Men aglaman kim aglasyn?! (ogulsenem taňňyýewa)

Geňlemegin gözde ýaşym, Men aglaman, kim aglasyn! Gowgadadyr ýalňyz başym, Men aglaman, kim aglasyn! Körpeligim otda geçdi, Juwanlygym ýasda geçdi, Kämilligim ýatda geçdi, Men aglaman, kim aglasyn! Ýolumda däli goýdular, Ýanynda aly goýdular, Bal diýip, awy goýdular, Men aglaman, kim aglasyn! Dörtdeş bolsaň, ses goş sese, Goý, geňlesin kim geňlese, Bagt guşy gondy ýeňlese, Men aglaman, kim

Söhbet Döwletow ,,Doganlar''

Hiç kim meniň gören günüm görmesin, Günde aglap, günde men deý ölmesin, Meniň ýaly gysga döwran sürmesin, Allam sizi bagtly etsin doganlar! Mydam gülüp ýörüň, solmasyn ýüzler, Hiçem çyglanmasyn ol gara gözler, Bir-birege aýdyň süýjije sözler, Maslahatym, gadyr biliň doganlar! Men söýüpdim Darganataň gyzyny, Söýmedim hiç zadyn, söýdüm özüni, Ýatlap aglaýaryn gözel ýüzüni, Derdim agyr, ýadadym men

Söhbet Döwletow ,,3 aý mensiz nädip ýaşadyň?''

Entägem ýürekde durandyr adyň, Aýdaý, 3 aý mensiz nädip ýaşadyň? Söýgiň 5 harpyna laýyk gözleriň, Meni görmän 3 aý nädip ýaşadyň? Kemsindim deň-duşlam, söýüşen wagty, Seniň bilen arzuw etdim ak bagty, Meniň ýolum tümlük, seniňki ýagty, Ýeke özüň 3 aý nädip ýaşadyň? Gowmyň mensiz, hal-ahwalyň nähili, Agyr degdi giden günüň birhili, Eştdim tapynypsyň, täze söýgüli, Söýen gyzym mensiz, nädip

Söhbet Döwletow ,,Täze ýaryň gutly bolsun söýenim''

3 aýyň içinde unutdyň meni, Täze ýaryň gutly bolsun söýenim. Tapanyň mençe ýok namardyň biri, Täze ýaryň gutly bolsun söýenim. Gadrymy bilmediň, söýemde meniň, Indi boljakmyşyň, bir özgä gelin, Ar-namysyň barmy, aýtsana seniň, 8 harplym, bagtyň bolsun söýenim. Geçmişim ýatladym bakyp yzyma, Gideniňde aglap, çökdüm dyzyma, Ençe setir ýazdym, söýen gyzyma, Ýoluň açyk, ak ýol bolsun söýenim. Nädip

Modaçyl ýigide

Käbir adamlar akylly-başly maslahat berseñ tersine düşünýärler. Ugruna kowup ýañsa alsañ düzelibem gidiberýärler Atamyñ aýdanlaryndan Äriñ äre, zenanyñam zenana Meñzemegi öñden gelýän kadadyr. Ýöne saña sada bolmak hakynda Akyl bere-bere agzym ýadady. Isle ösdür sakgal bilen murtuñy, Isle syr saçyñam goşup düýbünden. Aslynda señ bilen kimiñ işi bar, Hasap soraýan ýok bu gün düýnüñden. Sen

Söhbet Döwletow ,,Allam geçirsin''

Ine bugün geldi bagyşla diýip, Indi men däl seni Allam geçirsin. Ýörgün o dünýede ot köýnek geýip, Eden günälerňi Allam geçirsin. Indi gelme, seni hiç kabul etmen, Seniň bar ýeriňe bir ädim gitmen, Ýadymdadyr, meni aldaýan gepleň, Ýalan sözläniňi Allam geçirsin. Belki bir gün senem bolarsyň eje, Meni gören günüň aglarsyň gije, Saňa bolan söýgim çykardyň puja, Maňa edenlerňi Allam geçirsi. Bugün

Azalylyň hatlary (Fantastiki waka)

Azazylyň hatlary 1-nji ýazgy Hudaýyň iň birinji ýaradan adamy dogrysy bir tüýsli betgelşik boldy. Hudaýyň nädip ony biziň öňümize çykarmaga utanmadygyna men şu günem haýran? Soň Hudaý biziň barymyzy geň galdyrdy. Ol öz ýasan zadynyň öňünde baş egmegi buýurdy. Elbetde Perişdeleriň her biri baş egmekden boýun gaçyrdy. Heýde bir bölek palçygyň öňünde boýun egip bolarmy diýsene? Soň Hudaý bizden

Durmuşa ýüzlenme

Gaty ir dälmikä, Ýüzlenýän saňa?! Sönmez ataşyňda ýandyrdyň, durmuş. Ýok, nalamok, ejiz diýmäwer maňa, Sere kän külpetler inderdiň, durmuş. Ýetim goýduň bäş ýaşymda yzladyp, Aýyrdyň sen kakam jandan bozladyp, Dogry, gezdirmediň çörek gözledip, Ýöne, gözüm ýaşa doldurdyň, durmuş. Ýagşylyk edenlem eýlediň duşman, Ýürekden söýenme etdirdiň puşman, Asla ikimiziň ýolumyz duşman, Arzuwymy ýolda

Ogulsenem Taňňyýewa (Gerek däl maňa)

“Oturşy bir, köňli aýry” Gardaş gerek däl maňa, Syrym ile ýaýyp ýören Syrdaş gerek däl maňa. Köseneýin ýekelikden, Goý, kösesin durmuş meni, Ýyly mährine çoýmaýan Bibaş gerek däl maňa. Bigäne mähir gandyrmaz, Bil özüňkiň gadyryny. Keseki ojak ýylatmaz, Hergiz unutma şuny! Özgäniň müň ýyly sözi Birje ýylgyrtmaz meni, Ýaryň ýakyşyndan aýry Ataş gerek däl maňa. Bi durmuşdyr, dert berende Saralaýyn,

Awtorlaryň öwülýasy (syrly wakalar)

Aşakdaky okajak zatlaryňyzy w serýoz kabul etmezligiňizi haýyş edýärin. Menden size maslahat; eger kitap okamakçy bolsaňyz, eýýäm merhum bolan awtorlaryň kitaplaryny okaň. Bu sözleri men ilkinji gezek öz gowy görýän ýazyjymdan eşitdim. Onuñ beýle sözleri aýtmaga öz ýeterlik sebäpleri bardy. Hamala merhum awtorlary, olaryň eden işleri üçin bagyşlap bolýar. Merhumlar barada ýaramaz gürlemek