleriniň bahasynyň arzanlajakdygyny hem aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda “Virgin Galactic” bilen kosmosa çykmagyň
Ýaponiýanyň Işikawa prefekturasynda ösdürilip ýetişdirilen bir salkym romantik üzüm Taýwan supermarketiniň eýesine rekord derejede 1,4 million ýene (takmynan 12 müň dollar) satyldy. Bu geçen ýylky rekorddan 1,3 million ýen ýokarydyr. Bu barada Kiodo agentligi habar berýär. Satuwa rekord mukdarda – 253 salkym çykaryldy. Bu görnüş 2008-nji ýyldan bäri satuwa çykarylýar. Sentýabr aýyna çenli dowam
“Coca-Cola” kompaniýasy önümleriniň biriniň formulasyny üýtgetjekdigi mälim etdi. CNN teleýaýlymynyň habaryna görä, alkogolsyz içgileri öndürýän kompaniýa girdejisini artdyrmak maksady bilen “Coca-Cola Zero” içgisiniň tagamyny adaty “Coca-Cola” meňzeş eder. Kompaniýanyň baş direktory Jeýms Kuinsi, “Coca-Cola Zero Sugar”-yň uly islegden peýdalanýandygyna garamazdan, garaşylyşy ýaly girdeji
Albert Eýnşteýn XX asyryň iň meşhur alymlaryň biridir. Nobel baýragynyň eýesi we “otnositellik teoriýasy”- nyň awtory hökmünde taryhda “geniallyk” aura bilen taryhda iň abraýly şahsyýetleriň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ol surata alynan mahaly dilini suratça çykaran pursatyny gören bolsaňyz gerek. Şeýle-de bolsa, bu surat düşürilen pursatynda nämeleriň bolup geçýändigini az adam