Seni ýatlap, ser salamda yzyma, Nurly gözleriňi göresim gelýär. Sen gideliň ýer tapamok özüme, Käbäm enem, seni göresim gelýär, Diwardaky asylgy-la suratyň, Törümize nurun saçýar syratyň, Ýaşlygymdan büdredi-le gyr atym, Mähribanym, seni göresim gelýär. Ýaşlyk edip seni ynjydan bolsam, Nähak ýüregiňi sanjydan bolsam, Bagyşla, ejejan, biynjalyk bolsaň, Neýläýin, men seni göresim gelýär. Birje
Göz-röwşenim, nury didäm, Saňa juda kän garaşdym. Aýlardan, ýyllardan idäp, Saňa juda kän garaşdym. Gül ysyna “Demiň” diýip, Ýel ýelpese “Eliň” diýip, “Ýürek dilim-dilim” diýip, Saňa juda kän garaşdym. Çeşmäň akymy bilen gel, Ýazyň ýakymy bilen gel, Aňyň, akylyň bilen gel, Saňa juda kän garaşdym. Günüň şöhlesi bilen gel, Aýyň şuglasy bilen gel, Ýazyň çabgasy bilen gel, Saňa juda kän garaşdym.
Harby geýim geýen janlar, Meň oglumy gördüňizmi, Tälim alyp ýören känler, Meň oglumy gördüňizmi?! Kirpikmen kamak gözlüdir, Gysga däl, orta boýludyr. Akylly Kerem sözlüdir. Meň oglumy gördüňizmi?! Gulluk agyr, ardym diýmez, Esgerlikden irdim diýmez Ýalta bikärligi söýmez, Meň oglumy gördüňizmi?! Gaýdan ýeri Maryň ili, Dört pasyl solmaýar güli, Aşyp geldim uzak ýoly, Meň oglumy gördüňizmi?! Bu
Öň näzikdiň, owadandyň, gözeldiň, Edil bu durmuşyň özi ýalydyň. Şabat kenarynda açylan güldüň, Ürgenç topragynyň ýazy ýalydyň. Ýaşlyk ýaly şadyýandyň, alçakdyň, Ýokdy gamdan çigit ýaljak alamat. Bir bakyşda jan berip, jan aljakdyň, Menem ýaşdym, görmegeýdim şo halat. Ynha, indi menem öňki ýaly däl, Senem biraz doluşypsyň, solupsyň. Bu zatlar durmuşyň oýnudyr, ahmal, Gaharjaň bolupsyň, Gödek
1. Bir danadan sorapdyrlar. " Näme üçin köp heleýli erkek gowy? A näme üçin köp erkekli heleý erbet görülýär? " Dana şeýle jogap beripdir: " —Hemme gulplary açýan açar gowydyr hemmä gerekdir. Emma hemme açarda açylýan gulp erbetdir,oñ ýaly gulp hiçkime gerek däl "-- diýipdir.
Soňlanmanka çagalygyň bahary, Ýalňyşdyň, ýaz günüm gyş etdiň gyzym! Başa urdy nämeleriň heseri, Aglatdyň gözlerimi ýaş etdiň gyzym! Başyma deňänim, derek boýlaryň, Höwes bilen tutuljakdy toýlaryň, Ne sebäpden goýduň ýaýnan öýleriň Entetdiň, bagrymy daş etdiň gyzym! Bilmedim näpelek, näkysmat boldy, Ölümden öteräk bir hasrat boldy, Kimseler gynandy,kimse şat boldy, Ýakynjak araňy daş etdiň gyzym!
Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym, Geçip gitdi,hyýal bolup deñimden. Kyrk ýaşy sermeläp,ýörse-de ýaşym, Arzuwlar çykanok,şindem serimden. Ýüregimde besläp,talyp bolmagy, Arzuwlarym bardy,beýikden-beýik. Bolmasa-da durmuşymyñ kem ýeri, Köýen arzuwlarym,tutanok seýik. Geçdi ýaşlyk ýyllam,dalaşgärlikde, Her ýyl Uniwersitet,gapysyn kakyp. Nesibesiz gursagymy kötekläp, Dolandym yzyma gözýaşym döküp.
Daglañ haÿbatyny, çešmäñ owazyn, Aÿyñ ÿalkymyny, ÿakymyn ÿazyñ, Güÿzüñ gussasyny, tomsuñ howruny, Akja gary bilen gyšyñ gowlugyn, Pikirleñ ešretin, teniñ ezÿetin, Arzuwdanam süÿji düÿšleñ lezzetin, Deñiz tolkunlaryn, derÿañ jošgunyn, Dünÿä sygmaz ÿekeligiñ bošlugyn, Aÿdymyñ jadysyn, gošgyñ gudratyn, Ÿašaÿyša berlen atašyñ bagtyn, Hak ašyga dözlen hijran dagyny... Šöÿgi üçin berlen zatlañ baryny
Ýalňyzlyk hakynda menem ýazaýyn Sebäp – ýazýan köplük, ýazmaýan azlyk, Başyňa iş düşer, janyň hem şatdyr. Muňa diýilýändir kiçi ýalňyzlyk. Otuza ýetensiň, zürýadyň ýokdur. Soň kyrkyň ujundan gädip ugransyň. «Ilden ala-böle näme beýlekäm?» Diýip, öz täleýňe özüň haýransyň. «Kaka» sözün eşitmän ellä ýetersiň. Bir gün tapynarsyň ogullyk, gyzlyk, Özüňkidir, emma ozüňkem däldir. Muňa diýilýändir orta
Ýollar aýra düşdi,aglama dünýäm! Aýyp bor, gözleriñ ýaşlara ezmek, Agyram degýän eken,elleriñ bilen, Söýeniñi özge gollara bermek. Aglama sen dünýäm,öýme atsalar, Gizle gülüm,balkyraýan gözüñi, Keşde nagyş a:l kürtäniñ astynda, ...Bagtdan aglaýana meñzet özüñi! Aglama dünýäm,gussalarña solaşyp Hasratlaryñ ýyllañ goýnunda gizle. Bagtyñ baglap, burma saçly ýigide, "Bagtyýar