Gözleriň

Gözleriň Çagalykda görerdim Gözleriňde gözlerim Goşgy ýazyp ýörerdim Saýlap süýji sözlerim Ýene-de çagalygmyň Sahypasyn dörjedim Ýaňy biten ýaramyň Soňky gatyn gorjadym Goşgy ýazmak borjumdyr Ýumulmasa gözlerim Soňlanmaýar sözlerim Uzar gider gözýetim Ulaşdyryp kesele Dermanyny bermediň Eýýäm iki ýyl bäri Gözleriňi görmedim Wah ýene-de görsedim Gözleriňde gözlerim (23.02.2021) Gerçeknazar

Iň ýakymly ýatlama (bolan waka )

Iň ýakymly ýatlama (bolan waka) Çagalygymdaky iň ýakymly iň süýji pursatlarymyň biri hem Şirin bilen geçiren pursatlarym. Ilki ilkiler üns bermesemem soňabaka meniň oňa muhapbetim artypdy söýgi oýanypdy . Men hakykatdan hem ony çaga ýüregimden päk söýgi bilen söýýärdim . Olam maňa kem baha garamaýardy . Olam meni söýýän ýalydy . Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam olar bize myhmançylyga

Memetika.

Her sapar biz bir adamdan başga adama geçýän adatlar,gönükmeler,hekaýalar,aýdym ýa-da bir täzeligi özleşdirýän wagtymyzda memler bilen işleýäris.Ylmy teoriýalar bilen bir hatarda,memler baradaky teoriýanyň özi hem bir mem hasaplanýar.Mem umumy darwinizm teoriýasyndan gelip çykýar:ýagny,islendik maglumatyň göçürülmegi,özleşdirilmegi we saýlanmagy hakyndaky ideýa ewolýutsiýa netijesinde elbetde öz

“SEN — BARLYKDA GAZANAN BAŞ ÝEŇIŞIM...”

Seň sözleriň aram berdi kalbyma, Derdini dep etdi dertli göwüniň. Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör, Meňzeş dünýä tapynanna öwünip. (Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk Köňlüm täze yşka rowan göründi...) Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”, A seniň kalbyňda “dowam” göründi. Gözlerime uçgun geldi täzeden, Sözlerime şeker-ballar dolandy. Asmana ymtylyp uçmakçy bolsam, Aýagyma elwan güller dolandy.

Roman (bolan waka)

Roman "Haçan siz göräýmäge mümkin däl zatlary mümkin edersiňiz" ("Ördek ýa-da bürgüt") Şeýle bir roman ýazasym gelýär. Iň uzyn roman iň uly roman iň gowy roman . Özem ol romanda diňe hakykaty ýazmakçy . Başyny bir eýýäm başladym . Hakyky durmuşda bolan wakalardan jemlenen bu kitap hakykaty söýýänler üçin tapylgysyz baýlyk bolup biler . Taryham diňe hakykaty gözleýär . Indi kän

Nämeler sensiz...

Ýöne ýerden döremändi gaýgylam Dowça wagtym söýülmedim, (duý, munam!) Serilende kişde deýin duýgulam Gör, nämeler geçip gider meň bilen, Nämeler sensiz... Serhoşdym men, tutmasa-da meý elim Sebäp söýdüm, ýeriň peri-peýkerin Dikenimde ýalňyzlygyň heýkelin Gör, nämeler geçip gider meň bilen, Nämeler sensiz... Iller ekin, men arzuwym ekemde, Umyt bilen zähmetini çekemde, Bahar gülläp, güýz ýapragyn

...

Ýadyňdamy gujagymda eräniň, Ysyňy boýnuma dolanym telim, Artykmajy bilen söýermiş her kim Men bolsa kemiň hem söýüpdim gülim.

Interwýudan...

"Men 6 ýaşymda wagtym Borussiýa MýünhenGladbah toparynda oýnaýardym. Bir gün biziň oýnumyzy görmeklik üçin kakamyň maşgalamyzy alyp gelýändigini eşitdim, men tälimçiden haýyş etdim we esasy düzümde oýna başladym. Maşgalamyň maňa tarap gygyrýanyny eşidip, pikir etdim "men hakykatdan hem gowy oýnaýaryn" diýip, hemmeler gygyrýardy, men bolsa hereketdedim we derwezä tarap gol urdum,

Ejeme

EJEME “Gel” diýdiň, Duýman ekenim, “Gel”-iň manysyn. Belki maňa, garaşýansyň henizem, Güýz geçdi, gyş geçdi, geçip barýa ýaz, Aýralyga dözmändiň sen, dözmediň. Ajy habar! Ýuwutdym men agymy, Bozulman saklandym, Bozuldy şygrym, Ýüregimiň bir bölegi çaýkandy, Köze düşen ýaly tutaşdy bagrym. Agyr, agyr, agyr Aýralyk agyr, Biraz ýeňillikdi seniň barlygyň, Ýoklugyňa bu dem ynanmasam-da, Agralanny

Massimusdan master-klass. Gyzlar bilen tanyşmak medeniýeti. Eksklýuziw...

Salam ýigitler. Gyz-bu düşnüksiz täsin dünýä, ylmyň ösen döwründe-de entek ylmy taýdan doly öwrenilmedik üýtgeşik jandar. Geliň bu gün dürli ýagdaýlarda we ýerlerde gyzlar bilen tanyşmagyň medeniýeti barada gürrüň edeliň. Köçede. Käbir ýigitler köçede owadan gyzlary görseler (myžžygy çykan, elden galan, ostatok, zdaça berilýän, toýda seçilýän, bogusy 1 manat, oýnap zyňylan, sensory döwülen,