GÜN BIZE GEŇEŞMÄN DOGÝAR.

1.
Uzynly gün o köçeden o köçä selpäp, Bäherdeniñ bir ýerinde dükan bolsa aýlanyp çykypdym. Näme gözlänim-ä ýadyma düşenok welin, tapmandygym-a gowy bilýän. Üstesine tas maşyndanam galypdym...
Ýolagçy awtobusyna-da iliň soňundan münen özüň bolma! Yzky gapydan girseň, ýene ýagşy. Birinjiden-ä, bu öňden gelýän kada, ikinjiden bolsa, hiç kimiň seň bilen işi ýok, üçünjidenem, islän ornuňda arkaýyn baryp, oturyp bilýäň. Eger boş bolsa...
Haýdap gelşime öňdäki gapydan atylyp girdim welin, meň bolşumy geňlediler öýdýän, hemme kişiň gözi mende. Ýalt-ýult etdim-de, gabadymda aýnaň öňünde oturan bir gyzyň gapdalynda çökäýdim.
Oturan ornumda oňatja ornaşyp, çep gapdalyma gözümiň gytagyny çalarak aýladym. Onuň aýna seredip, şol oturyşy.
Göwrämi çalaja göterip, ýamaşgan oturdym. Parhyna-da däl. Ardynjyran bolup gördüm. Barmysyňam diýenok.
Zyýany ýok.
Boýny gaýyş sumkaly gelin deňimize gelenden, gyz ysgynsyzja dillendi:
-- Börmä çenli näçe tälemeli?
Koňduktora agzyny açmaga-da maý bermedim:
-- Togsan köpük!
Soňundanam içimden "Tüýs geçiň öň aýagy diýleni-dä" diýip, öz-özüme käýindim.
Meniňem şol oba bilet alýanymy eşidip, ol ýüzüme bir seretdi. Tas salam beripdim.
Ýol boýy dymyp barýar. Menem bewrümi diňläp otyryn. Näler habar gatasym gelýär welin, ýedi ýoluň ortasynda düşüp galmaly edäýermikä öýdübem gorkýan. Birden özi dillendýdi:
-- Bagyşlaň, siz börmelimi?
-- Hawa, börmeli — diýip, jogap gaýtardym-da, pikire çümdüm: "Be, bagyşlap-bagyşlamaz ýaly näme bar-aýt bu ýerde? Aý, hawa-da, näme biz bir oba oglany-da..."
Içimi bolsa it ýyrtyp barýar. "Kimiň garyndaşyka? Obamyzda kimlere barýarka? Soraýsammykam? Birden "Size barýan" diýäýse... Diýäýmez, arkaýyn bol. Öýüňiziň öňküje gelim-gidimine ýüz-müň şükur et-de, sümügiňi dagyňy bir süpür, han ogul..."
Aý, gel, soraýyn-la! Iýäýesi ýog-a. Ýaman etse "Ne işiň" diýer-dä...
-- Onsoň, nememi, bi barýan obaňyzda garyndaşyňyz dagyňyz bamy, ýa bir işjagaz bilenmi?
Aýnadan gözüni aýryp, bärligine öwrülen mahaly birhili ýaýylyp giden gaşlaryna gözüm düşdi. "Häzir başlar-ow"... Ýöne ol bolsa-da geçirimli adam eken, oba oglany bilen deň bolup durmady.
-- Garyndaşymyz-a ýok, ýöne praktika geçmäge barýan.
-- Haýsy sapakdan okatmaly? -- diýip , ätiýaç bilen gyzyklandym.
-- Ýok-la, men medinstituty gutardym. Indem siziň obasyzda bir-iki ýyl işlemeli.
-- Dogtor-da! -- diýip, gelen netijämi oklap goýberdim.
-- Şeýleräk ýaly... Ýogsa-da siz kolhozda näme iş edýäňiz?
"Agronom diýäýsemmikäm? Ynanasy ýok-la! Mugallym diýäýsem näderkä? Bolsa-da, ýigit, işdäň-ä bar-ow! Direktor bolasyň gelenokmy? Onda, näme, at gazanan mehanizator diýäýjek?.. Näme, oň yzynda durma gerek dälmi? Ahyry bir gün üst-ä açylar. Ondan ýöne göniňden geläý-dä..."
-- Gülmeseň aýdaýyn.
-- Wiý, siz-ä oňaraýdyňyz! Hiý, işiňem bir gülkünni bolýanmydyr?
"Bolýandyr, gaty bolýandyr, sypaýyçylyk eden bolýa" Okuwy ýetenmikä diýýän. Näme şunça ýyl şäherde okap, diňe doktorçylygy öwrenendir öýdýäňmi? Şäher durmuşy adamy hertaraplaýyn bişirip, tälim berip, ýaşaýyş älemine uçurym edip goýberýär... Aý, näme-de bolsa, adyny bir bilip galaýyn, aýtsa-ha, bizem gönimizden geleris, ýogsa-da ýaňy ýigrimi ýaşapdyrys, özümize lak atanam gyt bolasy ýok"...
-- Sen adyňy bir aýt maňa!
-- Adym Güljahan.
-- Güljahan diýsene... Ol-a gowy zat welin... Men-ä kolhozda belli bir işem edemok.
-- Wiý, siziň, näme, hünäriňiz ýokmudy?
-- Wah, gepem şonda-da! Hünär näme işlesin, zat näme işlesin. Ýöne... -- Uniwersalyň nämedigine-hä beletsiň-le?
-- Hawa, bilýän.
-- Bilseň, men şo-da! Gara işiň uniwersaly. Oragam oruberýän, jaýam salyberýän. Pagtany dagyny ekýänem, ýygýanam...
-- Orta bilimiňiz ýokmudy?
-- Bar. Bolanda näme? Üç ýyl dagy boldy alanyma. Ýöne, menem häzir kolhozda praktika geçýän. Okuwa-da indiki ýyl dagy synanjak öz-ä...
-- Ýogsa-da, siz näme öz adyňyzy aýdaňzok?
-- Şalar. Şalar meniň adym.
-- O-o! Nähili oňat adyňyz bar eken...
Şeýdip, kä dymyşyp, kä gürleşen bolup, ümzügimizi günbatara atyp, gidip otyrys...

