Gözleriň

Gözleriň Çagalykda görerdiň, Gözleriňde gözlerim. Goşgy ýazar ýörerdim, Saýlap süýji sözlerim. Ýene-de çagalygmyň, Sahypasyn dörjedim. Ýaňy biten ýaramyň, Soňky gatyn gorjadym. Ulaşdyryp kesele, Dermanymy bermediň. Eýýäm ençe ýyl bäri, Gözleriňi görmedim. ...Wah ýene-de görsedim. Gözleriňde gözlerim. (23.02.2021) © Gerçeknazar AMANNAZAROW.

Kakamjan ýogalandan soň

KAKAMJAN ÝOGALANDAN SOŇ Şu goşgyny ýazdym bu gün Kakamjan ýogalandan soň . Galdy ýaş kalbymda düwün, Kakamjan ýogalandan soň . Köne durmuş däbimi bu? Ýutdum ajy läbigini, Durmuş atdy labyryny, Kakamjan ýogalandan soň . Gyşa döndi ýaşlyk ýazym, Göz ýaşdan doldy kagyzym, Gozgady ýüregagyrym, Kakamjan ýogalandan soň . Köňül şeýle sadamydy? Aglap-aglap ýadamady, Ejemem kän ýaşamady, Kakamjan

Rotşildler maşgalasy.

1804-nji ýylda Fransiýada Napoleon häkimiýeti öz eline alandan soň,Ýewropa uruş girdabyna çekildi.Bu wagtda Maýer Rotşildiň ogly Natan Rotşild Londonda öz bankyny açyp,altyn söwdasy bilen meşgullanýardy.Rotşildler maşgalasy uruş wagtynda Napoleony hem,oňa garşy döwletleri hem maliýe tarapdan goldap durdy.Olar Angiliýa 35 tonna mukdarda altyny karzyna berdiler.Emma Beýik Britaniýa uruşdan soňra

Ýagşynyň köňlünde kine az bolar....

Dek düýn “Ýagşynyň köňlünde kine az bolar” setirlerine gözüm düşdi. Oýlandym. Magtymguly bu setirinde näme diýjek bolduka? Näme esasda ýazdyka? Käşge, şol döwre gidip akyldar bilen gürleşip bolsady. Ýok, ýalňyşdym. Käşge beýik akyldaryň özüni bu döwre getirip bolsady. Arzuw eden ajap eýýamyny görüp gözi çyglanjagy welin ap-aýdyň... Wah, şeýdip arzuwlaryň içinden arzuwlara çümme gylygym bar-da.

Ykbalymy serhoş etdim meý berip...

Ykbalymy serhoş etdim meý berip, Bagtyñ ýodasyna ätlän pursaty. Bagty çüwen görse otyr el serip, Gursagynda arzuwlarym porsadyp. Çüýräpdir arzuwlar, öz wagtyndan öñ, Ýañy gyzyleten jüýje mahaly. Dogabitdi gyryk ganat dogulan, Gyş gursakdan küýsäp ýyl bahary. Umyt bilen gelerine garaşýar, Ýöne bimaksat pikirim garyşýar. Garyşýar, Duw-dagyn dumana dönüp, Ýylgyryp bakmasa güneş lowurdap. Bulut bolup

Ilki näme gördüň? / Psihologik test-2

6-njy surat A. Şapak – Optimistler we romantikler görýär. Siz ýiti çeper eser saýgarjylygyna ukyply we ownuk jikme-jiklikleri üns berýän adamsyňyz. Ünslülik, bilesigelijilik we pozitiw – bular siziň şahsyýetiňizi belgileýän esasy häsiýetlerdir. B. Ýumurtga – Ýumurtgany köplenç özlerine ynamly maksada okgunly adamlar görýär. Şeýle adamlara köplenç pragmatik we realist diýýäler. Olar gowy

Ilki näme gördüň? / Psihologik test-1

1-nji surat A. Şäher – Ilki gözüňize binalar ilen bolsa, onda siz alçak we maksada okgunly adam. Şeýle adamlar köplenç başlan işlerinde üstünlik gazanýarlar hem-de durmuşda üstünlikli bolýarlar. B. Tokaý – Tokaýy hyýalbentler we romantikler görýär. Şeýle adamlar içki dünýälerine berilen we köplenç hyýalaryndaky täsirleriň astynda ýaşaýarlar. Henizem ýüregiňiziň jümmüşinde jadyllaýjy täsinleklere