Telekeçilige nädip başlamaly?
Adamzadyň irki döwürlerden bäri özüne berýän sowallarynyň biri hem “näme iş etmeli?” diýen sorag bolsa gerek. Aslynda munuň jogaby kyn ýaly bolup görünse-de, ilki bilen bir işi “näme üçin” etjekdigimiz barada jogap tapsak, nämeden başlamalydygyny hem aňsatlyk bilen kesgitläp bileris. Sebäbi bir işi “näme üçin” etjekdigimizi kesgitlemek, köp sowallaryň jogabyny berýär, meselem, diýeli gazanjyňyzy artdyrmak isleýärsiňiz, sorag “näme üçin?”, täze ulag satyn almak üçinmi, ýa-da ýaşaýyş şertleriňizi ýokarlandyrmakmy, belki-de, dünýä ýüzüne syýahat edip ýaşamak üçin. Ýaňky soragyň jogabyny tapsaňyz, öz işiňe nädip başlajakdygyňyzy hem kesgitläp bilersiňiz. Öňümizde hökman maksat goýmaly hem-de öz işiňe başlamaly, ol ulaldygyça has düýpli we has göwrümli işlemäge taýýar bolmaly.
Seljerme
Bir işe başlamazdan ozal, ilkinji nobatda eliňizdäki gymmatlyklary we mümkinçilikleri seljermeli. Mysal üçin, belli bir hünärden gowy baş çykarýansyňyz – şol hünäriň üsti bilen girdeji çeşmäni ýola goýmaklygy pikirlenip bolar, belki önümçilik maksatly ulanyp boljak boş ýeriňiz bardyr – şol ýerde näme önümçilik edip boljakdygy barada seljerme geçirip bolar. Umuman bar bolan mümkinçiliklerimizden ugur alyp näme iş etjekdigimizi kesgitlemeli.
Netije
Öz işiňi açmagyň giňden ýaýran usuly, bu bazardaky islegden we teklipden ugur almak. Munuň üçin belli bir wagt bazary öwrenmeli bolýar. Haýsy harydy başga satyjylara garanda müşderilere has oňaýly şertlerde hödürläp biljekdigiňize anyk göz ýetirmeli. Şu ýerde, harydyň bahasynyň başgalara garanda hökmany suratda arzan bolmagynyň zerur däldigini belläp geçeliň. Müşderiler bilen özara ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýup bilýän bolsaňyz, baha barada känbir alada etmeseňiz hem bolar.
Tejribe
Tejribä salgylansak, öz işiňe başlamagyň effektiw usuly öz söýýän ýa-da lezzet aljak işiňden başlamak hasaplanýar. Ýagny, geň bolup görünse-de, hakyky üstünlige ýetmek üçin diňe pul gazanmak barada pikir etmeli däl-de, haýsy işiň sizde hyjuw oýandyrýandygyna ýa-da haýsy işi amala aşyrmakdan lezzet alýandygyňyza seretmeli. Şunuň ýaly bolan halatynda ýadaman işlärsiňiz hem-de özüňizi has bagtly duýarsyňyz, aslynda öz işine başlaýanlaryň hem isleýäni şol dälmi näme?

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.