2

Ine-de gezüňe söweýin, seleňläp oturan obam! Daş-töweregi çaga-çugadan doly duralga. Kölegesine ýaşuly baryny ýygnap, penjiredenem usullyk bilen syn edip duran dükan. Göz, çar tarapyň göz!..
"Salam, dogduk mekan! Salam, meniň bilesigelijilikden ýaňa eräp barýan obam! Hawa, men edil şu mahal kosmosdan geldim. Seredeweri, synlaweri! Ine, men raketadan düşýän. Gapdalymdakam Zöhre ýyldyzy. Ýere boş barmaýyn diýip, gaýdyşyn alyp gaýdyberdim. Neneň görýäňiz, bolupmy?"
Bir elimde Güljahanyň çemedany, beýleki elimde-de... ýeňsäm. Adam pahyr ýaýdansa, aljyrasa ýeňsesini gaşar eken. Indi gyzy nirä äkitjegimi bilmän masgara bolup durun. Ýene özi dadyma ýetäýdi:
-- Prawleniýäň jaýy haýsy, Şalar?
-- Ana, ho depesi baýdakly jaý. Keselhana-da şoň aňry ýüzündedir. Edara garşy ugranymyzdan häliden bäri gijäp duran bir dil dükanyň kölegesinden bärligine süýndi!
-- Öýüniz o tarapda, how, ýigit!
"Çemedany goýup, iliň öýä beýlede dursun, seni öz öýüňem tapmaz ýaly edäýse bor welin, wagtynda sakal gonberäýipsiň, ýaşuly!" diýip, içimi gepletdim-de, daşymdanam:
-- Taňry ýalkasyn, Baýmyrat aga! -- diýen bolaýdym.
Assyrynlyk bilen Güljahanyň ýüzüne bakamda, ýaşulyň gepinemi, meniň jogabymamy, garaz, onuň çalaja ýylgyrýanyna gözüm kaklyşdy...
Hamana başlygyň kyrk birinji ýylda ýitiren garyndaşyny tapyp gelen ýaly, gapyny çemedan bilen açyp, işikden ätledim. Kabinetde başlykdan başga-da, kolhozyň bir-iki sany suwçusy oturan eken. Özara maslahat bolara çemeli.
-- Baýram aga, salawmaleýkim! Ynha, men-ä obamyza bir doktor alyp geläýendirin... Giriber, Güljahan, giriber!.. -- diýip, suwçulaň ýüzüne bir göz aýladym. "Bä! Böwedini agdaran bolsamam beýle gözüni alartmazdylar".
-- Çekinme, gyzym, geçiber bärik! -- diýip, başlyk Güljahana tarap ugrady. Elleşip görüşdi.
-- Hany, stoluň başyna geç-de, otur birmeýdan, ýol ýadadandyr... Onda, şeýle, ýigitler! -- Başlyk suwçulara ýüzlendi. -- Siz häzir baryň-da, turbajyklary keşlere ýaýradyberiň, menem aňyrsy ýarym sagatdan meýdana aýlanyp gaýtjak. Galan meseläni şo ýerde çözäýeris...
Gezek maňa ýetdi.
-- Hawa, ýigit, sen, näme, ýol öwrenýäňmi? Soňky wagtlar iş bilen kän seriň ýok ýaly-la! Salyp başlan hammamyňyzy gutarma niýetiňiz barmy ýa-da her sapar suwa düşmek üçin Bama ýa Bäherdene gatnajak ýörjekmi?
