Şygyr düzüliş esaslary

Şygryň esasy alamatlary. Edеbi eserler esаsаn prоzа (kyssа) – gürrüň, gеplеşik hеm-dе şygyr görnüşindе ýazylýar. Şygyr fоrmаsyndа ýazylýan eserlerdе gürrüň, gеplеşik görnüşindе ýazylýan prоzа wе drаmа esеrlerine gаrаnyňdа, аdаmyň jоşgunly duýgulаryny bеýan etmеklik esаsy оrun tutýar. Möwç urýan jоşgunly duýgy bоlsа şygyr fоrmаsyndа bеýan edilеndе, hаs gоwy ýüzе çykýar. Dоgry, prоzа wе drаmа

“DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN...”

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän, Gursagymda çogup duran gussa bar. Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär, Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň! Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň, Çekişeýin günleň agyr keşigin. Bolmanda, ejaza berenok hergiz Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim. Ýazjak bolýan käte başardygymdan, Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”. Belki, ýöne ýerden däldir Gijeler ýatan pilläm

Men komplekslerim bilen bagtly.

Dogry, siz meni logikasyz hereket etdirmegiňiz mümkin. Barybir men siz bilen bagtly. Nädeýin, başga ýollar maňa ýat. Bu-da garaňky. Aýagyň çekenok. Ýüregiň çekenok. Galyberse-de, beýniňem çekenok. Tutuş düýrmegiň bilen öz şahsy aňyňa hem bagly bolmadyk bir ýerden ýöreýäň. Muňa Şopengaueriň dilinde nähilidir bir güýç, erk-erada diýsek, Freýdiň dilinde aňastymy(üstimi), bir zat öz-ä, dinde ýazgyt.

Jañ et azajyk ýylaýyn...

Añzak ýüregmi üşedýär, Seniñ ýylyñy duýmasam. Gelde arzymy eşit ýar, Teşne göwnümi duýmasañ. Sözleriñ datly baldanam, Şiresi ýüregme nemdir, Posañ lebime galtasa, Gursagma dynmajak demdir. Tutsam ejizje elleñden, Synmasyn gyzlyk mertebäñ, Nesip etse bezäp törüm, Gelnim borsuñ gök kürte-de. Ýüzüm sypan saçlañ tary, Bersin duýgularma joşgun, Bu gün ine sen hakynda, Ýene bir goşgujyk goşdum. Her

Göwnüm

Belki geler gowy günler, Aýlar-ýyllar edip öwrüm, Sebäpsiz ýere şugünler. Aýt niçün darykýañ göwnüm?!. Päk niýet salyp ýüregme, Sygynyp Hak-a, keremne, Aýnap, joşmagyñ deregne, Aýt niçün darykýañ göwnüm?!. Owalam gowy däldiler, Diýme ,sözünden dändiler", Kän ahyr, ýagşy pälliler, Aýt niçün darykýañ göwnüm?!. Utulsam durmuş oýnundan, Diýýäñ ,Günä köp boýnuñda", Sygyşman dünýäñ goýnunda,