Marrocoda gyzlyk testleri

Bu şagalaňly oturylyşyga meňzeýärdi" – diýip, Marokkonyň günbataryndaky Safi şäheriniň ýaşaýjysy Ibtissam goňşusynyň öýünde täze durmuş guran jübüti garşylamak üçin üýşen aýallaryň gülküsini, sazy, hyna çekilen elleri ýatlaýar.

Toýda gelniň zerurlyklaryna ýardam berýän aýal (negafa) jübütleriň öýe gelenini buşlap, çatynjalary ýatylýan otaga alyp gitdi. Az salymdan, gelniň ejesi jübütleriň otagynyň gapysyny kakdy-da, otaga girdi. Soňra bolsa gana boýalan prostyny galgadyp çykdy. Öý täze gelniň ýaňyja ýitiren gyzlygynyň baýramçylygyna öwrüldi.

Ibtissamyň aýtmagyna görä, täze durmuşa çykanlaryň prostyna akan gyzlyk ganyny barlamak däbi Marokkonyň oba ýerlerine mahsus bolsa-da, Ibtissamyň dogduk şäheri Safide hem bu däbe eýerilýär. Gyzlyk perdesini barlamak sebitlerden we sosial synplardan üstün gelip, Marokko jemgyýetiniň ähli böleklerine berk ornaşypdyr. Bu däbe görä, köplenç saglyk hünärmenine fiziki barlag etdirip, gyzlyk perdesiniň bitindiginiň subutnamasyny - gyzlyk şahadatnamasyny alýarlar.

Kasablankadaky Hassan II uniwersitetiniň sosiology we gender alymy Soumaýa Guessous gyzlyk testiniň belli bir sosial-ykdysady gatlaga ýa sebite mahsus däldigini tassyklaýar. Şäherlerde çetleşdirilen toparlaryň ýaşaýan böleklerinde we obalarda gyzlyk barlamak däbiniň henizem saklanýanlygy zerarly, bütin ýurtda lukmanlar gyzlyk şahadatnamalaryny ýazyp berýärler. Kasablankada gyzlyk şahadatnamasyny berýän az sanly ginekologlaryň biri Imane Hatim (M.D) Marokkonyň iň uly şäherleriniň biri bolan Kasablankanyň ýaşaýjylarynyň arasyndaky dürlülige üns çekýär. Onuň aýtmagyna görä, şäheriň gurply böleklerindäki klinikalarda gyzlyk şahadatnamasy has seýrek, emma has konserwatiw we işçiler synpynyň ýaşaýan böleklerinde has ýygy soralýar.

Demirgazyk Afrika ýurtlary özlerini döwrebap jemgyýet hökmünde görkezmek isleseler-de, Marokkoda aýallaryň saglyk sowatlylygyndaky deňsizlik aýratyn göze ilýär. Gyzlyk testleri zenanlaryň ahlaklylygyna we sosial mertebesine baha bermek üçin edilýär. Emma, erkekler üçin beýle standart ýok: erkekler köplenç nikadan öň jynsy gatnaşyklarda bolsalar öwülýär, aýallar bolsa masgaralanýar.

2018-nji ýylyň oktýabrynda, BMG we BSGG Marokkony we başga-da birnäçe ýurdy gyzlyk testini bes etmäge çagyrdy. Testiň lukmançylyk taýdan gereksiz, agyryly, kemsidiji, şikeslendiriji we onuň adam hukuklarynyň bozulmasydygy aýdyldy. Marokko hökümetiniň metbugat wekili Mustafa El Halfi muňa jogap hökmünde, nikadan öňki gyzlyk testleriniň kanunda talap edilmeýändigini aýtdy. Emma, ol kanunyň talap etmeýänligine garamazdan, gyzlyk testleriniň Marokko jemgyýetiniň maşgala, jenaýat, hukuk meselelerinde henizem giňden ýaýrandygyny we gymmatlydygyny boýun almagy başarmady.