-- Ýak, walla, Baýram aga, bizem bir zerur işimiz bolmasa, söw-söw syryp ýöremzog-a... Saglyk bolsa, aňry gitse bir hepdeden hammamyňam turbasyndan tüsse çykar.
-- Näderis, gyzym, ynanarysmy bu ýigide ýa ýene bir azajyk gyssarysmy? -- diýip, başlyk degişme äheňde Güljahandan sorady.
-- Ynanaýalyň, Baýram aga -- diýip, bir ýylgyrdy welin, tas ylgap baryp gujaklapdym. Elbetde, başlygy...
Ara düşen azajyk dymyşlykdan soň, başlyk gelen netijesi bilen bizi tanyş etdi:
-- Onda şeýle, gyzym, meniň-ä bir azajyk gyssagly işim bar, brigadalara aýlanyp gaýtmaly. Senem häzirlikçe, keselhanaň jaýyna bir bar, çemedanyňy Şalar göterişer, näme-de bolsa öwrenişen ýüküdir... -- Başlyk gözlerini güldürip, maňa tarap seredenden, menem hamana: "Tapdyň bu taýda utandyrjak adamyňy!" diýýän ýaly, göni gözüne seredip, "ýyrş" etdim. Baýram aga derrew ardynjyramak bilen boluberdi: "Hawa, şo ýerde-de obamyzyň baş wraçy bardyr -- Nazar Lukman diýýändirler, şu kagyzjygy şoňa eltip berseň häzirlikçe özi ýerleşdir...
Güljahanyň keşdelije sumkasynda gaýyp bolan kagyzda näme ýazylanyny biljek bolup, ýolda uly gaýga batdymam welin, näme, özüme degişli ýeri bolmansoň, sesimi çykarmadym...
11 лайков 690 просмотров
84комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 14 май 2022, 17:09
Salam gadyrly okyjylar! Şu powest. Awtory: Şiraly NURMYRADOW.

Öň şu saýtda goýulan bolsa ýa-da internet sahypalarynda bar bolsa maňa duýduryň. Men yzyny paýlaşmakçy däl. Şol bir eser gaýtadan paýlaşylmasyn diýýän-dä.
Soho
14 май 2022, 17:26
Mumkin bolsa paylash, men:a okap gormandim, bashga-da bardyr okamadyklar...
Nazar
14 май 2022, 17:33
Doganjygym bamyn sen
Nazar
14 май 2022, 17:39
Goyay hezil edip okardym
Hiayress
14 май 2022, 17:47
Öň goýulan ýeri ýokdur jora, hökman paýlaş. Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. :)
Hiayress
14 май 2022, 17:49
Birem delje materiallar eliňe düşene meňzeýär?! Harp ýalňyşlyklaram köpüräk eken welin, özüň ýazga geçiripsiň öýdýän.))
Mümkin
14 май 2022, 18:09
Goý,goý.
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:11
Soho,
Bolýar.
FanB,
Bar men. Hökman.
Hiayress,
Bolýar. Bu eseriň elime gowuşanyna 1 ýyl 12 gün 4 sagat boldy. Men ýazsam harp ýalňyşlaryna dykgat etjegime ynanyp bilersiňiz.
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:11
3

