Ykbalym
YKBALYM Düşünip bilmedim, eger hiç zada, Hemme zat yönekeý ýaly birbada, Durmuşym synaýar, wyjdan gynaýar, Akyl yetirmeli bolup her zada. ¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤ Ýaha men ýalňyşdym, göwnüm halady, Ýa kysmatym ýörän ýolum baglady. Haýsy ýoldan ýöräp öňe
2 лайков 136 просмотра 3 комментарий
Iki gözel
Köňül berdim iki gözel dildara, Bilmenem men haýsa ýürek bereýin. Juwanlykda ýolum düşdi gülzara, Haýsysynyň gunçasyndan tireýin. Birisiniň alma-nary ýetipdir, Ol biriniň zülpi bilden ötüpdir, Bu gülzara iki gunça bitipdir, Men bilmenem haýsa elim
1 лайков 79 просмотра 0 комментарий
Ýadadym(ünsli okaň)
Näme bolsa — doly bolsun, Ýadadym men ýarym zatdan. Ýarym salawmaleýkimden, Ýarym gepden, ýarym antdan. Ýarym salawmaleýkimden, Ýarym gadyr, ýarym hormat... Ýok, ýok! Ýa-ha gowy bolsun, Goý, ýogsa-da bolsun erbet! Içýakgynjy — aralygy, Ne hamyrly,
3 лайков 146 просмотра 1 комментарий
Öwüt!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!
Gelnim, saňa diýýän — Gyzym, sen düşün. Isleseň, ýaşynma, Isleseň, ýaşyn. Däbem däpdir welin. Öz işiň bular. Agzyň ýaşmaksyzam Sylamak bolar. Wepaly boljak bol, Baran öýüňe. Gussasyny çekiş, Goşul toýuna. Ol öý sowuk bolsa, Ýylatjak bolgun. Ol öý
5 лайков 145 просмотра 2 комментарий
Ýönekeý hakykat
Bu eýýamda saňa beýik diýmezler Dagyň depesine çykanyň bilen. Ynanyň, şahyram bolup bolanok, Diňe bir edebi lakamyň bilen. Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy, Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy. Il-gün saňa bermez pälwan adyny, Özüňden ejizi ýykanyň bilen.
3 лайков 126 просмотра 1 комментарий
Bu ömrümde işim düşdi köplere
Bu ömrümde işim düşdi köplere. Salam saldym, Haýyş bilen ýüzlendim. Adamlara bagly bolmadyk bolsam, Belki, olaň gadyryn hem bilmezdim. Adamlar! Men Sizi alkyşlaýaryn, Men Size badagly — mysal kerep. Şatlygymy paýlaşmaga gerek siz, Hesretim egsere
3 лайков 122 просмотра 1 комментарий
Adam
Täzeçe bir many aldy köp zatlar, Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy. Bir ömürde meniň gören gudratym: Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy. Adam adama dost diýlen sözlere Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi, Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly, Ýöne welin,
3 лайков 105 просмотра 1 комментарий
Gulak salma mahabata
Aç gözüň, saýgararsyň, Ejizleme, eýgerersiň. Ýük çekmegi öwrenersiň — Gyýa bakma garamata. Her obada duşar telpek, Her ilde-de bar bir tentek. Halk diýmegem bolmaz entek Bir oýnatgy jemagata. Ýene-de bir diýjek zadym, Hak sylasyn öz zürýadyn. Sena
2 лайков 128 просмотра 2 комментарий