BMG-nyň we BSGG-nyň çagyryşyndan bir ýyl soň, Marokkodaky feministler we lukmanlar ösüşi çaltlandyrmak üçin jemgyýetçilik habardarlygy kampaniýalaryny alyp bardylar. 2018-nji ýylyň dekabrynda, Marokkoda MALI atly raýat boýun-egmezekler hereketiniň düýbüni tutujy Betty Laçgar gyzlyk testi babatda jemgyýetçilik özgertmelerine çagyrýan "Meniň jynshanam meniňki" atly beýannamany çap etdi.

"Biz gyzlyk testlerini edýän ginekologlary aýypladyk, sebäbi gyzlyk perdesiniň barlagy gynamanyň we zorlamanyň bir görnüşi" diýip, Laçgar belleýär. MALI kampaniýasyna jogap hökmünde, marokkoly lukmanlaryň bir topary hem gyzlyk testini ýazgaryp çykyş etdiler.

Muňa Laçgar buýsanç bilen şeýle jogap berdi: "Biz kiçijik ýeňiş gazandyk... ilkinji gezek ginekologlar bu barada dil ýardylar we mundan beýläk gyzlyk perdäniň barlagyny etmejekdikleri hakda beýannama ýazdylar."

Guessousyň aýtmagyna görä, gyzlyk testlerini bes etmäge çagyryşlara garamazdan, jemgyýetde we maşgalada gyzlara durmuşa çykýança gyzlygyny saklamaga edilýän basyşyň giňden ýaýrandygy zerarly, kanuny üýtgeşmeler juda haýal ornaşýar. Lukmanlar bolsa, köplenç gizlinlikde gyzlyk şahadatnamalaryny bermegi dowam edýärler. Gyzlyk perdäni barlamak üçin gyzy stoluň üstünde ýatyrmak, oňa aýaklaryny açmagy buýurmak, onuň jynshanasyna lukmanyň barmaklaryny salmagy... we gyzyň maşgala agzalarynyň muňa tomaşa etmegi – bu ýaş gyza garşy zorlukdyr.

Gyzlyk perdesiniň bitin bolmagyna garaşylmagy diňe bir diskriminasiýa we kemsitmeklik bolman, eýsem bu zenanlara garşy zorluk edilmegine getirip biler.

Hatda munuň ylym we lukmançylyk bilen hiç hili baglanyşygy bolmasa-da, "prostynda näçe köp gan bolsa, gyzyň maşgalasynyň abraýy şonça-da uly bolýar" diýip, Guessous aýdýar. Netijede, öýlenýän ýigitlere ilkinji gijede gelinleriniň gyzlygyny alyp bilmekleri üçin köplenç agressiw hereket etmek maslahat berilýär. Toý gijesinde şeýle gödek çemeleşilme sebäpli gelinler waginanyň ýyrtylmagy we beýleki şikesler bilen gyssagly hassahana getirilýär.

Imane Hatim (lukman) şular ýaly şikeslendiriji tejribeler bilen tanyş. Emma, ol ýagdaýa başgaça seretmegi maslahat berýär, ýagny, gyzlyk şahadatnamalarynyň gelinleri zyýandan gorap biljekdigini aýdýar. Hatim öňüni alyş çäresi hökmünde gyzlyk testini goldap, gyz durmuşa çykmazdan ozal onuň ilkinji jynsy gatnaşygynda ganyň akjakdygyny ýa akmajakdygyny öňünden aýtmagyň peýdaly boljakdygyna ynanýar. Hatim, toý gijesi gyzlyk gany akmadyk gelinleriň başdan geçirenlerini gürrüň berýär: "Ýoldaşlaryna gyzlyk şahadatnamalaryny görkezip bilmedik gelinler toýuň ertesi meniň ofisime ýenjilen we urlan ýagdaýda gelýärler." Hatim şahadatnama bermek bilen gyzlaryň şeýle güne düşmeginiň öňüni almak isleýänligini aýdýar.

Käbirleri gyzlyk şahadatnamasynyň kazyýet işinde ulanylýandygyny aýdýarlar. Bir aýal (adyny gizlin saklamak isleýär) nikany ýatyrmak üçin kazyýete ýüz tutanda şahadatnama görkezmeli bolýar. Kazy nikada jynsy gatnaşygyň bolup geçendigine ýa geçmändigine baglylykda aýrylyşmagyň şertlerini kesgitleýär. Gyzlyk şahadatnamasy şol kazyýet işinde aýalyň ýeňiş gazanmagyna we adamsy bilen aýrylyşmagyna kömek edýär.