Nazar Lukman kakamyň köne dostudy. Dost hem-de dostluk diýen düşünjeleriň nämedigine akyl ýetirip ugranymdan bäri bu ikisiniň arasyndaky gatnaşyga hem buýsanýardym, hem guwanýardym. Has dogrusy, gözüm gidýärdi. Irde-giçde şeýle wepaly şeýle içgin ýekeje bir dostum bolsady diýip arzuw ederdim.
Bular biri-biriniň şatlygyny deň paýlaşyp, hasratynam deň çekişýän dostlardy...
Seniň gadam goýan durmuş ýoluňa mahmal düşek düşelgi däl. Ol ýoluň gyrasyna güllerem ekilgi däl. Mahmaly özüň düşemeli. Güli özüň ekmeli. Adyňy, abraýyňy penasynda saklap oturan alkyş agajam öz-özünden bitenok. Alkyş agajy diňe wepalylygy: Watana hem-de Watan öňündäki borjuňa, iliňe hem-de iliňe bolan söýgiňe, işiňe, maşgalaňa, dostuña, umuman, wyždanyňa wepalylygy talap edýär.
Ýöne käte küren obanyň alkyşyna mynasyp bolan Nazar Lukmanyň hem ahmyr bilen hyrçyny dişläp, keçäniň gülüni dyrmap oturanyna gözüm düşende özümiň ýumruk ýaly göwräme bu giň jahanda ýer tapmazdym...
Goraýanyň ynsan ömri bolsa, iş salyşýanyň adam synasy bolsa, aladaň adamlaryň saglygy bolsa, garaz, göterýäniň ömür garamaty bolsa, elbetde, kynçylygam bolýar, şowsuzlygam. Kynçylykdan üstün çykmaly. Şowsuzlykdan sapak almaly.
Ýöne, nädip? Nähili ýol bilen? Neneňsi usul bilen? Keseliň öňüni alyp, ajaldan üstün çykmak -- taýa baş öwretmek däl. Uýanlap, agyzdyryklap, bir sapar ýere gaçanyňy aňyňda aýlap, üstüň gumuny kakyşdyryp, ýene atlandyň. Bu sapar däli taý boýun egdi...
Ýok, gardaş, bu kärde şowsuzlygyň berýän sapagy juda gymmat düşýär! Her şowsuzlygyň bahasy -- bir ömür. Keseki ömür...
Kynçylyk nädip şowsuzlyga öwrüldi? Bu ýalňyşlykmy ýa-da gutulgysyzlykmy? Ýa-da... kynçylykdan ejiz gelen wraçyň günäsimi?
Şol ýere bakyp, dymyp oturan Lukmanyñ şu sowallara jogap gözlänine soň-soñlar düşünip galdym...
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:12
4

