Säher bilen Güne salam beremde, Esger ýarym sen düşýärsiň ýadyma. Gün şöhlesi solup, garañky gijä, Orun berse, salýan adyñ aýdyma. Goraýañ döş gerip dag-u-düzleri, Gorayañ her damja suwuna çenli. Ýüregiñde besläp päk hyýallaryñ, Goragyn sen soñky demiñe çenli. Aýlar, ýyllar, her sagat, her minudyñ, Geçişini barmak basyp sanaýyn. Nesip iki ÿyldan dolanan çagyň, Güller bilen gujagyña dolaýyn. Oña
Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr, Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme. Meň geljege örän gidesim gelýär, Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme. Sahypasy täzelensin ömrümiň, Kir-kimirden, goý, päklensin kalbymam. Günler, süpür ajy ýatlamalary, Ine, ýanan ýürek seňki! — Al munam! Hawa, ýürek ýanan... Häli-häzirem Gözümi ýaşardýar hijran yzasy. Söýenligim üçin jebir çekdim men, Söýgim üçin berdi ykbal jezasyn.
Aýhan Hajyýewiň kartinasyny synlap... Aglama, eje jan, aglamasana, Hat geldigi öldügi däl kakamyň. Aglama, eje jan, aglamasana, Baky diri ogludyr ol halkymyň. Aglama, eje jan, jigilem ýatyr, Aglasaň agyňa bimaza bolar, Kakamyzyň ölendigin, goý, ertir Bilsin, ýöne bu gün bilmesin olar. “Ýok-la” diýip, daşymyzyň galasy, Şu mahal bir, eje, baglama matam. Nägehany, başymyzyň belasyn Kül-peýekun eden
"Sada bol" diýipdiň, köpüň içinde, Hemişe aýdýardyň: "Pespäl bol" diyip, Şeyle bolmagyny etseň-de göwün, Eje jan, ne beyle, üýtgäpdir döwür?! " Ýagşylyk et" diýdiň, eliňden gelse, Diýdin: "Gam-gussany şatlyga öwür", Şeýle bolmagyny islapdim, emma... Eje jan, ne beyle, üýtgäpdir döwür ?! Ayýdysyň dey, sada boldum,wah, ýöne, Men mis bolanymda boldular demir,
Haýran galýan darlygyna bu dünýąñ, Göwnim bir ullakan mâhir küyseýar. Nije ýyldyr boldym, gül keşbiñe zar, Mährem Ejem, seni şeýle küýseýän! Günler şol geçip dur, nobaty bilen, Ähli zat ýerbe ýer hiç hili kem ýok. Şonda-da bir zady küýseýar göwinüm, Bir kemim Ejejan, ýanymda sen ýok.. Ýowyz ajal aldy seni elimden, Ýoklygyña ynanmadym ilkiler, Şol garadym ýördim giden ýoluña Gözýaşa çalyşdym.
Agyr eken,durmuş ýüki çekerden, Durmuşdan men juda ýadadym eje. Durmuş allaryna öwrüm gurardan, Men juda,men juda sadadym eje. Sadalygy niçik guýduñ kalbyma, Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmydy. Sadalykdan ejir çekdim her zaman, Synan göwnüm öñde-soñda gülmedi. Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda, Urundym,çar-ýana galgadym eje. Ynjytmajak bolup,emen ak süýdüm, Gizlenip kän gezek agladym eje. Ynandym
Jan diýip, öñüñde çökmedim dyza, Senem ejap etdiñ janym diýmäge. Şeýdip suwjaryp däl,merdemlik bilen, Söýmegi ozaldan guýduñ dünýäme. Söýdüm eje munda barlygym üçin, Dil bilen däl,gursagyma siñdirip. Bilýän,señ göwnüñem juda hoşdugyn, Meni giñ jahana,dünýä inderip. Çünki meni ýollan ak ýollaryña, Kir-kimirsiz aşan bolsa kerweniñ. Eje,señ megerem yhlasyñ şudur, Şu güne çen azap eden her güniñ.
Şekden doldurdylar göwün otagmy, Duýgularym kirläp galdy täretsiz. Okama sen maňa päklik nutugny, Ynamsyz ýürege niçik kär etsin?! Meniň bu bolşumy asla geňleme, Hatda maňa agyrmasyn nebsiňem. Başarsaň, sen ynamymy gaýdyp ber, Belki, onsoň ýaralarym egsiler. Bu göwnüm üýtgeşik goldaw islänok, Isleseň, sen edýänlermi unama. Bolşuň ýaly ýaşa. Onsoň, ynanyp, Menem zeper ýetirmäýin ynama. Batyr
Gozel gyzlar,juwan gyzlar,ay gyzlar Gozellikden alypsynyz pay gyzlar Size bir goshgyjyk aydyp bermekchi Belki bolar yureginize jay gyzlar. Bir yigit soyupdir gozel bir gyzy Gul yuzli,hosh sozli bir serwinazi Bir gun gabat gelip shol gozel gyza Yigit gol gowshuryp chokupdir dyza Diyipdir: "Men seni yurekden soyyan Yshkynda ot alyp,ortenip koyyan Senem mundan artyk gynama meni Ynan gyz
Allahym gözini dok et ýigidiň, Bir nebs ýolunda dertlere salma. Berjegem özüň aljagam özüň, Atyny alsaňam bagtyny alma. Köňül törini aýna görkezmez, Gyzaran ýigidi aýnada goýma. Allahym bagt ber her bir ýigide, Atyny alsaňam bagtyny alma . Ýaýrasa ýaraşar ýigit baryna, Begençden gülsin dogasyz etme. Dagy parçalasyn halkyň gününe, Saçy agarman bilini bükme. Hormatlamak bilen Gurbangeldi