Şol bir wagtyň özünde, zenanlara niýetlenen "Quandisha" onlaýn žurnalynyň esaslandyryjysy, marokkoly feminist we aktiwist Fedwa Misk şeýle belleýär: "täze öýlenen ýigitler gelniň gyzlyk şahadatnamasy bolmadyk ýagdaýynda, onuň päk gyz däldigini bahanalap, nikany ýatyrmak üçin bu kanuny düzgüni ulanyp bilerler. Marokkonyň Jenaýat kodeksine görä, päk gyzy zorlan jenaýatkärlere gyzlygy bolmadyklary zorlanlara seredeniňde has uzyn we agyr jeza berilýär. Bu zenanlaryň gymmatynyň olaryň aýaklarynyň arasynda ýerleşýän perdä baglanylýandygyny aňladýar. Mundan başga-da, zorlamak pida duýgudaşlyk bildirmek däl-de, onuň maşgalasynyň abraýyna garşy jenaýat hasaplanýar."

"Bu iýerarhiýanyň bardygyny görkezýär. Käbir zorlanan pidalar beýlekilere görä has erbet täsirlenýär... we eger gyzlygyň ýok bolsa, onda zorlansaň hem saňa ýitirjek zadyň ýok ýaly garalýar" diýip, Laçgar aýdýar.

Görnüşi ýaly, ýurtda ulgamyň özi bu ýagdaýyň gaýtalanyp durmasyna getirýär. Has takygy, Marokkonyň kanunynda namysa degme we nikany ýatyrma ýagdaýynda gyzlaryň ykbalyny kesgitlemek üçin gyzlyk testleriniň zerurlygy, bu däbiň medeniýetde we jemgyýetde saklanyp galmagyna sebäp bolýar. Munuň giň ýaýrawlylygy zerarly hukuk edaralary ony kazyýet işlerinde ygtybarly, aýgytly faktor hökmünde ulanmagy dowam edýärler. Netijede, gyzlyk barlagy aktuallygyny saklaýar.

Zenanlar, lukmanlar, hünärmenler kanun çykaryjylaryň we raýatlaryň medeniýetini üýtgetmegiň Marokkodaky özgertmeleri amala aşyrmagyň iň gowy usulydygy bilen berk ylalaşýarlar.

Rabatda ýaşaýan lukman we din ugrundan alym Asma Lamrabet (M.D), "feminist we reformist" çemeleşmesi arkaly Gurhany düşündirmek bilen gyzlyk perdesine bolan garaýyşlary üýtgetmegi umyt edinýär. Ol "gyzlyk düşünjesi dini düşünje däl... bu sosial we medeni düşünjedir" diýýär.

Şeýle-de bolsa, bu düşünjäniň Marokko jemgyýetiniň aňyndan eriş-argaç bolup geçýänligi zerarly, muny üýtgetmek kyn. Laçgaryň aýtmagyna görä "konstruktiw söhbetdeşligi öňe sürmek üçin has köp adam, şol sanda feministler hem diňlemäge taýyn bolmaly. Elbetde, biziň bilen ylalaşýan feministler bar, ýöne olaryň hemişe "emmasy bar (ikirjeňlenýän zatlary bar)": "... emma jemgyýet... emma medeniýet... emma din..."

"Aýallaryň saglygy boýunça bilim kampaniýalary hem zerurdyr. Çetleşdirilýän jemgyýetlerde gyzlyk şahadatnamasy käbir gelinleri buýsandyrýar. Ine, meseläniň özeni hem şunda. Şol gelinler gyzlyk şahadatnamasyny mesele hökmünde däl-de, resmilik ýaly görýärler" diýip, Misk belleýär.

Adamlar gyzlyk testlerine medeni nukdaýnazardan adalatsyzlyk däl-de, eýsem jemgyýetde adalat we däp-dessur hökmünde seredýärler. Souss-Massa regionyndan 16 ýaşly Farah "Bu gowy zat. Elbetde menem muny ederin" diýip, gyzlyk şahadatnamasyna "adaty" zat ýaly seredilýänligini tassyklaýar.