Öňem biri: "Wraçyň Hudaýa ynanmagy hökmanam däl, hassa oňa iki adamlyk ynanýar" diýipdir. Nazar Lukman muňa gaty gowy düşünýärdi.
Ol wagty gije bilen gündize, aralygy uzak bilen golaýa bölmezdi.
Bu göze ilmeýän gara güýç bilen başa-baş söweşlerde ol köplenç ýeňiji bolup çykardy. Şeýle halatlarda onuň der syrygyp duran nurana ýüzünde argynlygyň ýa-da ukusyzlygyň alamatyndan nam-nyşanam ýokdy. Bir adam ömürlik ukudan halas edilensoň, üç-dört gijäň ukusy-dagy näme!
Nazar Lukman kä halatlarda bilimi ýa-da tejribesi azlyk eden mahaly näsagy tizräk raýon keselhanasyna ibermek bilen bolýardy. Näsagyň aýak üstüne galmagy üçin öz güýjüniň ýeterlikdigine gözi ýeten wagty welin, hyjuw, zehin, yhlas, ynam -- bary birigip, hassanyň eýýäm dirilik alamatlaryndan mahrum bolup ugran ýüzüne umyt güneşiniň altyn şöhlesi bolup çaýylýardy.
Hawa, bu başa-baş, aldym-berdimli söweşleri köpüsinde ol ýeňiji bolup çykýardy...
"Şatlygyň ýary dostuňky, hasratyň bary dostuňky". Ýagty ýalança täzeden inen adamyň minnetdarlyk duýgusyndan ganat beklän Lukman keselhanadan uçup gaýdyşyna, gelip, göni kakamyň gaşynda gonardy. Onsoň tä ýene bir ýere çagyrylýança ýa-da küşdüň pyýadalary ýadap, atlary daljygyp, pilleri biri-birini depeläp, ruhlarynyň ruhy öçüp, perzileri jeň meýgdanyny taşlap, şalary leşgersiz galynça gidişip oturandyrlar. Biri-birine çyna berimsiz haýbatlaram bardyr, Nazar aga bir ebtini agdyryp, irkilip duran pyýadany idekledip goýberer-de:
-- Mirap, ine, şuňa-ha pyýada diýilýä, eliňi degribilseň! -- diýer. Kakam naskädisini hum çäýnegiñ böwrüne "tyrk-tyrk" eder-de:
-- El degirmän dagy onuň edil dädesini ýakarys -- diýip, başga bir göçüm eder.
-- Edil wawwasy bar ýalydyr, alybilmersiň! -- Nazar aga ýaňky pyýadany ýene bir öý süýşürer.
-- Wawwasy bolsa bolubersin, dogtor bolmasagam, ony gaty basym bejäris... -- Kakam o pyýada ýene Degmez. Bir görse ýaňky pyýada eýýäm perzi çykyp barýandyr. Onsoň bar güýjüni jemläp, hüjümi şol ugra gönükdir. Şo barmana-da:
-- Seň şujagaz pyýadaň perzi çyksa, meň hojagaz pyýadam ministrem bor — diýip, meň oturan tarapyma baş atyp goýbär.
-- Ministr bolsa bolubermeli-dä, ine, çykdy şüý-ä perzä! Hany, mirap, küştden bir öwüs bakaly!..
... Şeýdip, şo pyýada näçe sapar perzä çykar, meniñ bolsa şol oturyşymdyr. Ykbalyň gel-gel bir küşdüň pyýadasyna bagly bolsa, kyn boljak eken!..
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:13
5

Betbagtlyk gelende aňyrdan ardynjyrap gelenok. Gapyñam kakanok. Işigiňden sessiz-üýnsüz ätläp, penjiräňden uly yzlaşyk bilen çykyp gidýär.
Ine, ol ýene bir sapar gelip-gitdi. Sen eliňden gelenini etdiň, Lukman, bolmady. Ençeme gezek täzelenen kislorod ýassygam, yzyny üzmän goýberilen goşmaça ganam, iň soňunda mejbury ýagdaýdaýda geçirilen operasiýa-da netije bermedi.
Ine, sen teninden gyzgyny gidip ugran göwräň başujunda dursuň. Gözüňi ýakyp gelýän şor damjalar der bilen garyşyp, syrygyp gaýdýar. Koridorda bolsa...
Bir naçar, dört sany gözmonjugy ýaly çaga seniñ ýylgyryp çykaryňa garaşyp, işikden gözüni aýyrman dur...
Otagyň gapysyny açyp, koridora çykyşyň, ýüzüňi ýerden götermän, agras ýöräp gelşiň, gapdallaryna geleňde ädimiňi ýygjamladyşyň, kabinetiñe girip, işigiňi ýapyşyň... bar zady aýyl-saýyl edýär...
"Şatlygyň ýary dostuňky, hesretiň bary dostuňky". Ozalam gurşun ýaly beýnä agram salyp barýan Çingiz hanyň leşgerleri deý pikirleriň yzygiderli hüjümini azda-kände serpikdirmek üçin ýüzüni galdyrman içki tama-geçip giden Lukman özüniň göwresini kakamyň garşysyndaky ýassyga goýberýär...
Hiayress
14 май 2022, 18:23
Aýratyn tema edip açsana.
Hiayress
14 май 2022, 18:23
Aýtmaýaňaý ?
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:24
Hiayress,
Her bölümini aýratyn aç diýýäňmi?
Maksat
14 май 2022, 18:24
Salam @Nirwana jigim dowamyna garaşýas, gyzykly powest eken.
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:25
Hiayress,

Soramadyň.)

Dünýä haçan namart boldy kimiňki?
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:29
Bayker,
Agam siziň şu Salam berşiňizi şeýle gowy görýän. Her gezek gözden sypdyraňzok. Beýleki okyjylara bile ýatyp turan ýaly Salam berseňem Salamyňy alanoklar. :) (Ulurak ýaşuly Salam bermedigimizde näme bile ýatyp turduňmy diýipdi kiçi wagtymyz) Gowumy ýagdaýlaryňyz?
Yzam gyzykly, göwnüňize ýarar diýip umyt edýän. Şiraly aga ýazar-da ýaramazmy diýsene…
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:30
@Ogulşirin_Baýramowa, Salam jigim, gowumy?!
Meň poçtam näsag. Ony näme üçin gyzyklandyň? ;)
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:32
Nirvana,
Poçtam diýipdirin. Görýän welin, menem näsag.
Şahsy hatym diýjekdim.
Hiayress
14 май 2022, 18:34
Nirvana,
Nobatguly Rejebow
Telwas
Автор 14 май 2022, 18:34
Hiayress,
Jora 39 bölüm. Her 3 bölümini aýratyn tema edip açjak bolsam, bu güne dynmaz. Men “dowamy bar…” diýilip ýazylýan mowzuklary halamok. :(
Hiayress
14 май 2022, 18:37
Nirvana,
Soraryma garaşyp ýörmeli dälde, duýdansyz sowgat edip, begendirip goýbermelidä. :) @Nirvana hanym maňa Şiraly Nurmyradow, Oraz Ýagmyr we Tirkiş Jumageldiýewa degişli nämäň bar bolsa ugradaýda. (Soň ýene soramadyň diýmesin) :)
Hiayress
14 май 2022, 18:39
Nirvana,
Bolýa, goý onda yzyny okaly.))
Ahmet
14 май 2022, 18:41
Salam Nirvana, gowumy ýagdaýyň? Bamyň özi?
Ahmet
14 май 2022, 18:49
Nirvana,
Dogrusy, soragy ýalňyşrak berdim öýdýän, aslynda senä bar welin, men işim bilen gaty başagaý şu günler. Saýta gatnaşygym gaty peseldi. Diňe özümdäki bar bolanjalary «Peýdalanjaklar bar bolsa» diýen maksady bilen şu ýere copy+paste edip gidýän. Dogrusy, şolaram okamok.
senagul
14 май 2022, 19:01
Salam Nirwana goyuber, menä okap görmedim :) Nirwana sen bilen habarlashyp bolyamy?!
Maksat
14 май 2022, 19:20
Nirvana,
Oňat menem bir tap bar. Men şu ýere goýlan her mowzugy okaýan, şular ýaly powest, hekaýa bolsa hasam gyzykly. Güýmenjäm telewizor bilen telefonda garaz.
Pegas
14 май 2022, 19:29
Gyzykly eser. Doly ýetirgin. Binesip galmasynlar)
Intizar
14 май 2022, 19:43
Seniň gadam goýan durmuş ýoluňa mahmal düşek düşelgi däl. Ol ýoluň gyrasyna güllerem ekilgi däl. Mahmaly özüň düşemeli. Güli özüň ekmeli. Adyňy, abraýyňy penasynda saklap oturan alkyş agajam öz-özünden bitenok. Alkyş agajy diňe wepalylygy: Watana hem-de Watan öňündäki borjuňa, iliňe hem-de iliňe bolan söýgiňe, işiňe, maşgalaňa, dostuña, umuman, wyždanyňa wepalylygy talap edýär.

Dogry????
Telwas
Автор 14 май 2022, 20:32
Mümkin
Goý,goý.

Bolýar. Gowumy maňa duýguçyl diýýän, özi duýguçyl gyz?! :)