Emma, beýleki ýaş gyzlar şahadatnamadan ýüz öwrüp başladylar. Şol regiondan 19 ýaşly Latifa gyzlyk şahadatnamasyny alan doganoglanlaryny we maşgala dostlaryny tanaýandygyna garamazdan, hut özi bu şahadatnamany almajakdygyny düşündirip, "[Şahadatnamany alsam] Men özümi oglan üçin ýönekeýje bedenden başga zat däl ýaly duýaryn" diýdi.

23 ýaşly Housein hem munuň bilen razylaşyp, şeýle diýdi: "Gelejekde gelnim boljakdan şahadatnama almagyny haýyş etmerin. Esasy mesele jemgyýetimizde erkekleriň däl-de, diňe aýallaryň ýazgarylýanlygydyr."

Samidha Sane, Pensilwaniýa uniwersitetinde Huntsman programmasy boýunça Telekeçilik, halkara okuwlar we fransuz dili ugrundan ikinji ýyl talyp. Ol Pulitzer merkeziniň 2019-njy ýyl Kampus Konsorsiumy maksatnamasy boýunça saýlanan 43 halkara habarçynyň biri. Pulitzer Krizis Hasabaty Merkeziniň goldawy bilen Samidha tomusda 8 hepde Marokkonyň ýedi şäheriniň habar berilmeýän tejribeleri barada gözleg geçirdi.

Marokkonyň Kasablanka şäherinden erkin işleýän (freelance) terjimeçi we transkripçi Asmaa Reznara logistika we terjime işlerine kömek etdi. Onuň ENCG-Settat mekdebinden Biznes we marketing boýunça magistr derejesi bar. Ol Çikagodaky "Gateway Journalism Review" we Zenanlaryň Global Bilim Taslamasynda işledi.

Çeşme

Çesme saglyk.org
2 лайков 472 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
Автор 16 янв 2022, 18:50
Bu zady butin dunya yazgaryp baslady gelin bizem seydeli.
BMG BSGG. Guramalar inkar edyaler su zady gerek dal diyyaler
Kalp doctory
16 янв 2022, 18:52
okamana yaltandym like
Biohimik
Автор 16 янв 2022, 18:52
kalp doctory,
Hey yalta oka
Kalp doctory
16 янв 2022, 18:56
yiolay nan iyip bolomsan okajak okayancam ajygyp gityanbiohimik.,
Biohimik
Автор 16 янв 2022, 18:57
Gyzym sana aytyan gelnim sen duşun etmeli bizem su makaladan
Şamuhammet
17 янв 2022, 06:58
Şu wagt ýöne gizlinlikde käbir türkmen oglanlary öz aljagyny zenan ginekolog lukmanlaryna görkezdirip barlag etdirýärler. Ýöne muny uly baýram edip, köpüň öňünde ganly prostinli beýdip çykmagy oňlamaýaryn menem.
Bu barlag testler barlagyny goý bolsun etseňem gyzlar ogryn-dogryn her hili başy bozuk oglanlaryň aldawyna düşüp bilerler. Gyzlyk perdesi ýok bolsa-da, özüňiz bilýäňiz...

Ýa öýlenen oglan öz ýanyndan öýlenen gyzynyň gyz däldigini içinde ahmyr edip saklaýar ýa-da aýrylyşýar...

Ýewropaly, Amerikaly zaňňarlardan mesi ýoklaý ýöne. Dünýäniň keýpi-hözirini şolar görýär... ????
Biohimik
Автор 17 янв 2022, 12:51
Jeksparro,
Hakyky seydip yasamalylay
Źiznodna kayfuuuyyyyy
Şamuhammet
17 янв 2022, 18:00
Цитата: biohimik.
Jeksparro,
Hakyky seydip yasamalylay
Źiznodna kayfuuuyyyyy

Seňem ýüzüňe köz degsin zaňňar, özüň-ä şo seksopotologiçeskiý temalara degişli makalalary gaty köp ýazýaň welin ýewropaly boljak bolýaň öýdýäň!

???